Ýüpek süýümleriñ kesgitleniş usullary.

Hakyky tebigy ýüpegi emeli ýüpekden tapawutlandyrmak gaty kyn diýen pikir giñ ýaýrandyr. Hakykatdan, ýüpegiñ hakyky (tebigy) ýa-da hakyky däldigini bilmek üçin ýönekeý spiçka ýa-da zažigalkaýeterlidir. Çig malyñ düzümi gyzyklandyrýan matasyndan bir-näçe sapagy soguryp almaly we seresaplyk bilen olary ýakyp görmeli. Şol pursat olary ysgamaly ýakylan ýüpegiñ ýanan ýüñe ýa-da dyrnaga meñzeş ysy bar. Ýüpege tapawutlylykda ýananda wiskoza ýakylan kagyzyñ ysyny çykarýar, poliester (poliefir) bolsa diñe ereýär. Ýanan ýüpegiñ külini edil kömüri ýaly elde mynjyradyp ýazmak bolýar. Islendik mata satýan dükanynda şular ýaly barlagy geçirmäge mümkinçilik berilýär.

Ýabany ýüpek köplenç tussah ady bilen satylýar. Antheraea mulitt görnüşli ýüpek gurçugy,tut agajyň ýerine dub agaçda ýaşaýar. Ýabany ýüpek dub agaçda ösýän ýabany ýüpek gurçugyñ pilesinden daralyp aýyrylýar. Şonuñ üçin ol ýüñe ýa-da zygyra has meñzeýär. Dub agaçlaryň ýapraklaryndan ýabany ýüpek gurçugy düzgünsiz we gödek süýümi çykarýar. Bu süýümi agartmak we boýamak agyr. Dubuň ýapragynda tanin maddasy bolan üçin ýabany ýüpegiň goňurrak reňki bar. Ony köplenç şol durşuna tebigy reňkli sapak görnüşinde ulanýarlar, örän seýrek ýagdaýlarda boýaýarlar. Standart ýabany ýüpek sapagy 8 sany pileden edýäler, onuň inçeligi ortaça 32/34 denýe bolýar. Ýabany ýüpek adaty ýüpekden az öwüşgenli, sebäbi onuň ýelimi aýyrylýar. Ýabany ýüpekden edilen matalar has çydamly bolýar, gowy ýuwulýar, olaryňbahasy bolsa boýalan arassa ýüpek mataňkydan has arzan. Ýabany ýüpekden edilen matalaryñ arasynda raja, şantuk, tussah we pongee görnüşleri meşgur.

Barlag soraglary:

1. Tebigy ýüpek süýümleri kesgitlemegiñ haýsy usuly bar?

2. Ýüpegiñ ýabany görnüşiniñ haýsy aýratynlyklary bar?

Используются технологии uCoz