Tow arkaly berklik bermek

1. Önüme berklik bermek.

2. Tow we berklik.

3. Tow berlende ýüplügiň uzynlygynyň we ininiň üỳtgemesi.

4. Towuň aňlatmasy.

 

1. Önüme berklik bermek.

Aỳry süỳümlerden durỳan ỳüplügiň berkligini üpjün etmek üçin her bir süỳümiň berkligi başga süỳüme geçer ỳaly etmeli. Onuň iki sany ỳoly bar: ỳelimlemek we tow bermek.

Süỳümiň öz berkliginiñ doly ulanmagyny üpjün etmek üçin diňe ỳelimleỳji maddalary ulanmaly bolỳar. Bu usul meselem Twilo-Prosesinde ulanylỳar. Ỳelimlemek üçin ỳelimi ỳa-da ỳapyşdyryjy süỳümleri ulanmaly. Bu usuly diňe bazaryň kiçijik bir bölegi üçin niỳetlenen ỳüplükler öndürilende ulanylyp biler. Şonuň üçin süỳümlere tow bermek şu wagt hem geljekde berklik bermegiň esasy usuly bolup galar.

1-nji surat. Ỳüplüge tow arkaly berklik bermek.   

 

Süỳümler towlananda süỳnỳärler we ỳüplügiň içine basyş edỳärler. Basyş ỳokarlananda süỳümleriň arasyndaky sürtülme güỳçleri köpeler, netijede süỳümler ỳüplügiň içinde biri-birine talaba laỳyk berk birleşdiriler.

Emma önümiň içindäki süỳümler ỳelimlenip ỳapyşdyrylmasa, her aỳry süỳümiň berkligi doly ulanylmaz. Ỳüplügiň içinde tow arkaly birleşdirilen süỳümleriň diňe 30-70 % berkligi peỳdalanylỳar.

Towuň ugry çepe we saga edilip bilỳär. Towuň ugry Z ỳa-da S harpy bilen bellenilỳär. Gysga ştapel egirmede köplenç Z towy ulanylỳar.

 

 

2-nji surat. Towuň ugry.

               

2. Tow we berklik.

Aỳry we kesgitli uzynlykly süỳümleri towlamak arkaly alynan sapagyň berkligi towuň ulalmasy bilen bilelikde ulalỳar. Towlaryň sany bilen ỳüplügiň berkliginiň arasyndaky aragatnaşyk aşakdaky  -nji  suratda görkezilen.

Suratdan görnüşi ỳaly egri çyzygyň aşakky böleginde berklik diňe typma sürtülme bilen saklanỳar, ỳagny bu ỳerde sapak süỳündirilende süỳümler typyp açylarlar. Ỳapyşdyrma sürtülmesi egri çyzygyň ỳokardaky böleklerinde ỳüze çykỳar. Bu ỳerde süỳünme we basyş has ỳokary bolỳar. Şeỳlelikde has az sanly süỳüm biri-biriniň üstünden typỳarlar, has köp süỳüm üzülỳär. Bu ỳagdaỳ belli derejä çenli dowam edỳär. Şol derejä ỳeten ỳagdaỳynda her aỳry süỳümiň berkligi amatly şekilde ulanylỳar. Bu ỳerde bolýan towa kritiki tow diýilýär. Kritik tow  derejesinden geçenden soň, berklik pese düşüp başlaỳar. Çyzgydan görnüşi ỳaly şol ỳokary dereje (C) ỳagny kritiki tow ulanylýan çig mala baglydyr.

 

               

 

  3-nji surat. Towlaryň sany bilen ỳüplügiň berkliginiň aragatnaşygy.

F – berklik, T/m - ỳüplügiň 1 metrinde towlaryň sany, Co pagta üçin, Pespoliester.

 

Adatça ỳüplüklere kritiki towdan azrak mukdarda tow berilỳär            (A – örme trikotaž ỳüplügi üçin, B – eriş ỳüplügi üçin). Diňe krep ỳaly ỳörite ỳüplüklere kritiki towdan has uly mukdarda tow (D) berilỳär.

ỳokary berklik berỳän towuñ derejesinden pes towy saỳlajak bolmaly, sebäbi olar ỳaly ỳokary berklik köplenç gerek däl. Beỳleki tarapdan önüme juda köp tow berilse, ol gaty bolar, egirme maşynyň öndürijiligi hem pese gaçar. Onuň sebäbi şu aňlatmadan çykỳar:

 

Ỳüplügiň towy = igiň aỳlaw tizligi [aỳl/min]/çykyş tizligi [m/min];

 

          Ikleriň tizligi häzirki zaman egirme önümçiliginde şonsuzam ỳokary derejede. Şonuň üçin towy köpeltmek üçin diňe çykaryş tizligi azaltmaly bolỳar, netijede öndürijilik azalỳar. 

 

          3. Tow berlende ýüplügiň uzynlygynyň we ininiň üỳtgemesi.

          Ỳüplüge tow berlende süỳümler beỳleki süỳümleriň daşynda spiral görnüşde bükülmeli bolỳarlar. Şonuň üçin süỳümler süỳünỳärler. Süỳümler süỳnende maỳyşgaklyk güỳçler olary öňki ỳagdaỳyna getirjek bolýarlar. Bu bolsa öňki ỳagdaỳyna gaỳtmagyna ymtylỳan süỳümlerde sapagyñ içine tarap ugrukdyrylan basyşy döredỳär. Içere bolan basyş ỳüplügiň merkezlerinde has ỳokarydyr. Ol süýümleriñ güỳçli gysyşyna we ỳüplügiň ỳokary dykyzlygyna sebäp bolỳar. Gysyjy güỳçler ỳüplügiň diametriniň kiçelmegine getirỳär. Diametr bolsa towa ters proporsional bolỳar. Süỳümler ỳüplügiň ok ugruna görä ỳapgyt ỳerleşen we güỳçli gysylan ýagdaýda bolandygy üçin ỳüplügiň uzynlygy hem kiçelỳär. Egirme prosessiň dowamynda ỳüplügiň uzynlygynyň gysgalmak hadysasyna towdan gysgalma (ukrutka, twisting-in) aỳdylỳar. Bu ỳerden çykarylỳan ỳüplügiň uzynlygy hiç haçan egriji maşynyň çykaryş tizligine (metr minutda) deň bolmaỳar. Towdan gysgalma derejesi çig mala we towlaryň sanyna baglydyr.

 

          4. Towuň aňlatmasy.

          Süỳümler ỳüplügiň içinde spiral şekilli ỳerleşdirilip, oka görä belli ỳapgytlyk burçy bilen gyşararlar. Ỳüplügiň içindäki towly süỳümiň ỳapgytlyk burçy näçe ỳokary bolsa, şonçada berklik ỳokary bolar, bu ỳerden şeỳle gatnaşygy alyp bolar:

 

 

bu ỳerde:

α

- towuň koeffisiỳenti;

N

- ỳüplügiň nomeri;

 

          Towuň koeffisiỳenti we nomeri biri-birine gabat gelmeli. Dürli ölçeg ulgamlarda tapawutly görkezijiler ulanylỳar. Meselem: iňlis we metrik nomerler, Teks ulgamlary üçin  degişlilikde αe ,αm ,αT ulanylmaly.

 

 

Barlag soraglary:

1.    Egirmede önüme berklik näme arkaly berlip bilýär?

2.    Ỳüplügiň içinde tow arkaly birleşdirilen süỳümleriň näçe berkligi peỳdalanylỳar?

3.    Towlaryň sany bilen ỳüplügiň berkliginiň arasyndaky aragatnaşyk çyzgysyny görkezmeli.

4.    Kritiki tow diýlip nämä aỳdylỳar?

5.    Towdan gysgalma nirede ýüze çykýar?

6.    Dürli ölçeg ulgamlarda haýsy towuň koeffisiỳentleri ulanylýar?

Используются технологии uCoz