Boýag timarlama önümçiligi

1. Boýag-timarlama önümçiliginiń maksady we wezipeleri.

2. Matalary, trikotaźy, dokalmaýan matalaryń timarlamagyń aýratynlygy. Boýama. Surat basma.

 

1. Boýag timarlama önümçiliginiń maksady we wezipeleri.

Dokma onümçiliginde taýýarlanylýan materiallar agardylma-dykdyr. Ol şol görnüşde diňe az mukdarda ulanylýar. Şol sebäpli-de göýberilýän matalar timarlama geçişlerine sezewar edilýär.

Timarlamanyň maksady - matalaryň daşky görnüşini we hilini gowylandyrmakdan ybaratdyr. Timarlama geçişinde matalara birnäçe täze häsiýetler berilýär.

Timarlama önümçiligi (turkce TERBIYE), inlisce FINISHING, rusca OTDELKA) - önümçilikleriň tehnologiki tapgyrlarynyň ahyrkysydyr. Onuň beýleki egirme dokma, trikotaž ýaly önümçiliklerden esasy tapawudy, ol önümçiliklerde materiallara esasan mehaniki täsirlere, timarlamada bolsa himiki täsirleri sezewar edilýär. Timarlama önümçilikleriniň tehnologiki yzygiderlikleri birnäçe geçişleri öz içine alýar.

Timarlama önümçiliginiň esasy tehnologiki yzygiderlikleri aşakdaky geçişleri öz içine alýar:

-         agardylmadyk matalaryń reňkleme we surat basma taýýarlama;

-         reňkleme, matalara bir durkly reňklemäni bermek;

-         surat basma - matalara suratlaryň şekillerini geçirmek;

-         ahyrky timarlama matalaryň daşky görnüşini we hilini ýokarlandyrma.

Timarlama önümçiliginde taýýar matalar agardylan, tekiz reňklenen ýa-da basma suratly ýaly görnüşlerde göýberilýär. Agardylmadyk matalaryň görnüşine laýyklykda, şonuň ýaly-da taýýar matalaryň niýetlenişine laýyklykda tehnologiki geçişler saýlanyp alynýar. Mysal üçin reňkli sapaklarda dokalan we melanź matalar agartma bölüminden soň, ahyrky timarlama ugradylýar. Matalary reńklemek we surat basmak üçin dürli reňkler we kömekçi himiki materiallar ulanylýar. Matalaryň timarlama taýýarlama birnäçe tehnologiki geçişlerden durýar:

- agardylmadyk matalary kabul etme we taýýarlama;

- matalaryň üstüni ýakma;

- peti (ýa-da emulsiýa) aýyrma;

- gaýnatma;                 

-         agartma;

Bu tehnologiki geçişleri matalary reňklemä taýýarlama gerekli bolan işlerden ybaratdyr. Matalary taýýarlama geçişlerini aşakdaky talaplar bildirilýär: gaýnadylan we agardylan matalar tekiz birsydyrgyn reňklenmelidir, geçişleriň netijesinde matalaryň fiziki-mehaniki häsiýetleri pese düşmeli däldir; mümkinçilige görä geçiş üznüksiz gitmelidir; merserizasiýa geçişi matanyň girmesini azaltmalydyr. Agardylmadyk matalar dokma kärhanalaryndan bölekleýin görnüşinde getirilýär. Kabul etme we taýýarlama bölüminde matalaryň hili kesgitlenilýär we timarlamanyň usuly saýlanyp alynýar. Üstüni ýakmany matanyň üstüne çykyp duran süýümleri, düwünler aşyrmak üçin geçirilýär. Peti aýyrmany - matalardaky eriş sapagyny siňdirilen peti aýyrmak üçin geçirilýär.

Gaýnatma - matalardaky petiň galyndylaryny, sellýulozanyň gatylyk berýän we ýagly maddalaryny aýyrmak üçin geçirilýär.

 Agartma geçişi - matadaky sellýulozanyň tebigy goşundylaryndan arassalamak, ony agartmak üçin geçirilyar. Agartma geçişine matalaryň köp bölegi sezewar edilýär. Agartmadan soň, matalary göýbermäge taýýar bolýar ýa-da geljekki işlere ugradylýar. Agardyjy materiallar hokmünde natriniň gipohloridi Na ClO, wodorodyň perekisi we beýlekiler ulanylýar. Gyşky eşikleri taýýarlamaga niýetlenen matalaryň bir tarapyndaky sütük çykarylýar. Matalar agardylmadyk we agardylan görnüşlerinde sütükleme geçişinde geçirilýän trikotaž matalary bolsa diňe ahyrky timarlamada sütüklendirilýär. Merserizasiýa geçişine nah matalary we trikotaž matalary sezewar edilýär. Merserizasiýa geçişi - bu az wagtlyk matalary natriniň aşgarynyň garyşdyrylan ergini  bilen  işläp bejermekdir.

Merserizasiýa süýümleriň fiziki-himiki häsiýetlerini we gurluşyny üýtgetmek üçin niýetlenendir. Bu geçişden soň matalaryń berkligi ýokarlandyryp, olaryň reňklenme mümkinçiligi ýokarlanýar.

Reňkleme geçişi - matalara belli bir reňki bermek we ony berkitmek üçin niýetlenendir. Matalary reňklemek üçin dürli görnüşli reňkler peýdalanylýar. Reňkler - diýip, süýümli materiallara belli bir reňki bermäge mümkinçiligi bolan tebigy we sintetiki, organiki birleşmelere aýdylýar. XX-asyryň ikinji ýarymyna çenli diňe tebigy reňkler ulanylyp gelipdir.

Häzirki wagtda bolsa birnäçe sintetiki reňkler önümçiliklerde giňden peýdalanylýar.

Matalary reňklemek üçin üç görnüşli reňkler ulanylýar:

-         suwda ereýän, göni reňkler;

-         aşgarly erginde ereýän, aktiw reňkler;

-         süýümlerde döreýän reňkler;

Reňkleme geçişine aşakdaky talaplar bildirilýär:

- matalar deň reňklenmeli;

- reńk matada berk saklanmaly.

Bu talaplardan başga-da reňklemäniň wagty iń az we bahasy ýokary bolmaly däldir, ondan başga-da reňkleme matalaryň, fiziki-mehaniki häsiýetlerini peseltmeli däldir. Matalary reňklemek üçin reňkleýji tigirçekli maşynlar ulanylýar. Bu ýerde mata 2 oklow 1 beýleki bir ugrukdyryjy oklowlara 3 saralýar. Oklowlar 3 reňkli erginli gabyň içinde ýerleşendir. Işçi oklowlar 5 gabyň gyrasynda oturdylandyr. Matanyň şular ýaly reňkleýji maşynlardan geçmeginiň sany matanyň görnüşine, onuň taýýarlanylyşyna, reňkiň görnüşine baglydyr.

Matalara surat basma olara reňkleri surat gornüşinde etmek üçin niýetlenendir. Surat basma matalaryň belli bir böleklerine dürli reňkler bilen reňklemekden ybaratdyr. Surat basma we reňklemäniň himiki geçişleri köp ýagdaýlarda bir-birine meňzeşdir, ýöne matalara suratlary basmak üçin ýörite şertler we enjamlar talap edilýär. Şol sebäpli-de surat basma spesifiki talaplar goşulýar.

- suratyň aýdyň kenarlary bolmaly;

- suratlaryň aýratyn düzüjileri bir-birine dykyz ýerleşip, açyklyklar az bolmaly.

Timarlamanyň ähli işlerini geçenden soň, matalar ahyrky timarlama getirilýär. Ahyrky timarlama - matalaryň daşky durkuny we hilini gowylandyrmak, olary spesifiki häsiýetleri bermek üçin niýetlenendir.

Ahyrky timarlamanyň ähli işleri iki bölege bölünýär: mehaniki we himiki.

Mehaniki yzygiderliklere şu aşakdakylar degişlidir:

-         guratma;

-         kalandrlama we himiki çekme;

Himiki geçişlere aşakdakylar degişlidir:

-         matalara ýörite maddalaryň erginlerini siňdirme;

-         ýelim, krahmal, dürli sintetiki maddaly erginler bilen işläp bejerme;

Timarlama yzygiderliginiň ähli işlerinden geçen matalar doly taýýar bolýar we tikin kärhanalaryny we söwda nokatlaryna ugradylýar.

Barlag soraglary:

1. Timarlama önümçiliginiň maksady näme?

2. Agardylmadyk polotnolary taýýarlamak haýsy geçişleri öz içine alýar.

3. Merserizasiýa prosesi haýsy matalarda geçirilýär we name üçin?

4. Reňklemäniň we surat basmanyň nähili tapawudy bar?

5. Ahyrky timarlama zerurmy?

Используются технологии uCoz