Tow berlen we tekstruirlenen sapaklary öndürmegiń önümçiligi

1. Ýüplüklere tow berme.

2. Fason ýüplügini taýýarlama.

3. Tebigy ýüpege we himiki sapaklara tow berme.

4. Tekstruirlenen sapaklaryń öndürilişi.

 

 

1. Ýüplüklere tow berme.

         Dokma  senagatynyň nah, ýüň, zygyr, ýüpek pudaklarynyň dokma, trikotaž we beýleki önümçiliklerinde ulanylýan ýüplükler tow berilmä  sezewar  edilýär. Taýýar ýüplüklere we himiki  sapaklara tow bermek üçin  goşup sarama we tow berme ulanylýar. Goşup sarama tow berme taýýarlyk yzygiderligi bolmak bilen, ol berlen atlandyrylýan m sanyna ýekebara sapaklary birleşdirip bir önüme öwürmekden durýar. Goşup saramada ýekebara sapaklaryň deň  uzynlygyny we çekimini hemişelik saklamak hökmandyr. Bu yzygiderlikde alynýan önüm ýokary deňölçegli we çyzykly dykyzlykly bolýar. Soňra goşup saralan önüm tow bermä sezewar edilýär, onuň ugry ýekebara sapakda bolşy ýaly aňladylýar (Z we S).

         Tow bermäniň mazmuny şulardan durýar: her bir ýekebara  sapak göni çyzykda ýerleşip, maýyşgaklyk güýjüniň täsiri netijesinde towly önüm dykyzlanýar. Onuň netijesinde bolsa, olaryň üzülme agramlary ýokarlanýar.

         Tow bermegiň netijesinde dokma sapaklarynyň fiziki-mehaniki häsiýetleri oňatlaşýar.

         Ýüplükleri goşup sarama şu maksatlara laýyklykda hökmandyr:

         1. Ýokary hilli towly sapaklary almak üçin beriji sapaklar biri-birine deňölçegli degişip deňagramlaşmalydyr we olaryń çekimi deń bolmalydyr.

         2. Kiçi gutylardan tow beriji maşynlary iýmitlendirmek amatsyzdyr, ýagny gutylary çalyşmak üçin maşynlary saklamalydyr.

         3. Ýüplükleriň hiline goşup saramada görkezijilik edilmegi tow bermede örülmeleriń artmagyna mümkinçilik berýär. Aşakdaky suratda  nah sapaklary üçin goşup saraýjy maşynyň tehnologiki çyzgysy görkezilendir.

 

surat. Towly sapaklaryń gurluşynyń çyzgyda şekillendirilişi.

 

         surat. Goşup saraýjy maşynyň tehnologiki çyzgysy.

         Iýmitlendiriji gurluşda 1 ýerleşdirilen gutylardan ýüplükler çözülip sapak geçiriji 2, hil barlaýjy-arassalaýjy 3, yş şaýbaly çekiji gurluş 4 we öz-özünden saklaýjynyń gaňyrçagynyń 5 üstünden geçip, ugrukdyryjy oklowlaryň 6,7 daşyndan aýlanyp, sapak ýerleşdirijiden 8 geçip sarym barabanjygyň 9 kömegi bilen bobina 10 sarym bilen saraýar. Bobinalaryň agramy 1,5-4,5 kg aralygyndadyr. Hil barlaýjy-arassalaýjy abzaldan sapak geçende, galyň, inçe ýerleri örülýär, onuň yşyna ölçegleri ýüplügiň çyzykly dykyzlygyna baglydyr.

         Tow beriji maşynlar goşup saralan sapaklara tow berme arkaly deňölçegli, tekiz sapaklary almak üçin niýetlenendir.

         Towly sapagyň niýetlenşine laýyklykda tow beriji maşynlar ýeňil we agyr görnüşlere bölünýärler.

Dokma, trikotaž önümçiliklerinde ulanylýan towly sapaklar ýeňil tow beriji maşynlarda öndürilýar. Agyr tow beriji maşynlara esasan tehniki maksatlara niýetlenen materiallar üçin sapaklar öndürilýär.

Tow beriji maşynyň tehnologiki çyzgysy

Ýeňil görnüşli tow beriji maşynlar iki sany esasy enjamdan durýar:

-         iýmitlendiriji gurluş;

-         tow beriji-saraýjy;

         Kese burç boýunça ýerleşen iýmitlendiriji  gurluşda oturdylan bobinalardan 2 goşup saralan sapak direg 3 ugrukýar, sapak ugrukdyryjynyň 4 gözeneginden geçýär. Göýberiji abzal aşaky tekiz silindr 6 we öz-özüne agram beriji oklow 5 ybaratdyr. Göýberiji abzaldan soň, ýüplük iýmitlenmäni saklaýjy gaňyrçak 7 sapak geçiriji 8 geçýär, süýbek 9 aýlanyp geçip, towlanyp ik 11 oturdylan guty 10 saralýar.

         Tow beriji – saraýjy enjamyň işiniń yzygiderligi igli egirme maşynlarynyňka meňzeşdir.

         2. Fason ýüplügini öndürme.

         Fason ýüplüginiň birmeňzeş bolmadyk gurluşy bolup, onuň üstünde dürli halka, dürli düwün we beýleki şekilli galyňlyklar ýerleşendir. Fason ýüplükleriniň  dokma we trikotaž önümçiliklerinde giňden ulanylmagy öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Fason ýüplükleriniň esasy görnüşlerine aşakdakylar degişlidir.

         - bir sapakly dürli galyňlykly we reňki amatly;

         - köp sapakly deň tow berilýän tolkunly;

         - köp sapakly fason - tow berlen ýüplükli-düwünli, halkaly, dürli amatlykly.

         Fason ýüplükleri 2-3 ýa-da köp sapakdan durup, olary taýýarlamak esasan 2 tapgyrdan durýar. Ilki bilen steržen hökmündäki 2-3 sany sapaga tow berilýär, ol bolsa sapaklaryň daşyndan aýlanyp onuň üstünde düwünleri, halkalary, galyňlyklary emele getirýär.

         3. Tebigy ýüpege we himiki sapaklara tow berme.

Ýüpek  önümçiligi üçin ýüpek çig mal we himiki sapaklar çig mal bolup durýar. Himiki sapaklardan esasan emeli (wiskoza, asetat)  we sintetiki (poliefir, poliamit) sapaklar ulanylýar. Tebigy ýüpege we himiki sapaklara tow berme, olara birnäçe gerekli häsiýetleri bermek maksady bilen geçirilýär.

Ýüpege tow berme önümçiliginiň beýleki önümçiliklerden aşakdakylar bilen tapawutlanýar:

- dürli görnüşli towly önümler;

- mehaniki we himiki geçişlere goşmaça mümkinçilik bermegi;

- önümçilik yzygiderliginiň köp wagtlylygy we geçişligi;

Niýetlenişine we çig malyna baglylykda towly sapaklary taýýarlama dürli çyzgyly we tow berme meýilnamalary boýunça geçirilýär.

Ýüpege tow bermegiň tehnologiki geçişleri we enjamlary.

Tapgyr

Tilsimat proses

Enjamlar

1. Sapaklary çözmä taýýarlama

Çig malyň tapgyryny saýlama we sortlama.

Ýüplük çig malyny suwa batyrma.

Çykma

Ýüpek çig malyny Tüýtme

Guratma

Garaňky enjamlar, sortlama stollary

Suwly gaply apparatlar

Sykyjy gurluşlar

Tüýdüjiler

Guradyjy kameralar

2. Çözme we sapaklara tow bermä taýýarlama

Gutulary sarama

Birnäçe sapaklary birleşdirip goşup sarama

Saraýjy maşynlar

Goşup saraýjy we tow beriji maşynlar

3. Tow berme

Tow berme

Tow beriji maşynlar

4. Towy berkitme

Buglama ýa-da çyglandyrma

Buglaýjy apparatlar

5. Arassalama

Sarama

Saraýjy maşynlar

6. Hilini barlamak we sortlamak

Sortlama, gaplama, belgileme

Sortlama stollary

4. Tekstruirlenen sapaklaryń önümçiligi.

Soňky ýyllarda dokma senagatynyň çig mal balansynda köp üýtgemeler bolup geçdi. Himiýa senagatynyň soňky döwürde ýokary depgin bilen ösmegi, olaryň mukdarynyň artmagyna getirdi.

Tekstruirlenen sapaklary ýokary ýylylyk saklaýjyly, sorbsion häsiýetleri materiallary öndürmekde giňden peýdalanylýar. Bu sapaklar üç usul boýunça öndürilýär.

Birinji usul – ýylylygyň kömegi bilen ýylmanak toplumly sintetiki sapaklary tow bermek, ony fiksirlemek arkaly olara büküm berip almak.

         Ikinji usul – termiki işlemek arkaly sapaklaryň göwrümi ulaldylyp, dagynyk gurluşy berip almak.

         Üçünji usul – howanyň kömegi bilen sapaklaryň gurluşyny üýtgetmek arkaly almak.

         Tekstruirlenen sapaklary öndürmegiň esasy görnüşleri aşakdaky jedwelde görkezilendir.

       Tekstruirlenen sapaklary öndürmegiń esasy görnüşleri.

Tekstruirlenen sapagyň görnüşi

Esasy häsiýetler

Öndürmegiň usuly

Ýokary süýnme häsiýetli (elastik)

Ýokary süýündirilmeli we göwrümli

Towlama, ýylylyk täsiri aýlama

Kiçi süýnme häsiýetli (melan, melon, krimlon)

Ýokary göwrümli kiçi süýndirilmeli

Towlama, ýylylyk täsiri aýlanma, ikinji ýylylyk täsiri

Egrem-bugramly (gofron, banlon, buklon)

Ýokary egirmeli, göwrümli we süýndirmeli

Ýylylygyň täsiri bilen basma, kesiji  gyralar bilen täsir etme, ýylylyk täsirli trikotaž usuly

Utgaşdyrylan (armirlenen sapaklar)

Birleşdirýän süýümleriň we sapaklaryň başlangyç häsiýetlerine bagly

Tekstruirlenen sapaklary ýönekeý sapaklar bilen birleşdirme we towlama

Halkaly

Halkaly gurluşly, ýokary göwrümli

Aerodinamiki

Barlag soraglary:

1. Tow näme we onuň görnüşleri?

2. Towyň ugry näme?

3. Goşup saramanyň maksatlary haýsylar?

4. Tekstruirlenen sapak haýsy usullar bilen alynýar?

5. Fason ýüplüginiň aýratynlyklary haýsylar?

Используются технологии uCoz