Süỳümiň arassalygy.

Himiki maddalar (şireligi).

Süỳümiň ỳetişikligi.

Neps.

trash trash8

Hapalar

Süýümiñ arassalygy.
Peýdaly süýümlerden daşary çig malyñ düzüminde  dürli görnüşli özge maddalar saklanýar:
Mineral maddalar:

Ösümlik maddalar:
- ỳapraklaryñ bölejikleri;
- çigitleriñ gabygy;
- baldaklaryñ bölejikleri;

Ýag, ýelim we deri:

Esasan ýüñ we ýüpek ýaly haýwan süýümlerde bolýar.

wool4

Süýümleriñ bölekleri:

Başga özge maddalar:

- demir bölejikler;
- matanyñ bölekleri;
- gaplaýjy materiallar (köplenç sintetik maddalardan durýarlar).
trash1 trash4

Süýümiñ içindäki özge (sintetik) süýümler.

Özge maddalar mydamada uly mesele bolup durýardylar, emma soñky ýyllarda bu mesele has ýiti duýulyp başlady. Häzirki zaman ýokary-öndürijilikli işleniş usullar ulanylanda (meselem: öñden-boýama, güýçli pagta arassalama, maşynly ýygym, gödek saklanyş, täze gaplaýjy maddalar) has köp hapa döreýär. Täze egirme usullar bolsa, özge maddalara örän çydamsyzdyr.
Çig mala baha berlende özge maddalaryñ mukdary hökman hasaba alynýar.


Himiki maddalar (şireligi).
Pagta süýümlerde şireleýän maddalar saklanýar. Olar esasan gowaçanyñ mör-möjekleriñ bölüp çykarýan maddalary. Şireleýji maddalary şeýle tertipleşdirip bolar:

dew

şireli pagta

Köp ýagdaýlarda şireli maddalar gantyñ bir topary bolup durýar: fruktoza, glýukoza, saharoza. Şire maddalar ösümliklerde ýaşaýan mör-möjeklerden ýa-da ösümlikleriñ özünden bölünip çykýar.
Bu şireleriñ pagtadaky mukdary we goýulygy köp bolsa süýüm ýelmeşip durar. Ýöne önümçilikde şire süýümleriñ ýelmeşip durmagy göni mukdara bagly däl. Pagta saklananda mikroorganizmleriñ fermentleri şire maddalary dargadýarlar. Bu hadysa çyglyk ýokary bolanda has çaltýaşar. Ýöne önümçilik meýdanyñ  özünde howanyñ çyglygy tersine pes derejede saklanmaly.

maturity cotton

Süýümiñ ýetişikligi.

Bu pagta süýümler üçin möhüm häsiýetdir. Ýetişiklik görkezijisi pagta süýümiñ diwarlarynyñ galyñlygyna bagly. Süýüm ýetişen diýilip hasaplanýar, haçan-da öl süýümiñ diwarynyñ kese-kesiginiñ 50-80 % tutanda, ýetişmedik haçan-da 30-45 % tutanda we öli haçan-da 25%-den az meýdany tutanda. Doly bişip açylan pagtañ gozasynda hem takmyn          5 % ýetişmedik süýüm bolup biler. Şonuñ üçin pagtada mydama-da ýetişmedik süýümler bolýar, ýöne olaryñ mukdaryny bilmek zerur. Ýetişmedik süýümler ýeterli berk we gaty bolmaýarlar.
Olar şu meselelere getirip bilýärler:

neps1

Neps mikroskopda

Nepsler.
Neps bu süýümleriñ kiçijik, bulaşyp çolaşan ýeri ýa-da düwünjagazy. Olar esasan pagtada bolýarlar. Nepsleriñ iki görnüşi bolýar: süýümli neps – ol diñe süýümlerden durýar hem-de çigit-gabyk neps – onuñ içinde çigit, gabyk ýa-da ýaprak bölejikler bolýarlar. Iñ köp duş gelýän görnüşi süýümli nepsdir.
Onuñ düzümine esasan ýetişmedik ýa-da öli süýümler girýärler. Şeýlelikde neps mukdary, ýetişiklik derejesi bilen berk baglanşyklydyr. Ondan başga nepsleriñ mukdary inçelige eksponenta şekilli bagly bolýar. Has inçe süýümleriñ gatylygy gödek süýümleriñkiden pesdir. Şonuñ üçin inçe süýümler nepsi has añsat emele getirýärler.

neps card

Neps darakda

Işleniş usullaryñ hem uly täsiri bar. Pagtanyñ düzüminde, meýdanlarda ýetişen wagty hiç neps bolmaýar. Olar pagta maşyn bilen ýygylanda, jinlerde arassalananda döreýärler.
 Has köp mukdarda neps tüýtme-arassalama bölüminde ýüze çykýar. Darak maşyn neps mukdaryny ýeterli derejä peseldýän ilkinji maşyndyr. Darak maşynlarda nepsler aýrylanok-da, esasan gönelip düzelýärler. Neps ýüplügiñ daşynda galyñ ýer bolup durýar, bu önümçilikde kynçylyklary döredýär. Soñ nepsler ýüplügiñ beýleki ýerlerinden tapawutly boýalýar we ahyrky çykýan dokma önümiñ daşynda anyk görünip durýarlar.
Ýüpek önümlerde nepsler ýüpek süýüm uzynlygyna bölünende (fibrillýasion hadysasy) ýüze çykýar. Bölünip bulaşan süýümler soñ, önümiñ üstünde kiçijik nokat ýaly görünýär. Olar boýagy kadalaýyk alyp bilmeýärler we ýüpek matanyñ üstünde nokat görnüşinde çykýp durýarlar.

Barlag soraglary:

  1. Çig malyñ düzümine girýän özge maddalaryñ haýsy görnüşleri bar?
  2. Neps bu näme we ol nädip ýüze çykýar?
Используются технологии uCoz