Süỳümiň süỳünmesi (uzalmasy) we elastikligi.

 

Süỳümiň süỳnmesi (uzalmasy) we elastikligi.
Ýüplügiñ uzalmasynyñ 3 sany ýoly bar:

Hemişelik (plastik) uzalma -

süýündirilenden soñ, süýümler öñki ýagdaýyna gaýtmaýarlar.

Elastik uzalma -

süýündirilenden soñ, süýümler öñki ýagdaýyna gaýdýarlar.

Üzülme uzalmasy -

süýümiñ üzülýänçä çenli ýetip bilýän iñ uly uzynlygy, ol öz içinde durnukly hem elastik uzalmalaryñ ikisini hem jemleýär.

Uzalmany başlangyç uzynlykdan % görnüşinde añladýarlar. Elastik uzalma dokma önümler üçin örän wajypdyr, sebäbi elastiklik häsiýeti bolmadyk önüm ulanylyp bilmez. Çüñki uly agram salynanda (mysal üçin tirsek we dyz ýaly ýerlerde) dokma önüm öz durkuny üýtgetmäge, deformirlenmäge, soñ bolsa öñki durkuna gaýtmaga  ukyply bolmalydyr. Önümçilikde işlenende süýünmeklik häsiýeti dokma önümler üçin gerek bolup durýar. Eger ýeterli süýnip bilmeseler, olar ýüklenýän agrama garşy durnukly durup bilmezler. Şonuñ üçin süýümiñ uzalmasy azyndan 1-2 % (aýna süýümleriñki ýaly) we ondan ýokary bolmalydyr.
Ýüñ önümler nah önümlere garañda az ýygyrt bolýarlar, sebäbi ýüñüñ uzalmasy has uly.

Käbir süýümleriñ uzalmasy.

Ýüñ

25-45 %

Ýüpek

15-25 %

Pagta

5-10 %

Zygyr

2-3 %

Poliester

30-60 %

Köp dokma önümler üçin artykmaç uly uzalmasy hem gerek däl. Olar egirme kärhanalarda işlenende, esasan çekim işlerden geçenlerinde belli kynçylyklary döredip bilerler. Ýöne sport geýimler hem-de şu wagt moda bolan gowy süýünýän streç önümler üçin uly uzalma gowy häsiýetlidir.
Süýümlere uly süýünme agramlar salynanda, olaryñ berkligine-de uzalmasyna-da ýokary talap bildirilýär.  Şonuň üçin berklik bilen uzalma özara berk baglanşykly. Bu özara gatnaşygyny agram-süýünme diagrammasynda (süýündirme güýjüniñ üýtgemegi bilen uzynlygyñ üýtgemesi) görkezýärler. Her süýüm üçin mahsuz bolan öz agram-süýünme çyzygy bar. Dürli hilli süýümler garyşdyrylanda garyndynyň içine goşulýan süýümleriñ süýünme häsiýetleriniñ meñzeş bolmagyna gaty uly üns bermeli.

Gatylyk.
Süýümleriñ gatylygynyñ aýlanma, togalanma, towlanma ýaly hereketlerde uly ähmiýeti bar. Juda gaty süýüm ýokardaky agzalan hereketlere kynlyk bilen uýgunlaşyar. Meselem: eger süýüm ýüplügiñ içine gowy birikdirilen bolmasa, onuñ uçlary daşyna çykarlar, tüýlüligi artdyrylar, käbir süýümler gaçyp ýiterler. Ýeterli gatylygy bolmadyk süýümleriñ çeýeligi hem gowy bolmaz. Olar deformirlenenden soñ, öñki ýagdaýyna gaýtmaýarlar we olaryñ uzynlygyna garşylygy kiçi bolýar. Köp halatlarda bu ýagdaý nepslere ýagny, süýümleriñ bulaşyp çolaşmagyna, düwünleriñ emele gelmegine getirýär. Süýümleriñ gatylygy süýümleriñ gurluşyna hem-de süýümiñ uzynlygynyñ we süýümiñ inçeliginiñ özara gatnaşygyna bagly. Süýüm näçe gysga bolsa, şonça-da ol gaty bolar.
Gatylygyñ ölçeg birligi hökmünde şeýle görkeziji ulanylýar:

Inçeligiñ gatnaşygy = Süýümiñ uzynlygy / Süýümiñ diametri
Ýüplük emele gelende süýümler bükdürilmeli bolýar, şonda inçelik gatnaşygy süýümleriñ ahyrda ýüplügiñ kese-kesiginde nirede ýerleşjekdigini kesgitleýär:

Barlag soraglary:

  1. Ýüplügiñ uzalmasynyñ haýsy ýollary bar?
  2. Süýümleriñ gatylygy nämä täsir edýär?
Используются технологии uCoz