Open-end Rotor egirme usuly

 

Rotor egirme usuly boýunça ýüplügi öndürmek pikiri täze däldir. Bu usuly ulanmak boýunça patent eýýäm ikinji jahan uruşdan öň bellige alyndy. Emma önümçilikde ulanyp boljak iň ilkinji rotor egiriji enjamy diňe 1950-nji ýyllaryň ortaralarynda hödürlediler. Ony J. Meimberg (Spinnbau şereketiniň işgäri) Bremende oýlap tapdy. Spinnbau bu maşyny 1955-nji ýylda Brýuselde geçirilen sergide görkezipdir, emma bu maşynyň soňky ösüşi togtadyldy, sebäbi ol kanagatlanarly işlemedi.

Bu usuly ýene-de 1960-njy ýyllarda Çehoslowakiýada täzeden ulandylar we 1965-nji ýylda geçirilen Bruen sergide senagatda ulanmaga ýaramly bolan birinji rotor maşyny görkezdiler. ITMA sergide (1967ý.) BD-200 maşynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Şol zamandan başlap rotor egriji maşyn egirme kärhanalarynda hakyky senagat möçberinde ulanylyp başlady. Şu wagt rotor ýüplükleriň dünýä bazarlaryndaky tutýan paýy 20 %-den geçdi (jemi: ýüplükleriň öndürilişine görä) we bu paý durnukly ösmegini dowam edýär. Şu usul eýýäm dünýä boýunça giň ýaýrady we adaty egirme prosess ýaly hasaplanyp başlaýar. 1970-nji ýyldan bäri tehnologiki we ykdysady taýdan güýçli ösüşler boldy. Iň irki rotor ýüplükler ýüňüň ýogyn (apparat) egirme usuly boýunça öndürilen ýüplükleriň häsiýetine eýediler, ýagny olar göwrümli, örän tüýjemek, berkligi pes ýüplükler bolupdyr. Olaryň gurluşyna ýörite at berildi Sauerkraunt strukturasy. Sebäbi bu ýüplüklerde süýümleriň ýerleşişi üýtgeşik we tertipsiz bolupdyr. Emma yzygider ylmy barlaglardan, indiki ösüşlerden we rotor egriji işçi bölekleriň we şertleriň yzygider gowylanmagy bilen rotor ýüplügi oňat hilli etmegini öwrendiler. Ol indi hat-da ring ýüplüklerden kän tapawutlananok (diňe biraz berkligi kiçiräk). Aslynda başynda örän ýokary tow derejeler gerek bolýardylar (αm 160 αe 5,2). Indi bolsa kadaly bahalary almak mümkin. Ykdysady taýdan öňe gidişlik tehnologik ösüşlerden hem aýdyň boldy. Meselem: rotoryň tizligi 40 ýylyň dowamynda başynda 30 000 aýl/min, indi 160 aýl/min ýetdi. Häzirki zaman rotor egriji maşynyñ bir çykyşy (bir ik) ring maşynyň bir igine garanyňda 4-10 esse köp önüm öndürýär. Rotor egirme Ne 40 nomerli ýüplükleri egirmek üçin ykdysady taýdan amatly.

Roror egirmegiñ başgada ykdysady taýdan özüne çekiji tarapy bu egirme fabrikadan çykýan galyndy süýümlerini (ikinji materiallary) egirmäge döreden mümkinçiligi. Öňler bu materiallary ulanyp, bolanokdy. Indi rotor egriji maşynyň kömegi bilen galyndylary gaýtadan işläp ulanmak bolýar. Mundan başga rotor egriji maşyn bu doly awtomatlaşdyrylyp bilýän ýeketäk egriji maşyndyr. Şu ýagdaý rotor egirmäniň ykdysady taýdan gymmatyna uly ýardam edýär.

Rotor egriji maşynyň wezipeleri.

Rotor egriji maşyn öz işleýişi boýunça gysga ştapel egriji maşynlaryň başga hiç haýsyna meňzeş däl. Ol şeýle esasy işleri ýerine ýetirmeli:

       önümi inçeltmek - aýry süýümlere çenli tüýtmek (süýümleri bölüşdirmek işine köplenç diskretizirlemek diýilýär)

       aýlawly goşmak arkaly garyşdyrmak;

       aýry-aýry süýümlerden çyzykly bitewi önümi emele getirmek, ýagny birleşdirmek;

       tertibe salmak (önümiň içindäki süýümler uzynlygyna tarap ugrukdyrylan we gönelen bolmaly);

       aýlawly goşmak arkaly düzgünleşdirmek;

       towlamak arkaly berklik bermek;

       arassalamak (mümkinçilik bolsa);

       saramak;

 

Işleýiş düzgüni.

Open-End-e çig mal jer ýa-da örän seýrek ýagdaýlarda darak lenta görnüşinde iýmitlendirilýär. Lentalar maşynyñ egriji bölümiň aşagynda ýerleşýän çeleklerden iýmitlendiriji turba tarap geçýärler 14. Iýmitlendiriji oklow 2 lentany 1 tutýar we ony iýmitlendiriji stolyň 3 üstünden açyjy silindr 5 bölümine tarap itýär. Ỳaý 4 stoly iýmitlendiriji silindre tarap gysdyryp lentanyň berk tutulşyny üpjün edýär.

Eger lenta üzülse, iýmitlendiriji gurluş iýmitlendiriji silindriň aýlawyny togtadyp ýa-da iýmitlendiriji turbany aýlap iýmitlendirmäni togtadýar. Iki ýagdaýda hem iş awtomatlaşdyrylan usulda edilýär. Bu ýagdaýy döredýän signal ýüplük duýujy gol (gözegçi) tarapyndan döredilýär. Adaty egirme usullarda süýümli önüm egirme prosessiň dowamynda inçelýär, emma öz bitewi üznüksiz gurluşyny saklaýar. Rotor egirmede bolsa önüm aýry süýümlere çenli açylýar, şol işi açyjy silindr ýerine ýetirýär. Bu kiçijik silindr adatça byçgyly dişler ýa-da iňňeler bilen örtülen bolýar. Ol iýmitlendiriji silindriň we stolyň arasyndan gysdyrylyp çykarylýan süýümleri darap geçýär. Daralyp alynan süýümler iýmitlendiriji turba 8 çenli daşalýar.

Süýümleri rotora 9 çenli daşamak üçin güýçli howa akymy gerek bolýar. Bu howa akymy maşynda merkezi wentilýator döredýär. Ol her rotor gutysynyñ 15 çykyşlardan 13 howany sorup alýar. Bu basyşyň döremegini ýeňilleşdirmek üçin rotor guty germetik şekilde ýapyk bolmaly. Howanyň aglabasy 2 we 6 nokatlaryndan girýär. Iýmitlendiriji turbadaky 8 howanyñ soruş akymy süýümleri açyjy silindriň ýüzünden galdyrýa-da rotora tarap ugrukdyrýar. Şol hereketiň dowamynda hem howa hem süýümler tizlenýär, sebäbi iýmitlendiriji turbanyň şekili daralyp barýar (konfuzor). Bu ýerde açyjy silindrlerden soň ikinji çekim işi bolup geçýär. Ol süýümleri biri-birine görä tizlendirip süýndirýär we goşmaça bölüp açýar. Şonda bu güýçli howa akymynda süýümler belli derejede gönelişýärler. Üçünji çekim süýümleriň rotoryň diwarynda gelen ýagdaýynda bolup geçýär. Çünki rotoryň töwerek tizligi süýümiň öz tizliginden birnäçe esse uludyr. Bu örän möhüm görkezijidir. Sebäbi, ol süýümleriň gowy ugrukdyrylyşyna uly ýardam edýär. Süýümleriň iň soňky gönelmesi, güýçli merkezden daşlaşma güýçleriň täsirinden olaryň rotor diwaryndan źeloba tarap typan ýagdaýynda bolup geçýär.

Iýmitlendiriji turbanyň kese-kesiginden birwagtda ortaça 1-5 süýüm çykýar. Rotoryň diwaryndan aşak typandan soňra, olar rotoryň źelobynda 18 uzynlygy boýunça ugrukdyrylan şekilde ýatýarlar. Rotor 9 hereketsiz iýmitlendiriji turbanyň astynda durnukly towlanyp durany üçin süýümler źelobda üznüksiz ýygnalyp durýarlar. Ỳagny süýüm süýümiň üstünde goýulup durýar.

Şeýlelikde źelobda üznüksiz süýümli halka emele gelýär. Bu işe ters goşma (aýlawly goşma) aýdylýar. Eger başga hiç zat edilmese rotor derrew süýümlerden dolup, dykylardy. Emma şol süýümlerden täze ýüplügi ýasamak esasy maksat bolany üçin ýüplügiň erkin ujy 10 rotoryň aýlanýan okundan onuň gyrasyna çenli uzalýar. Merkezden daşlaşma güýçler süýümiň öz agramyndan 100 müň esse uly bolany üçin şu ýerde ýüplügiň ujy ýygnaýjy źelobyň diwaryna berk gysdyrylýar (edil süýümli halkanyňka meňzeş ýagdaý). Şonuň üçinem ýüplügiň ujy rotoryň diwaryna ýelmeşýär. Şonuň bilen rotor aýlanyp durka ol ýüplügi özi bilen daşaýar we ýüplügi naweliň daşynda edil kriwoşip ýaly aýlaýar.

Rotoryň her aýlawy ýüplükde bir hakyky towy döredýär (typma ýok şerti bilen). Ỳüplük öz iň ýokarky tow derejesine ýetende berlen güýç şertlerinde ýüplügiň ujy öz okunyň daşynda aýlanyp başlaýar. Indi ýüplügiň açyk ujy birleşdirme bölümiň 19 üstünde belli derejede parallel görnüşinde ýatýar. Ỳüplügiň tüýjerilen ujy aýlananda, ol süýümleri halkadan alyp tutýar we olary öz içine towlap alýar. Şunlukda täze ýüplük bölegi döreýär. Ol öz gezeginde indiki süýümleri tutup towlaýar we ş.m. ýagdaý dowam edýär. Ỳagny ýüplük yzygider egrilýär. Mundan soñ emele gelýän ýüplügi diňe çekiji silindrler 17 arkaly rotordan çekip almak we atanak saralan dükjä saramak işleri ýerine etirmek galýar.

Tizlikleriň gatnaşygy.

Adaty we maksimal tizlikler şeýledir:

       açyjy silindriň aýlaw sany 5000-10 000;

       rotoryň aýlaw sany 100 000 we ondan ýokary;

       çykaryş tizlik 200 m/min çenli;

Ulanylýan çig mal.

Rotor egriji maşyna iýmitlendirilýän süýümleriň uzynlygyna baglylykda, olar şu üç topara bölünýärler: gysga ştapel (60 mm çenli), orta ştapel (100 mm çenli), uzyn ştapel (100 mm-den ýokary).

Ỳüplük şu çig maldan öndürilýär:

       pagta CO;

       ýüň;

       gaýtadan işlenen galyndy;

       inçe darak galyndy;

       garyndylar;

       poliester (PES);

       poliakrilo-nitril (PAC);

       poliamid (PA);

       wiskoza (CV);

       himiki süýümleriň garyndylary (köplenç PES/CV we PAC/CV);

       tebigy we himiki süýümleriň garyndylary (köplenç PES we CV goşulýar).

Germaniýada, Awstriýada, Şweýsariýada öndürilýän rotor ýüplükler 50 %-mi pagtadan we 30 % pagta we başga süýümiň garyndysyndan edilýär. Mundan başga 10 % rotor ýüplük pagta egriji fabrikalaryň arassalanan galyndylaryndan edilýär.

Islendik egirme usulynda süýümiň häsiýetleri egirme işe we ýüze çykýan önüme uly täsir edýärler. Bu ýagdaý rotor egirmede has hem anyk ýüze çykýar.

Çig mala bildirilýän talaplar.

Uzynlyk. Rotor egirme usuly boýunça gysga uzynlykly süýümleri örän gowy işläp bolýar. Şonuň üçin bu ýerde olar örän islenýän çig mal bolup durýar. Emma şu ýerde bir zady ýatdan çykarmaly däl: egrilýän süýüm näçe gysga bolsa, şonçada ýüplügiň hili pes bolar. Süýümiň uzynlygy esasan ýüplügiň berkligine we düzgünsizligine täsir edýär. Gysga süýümlerden edilýän ýüplük has köp towy talap edýär. Emma rotor egirmede ýüplügiň uzynlygy rotordaky ýerleşdirilşine baglylykda diňe belli derejä çenli amatly bolýar. Eger rotoryň ini berlen süýüm uzynlygy üçin juda kiçi bolsa, onda süýümleriň tertipli ýerleşdirilişi mümkin bolmaýar. Netijede, egirmegiñ şertleri ýaramazlaşýar. Has uzyn süýümler rotor ýüplügiñ daşyndaky dolanýan süýümleriň sanynyň köpelmegine hem getirýär. Iň soňky aýdylmaly zat rotor egirmede süýümiň uzynlygy ring egirmede ýaly iň möhüm görkeziji bolup durmaýar. Onuň ýerine süýümiň inçeligi we berkligi iñ möhüm oruny tutýarlar.

Süýümiň inçeligi. Rotor egirmede ýüplükdäki süýümleriň ugrukdyrylyşy ring ýüplükleriňki ýaly oňat bolmaýar. Şeýlelikde rotor ýüplüklerde berklik ring ýüplüklere garanyňda 20-40 % pes derejede ulanylýar. Rotor ýüplügiň ýeterli berkligini gazanmak üçin ýüplügiň kese-kesiginde has uly süýüm sanyny ýerleşdirmeli bolýar. Netijede egrijilik ukuby (limiti) ýaramazlaşýar. Berlen inli sapak nomerde has köp süýümleri ýerleşdirip bolýar, eger olaryň hersiniň inçeligi oñat bolsa. Rotor egirmede pagta süýüminiň 2,8-4,5 mikroner, emeli süýümleriñ 1; 1,2; 1,3; 1,4; 1,6 we 1,7 dteks inçeligini ulanmak maslahat berilýär.

Galyň süýümler egirme şertleriň ýaramazlaşmagyna getirýär. Olar üçin has ýokary tow koeffisiýentler gerek bolýar. Egirme limitiň ösüş çyzgysy -nji suratda görkezilen. Çyzgydan görnüşi ýaly sapaklaryň üzülmeleri ring egirmede durnukly artýar. Şeýlelikde, her fabrika özi üçin rugsat edilýän üzülmeleriň sanyny kabul edip bilýär. Ỳagny ring egirmede üzülmeler boýunça belli bir araçägi ýok. Beýleki tarapdan rotor egirmede belli bir araçäk, ýagny limit bardyr. Eger şol birmeňzeş inçelikli süýümler has inçe sapak nomerleri üçin ulanylsa, onda belli derejä ýetenden soñ üzülmeleriň sany birden güýçli artýar we egirme işi artyk mümkin bolmaýar ( -nji surat. B egri).

Kese-kesikdäki süýümleriň sanyny şeýle kesgitlemek bolýar.

 

 

Süýümiň berkligi.

Rotor egirmede süýümli materialyň doly ulanylmaýandygy sebäpli iň berk süýümleri saýlamaly. Süýümiň we ýüplügiň berklikleriniň arasyndaky çyzykly gatnaşyk Rieter şereketiniň beren çyzgysyndan yzarlap bolar (-nji surat).

 

-nji surat. Ỳüplügiň we süýümiň berklikleriniň özara baglylygy.

 

 

a ýüplügiň berkligi, b süýümiň berkligi (pressley).

Hapa we tozan.

Rotor egriji maşyn süýüme düşüp bilýän hapalara örän duýgur bolýar. Gödek hapa bölejikler, esasan ösümlik bölejikler rotorda ýelmeşip galýarlar. Şol nokatda olar ýüplügiň emele gelşine päsgel berip, sapaklaryň üzülmegine we süýümleriň hapa bölejigiň daşynda üýşmegine getirýärler. Bu bolsa süýümleriñ üýşen ýerinde önümiñ galyň ýerine getirýär we göni şondan soň inçe ýere. Netijede, ýüze çykýan galyň-inçe kemçilikli ýerler periodik ýagdaýda gaýtalanyp durýarlar hem-de şol ýüplükden mata dokalanda muar kemçilige sebäp bolýarlar. Hapalaryň köpelmegi nepsleriň döremegine hem sebäp bolýar.

Kiçijik tozan toz bölejikler rotorda haýal, emma yzygider ýygnalyp durýar. Başynda darajyk bolan rotor yzygider giňelýär. Süýümler başynda dar bolan rotorda güýçli dykyzlanyp, ykjam ýüplügi berýän bolsa, rotorda tozan ýygnalandan soň, ýüplük az dykyzlanýar, ýumşak we göwrümli bolýar. Şeýlelikde ýüplügiň häsiýetleri ýuwaş-ýuwaşdan üýtgäp barýar ýöne bu ýagdaý uzak wagtlap görünmän galýar. Iň soňunda bu müşderleriň arz etmegine getirýär. Eger sintetik süýümleriň egirmesinde timarlaýjy finiş maddalary rotorda ýygnalyp dursa meňzeş ýagdaý ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin rotor egriji maşynda ýüplügi çykarmak üçin hökman arassa çig mal talap edilýär. Rieteriň maslahatlaryna laýyklykda nah egirmede rotor egriji maşyna iýmitlendirilýän lentanyň hapalygy şeýle bolmaly:

       Ne6 0,3 %;

       Ne20 0,2 %;

       Ne30 0,15 %;

       Ne30-dan ýokary 0,1 %;

Ýagny iň arassa süýüm gözlenip satyn alynmaly we oñat egirme taýýarlaýjy enjamlar ulanylmaly. Şol enjamlaryñ arassalamaga we tozan aýyrmaga ukyby ýokary bolmaly. Käbir maşynlarda goşmaça hapa aýyryjy enjamlar göz öňünde tutulýar. nji suratda hapanyň önüme edýän täsiri görkezilen.

-nji surat. Ỳüplügiň berkliginiň iýmit lentadaky hapanyň mukdaryna baglylygy.

 

a berklik; b hapa, %;

 

Özge maddalar. Özge süýümler egirmekde mydamada bozulmalara we üzülmelere getirýärler. Mineral tozan, esasan kwars gumy we mineral tozan köplenç pagtalaryñ çöllerde ösdürilýän görnüşlerinde bolýar. Özge maddalar güýçli sürtülme täsirini edýärler we açyjy silindrler, rotorlar we naweller ýaly egriji işçi bölekleriň çalt zaýalanmagyna sebäp bolýarlar. -nji suratda tozanyň rotor iýilmesine edýän täsiri görkezilen.

Şirelik ýa-da şepbeşiklik pagta ulanylanda bu şireleýji maddalaryň işçi böleklere ýelmeşmegine getirip, egirmäni agyrlaşdyrýar, üzülmeleri köpeldýär we ýüplügiň häsiýetleriniň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar. Rotor egirme fabrikalarda diňe şiresiz pagta ulanylmaly.

Sintetik süýümleriň timarlanmasy. Eger timarlaýjy maddalar süýümlere gowy ýapyşmadyk bolsalar we degýän ýerlerine çylşarylyp dursa, onda olar edil şire pagta ýaly rotor egirmede ulanylmaly däl.

Sintetik süýümlerde öwüşginligi aradan aýyrýan ýörite himiki maddalaryň edil mineral tozanyňka meňzeş güýçli sürtülme häsiýeti bar. Olar egriji bölümleriň çalt zaýalanmagyna sebäp bolýarlar. Şonuň üçin öwüşginligi aýyrylan süýümler rotor egirmede ulanylmaýar.

Ýüplügiň galyndylary.

Pagtañ galyndylary, meselem, ring egriji maşynyň aspiratorlaryndan alynýan ýüplügiň tüýdülmedik galyndylary egirlende, olar rotora geçýärler. Bu bolsa üzülmelere ýa-da galyň ýüplüklerde galyň ýerlere getirýär.

Ýokarda berlen maglumatlara laýyklykda ring egirmä garanyňda rotor egirmede aşakda getirilen ýagdaýlara şeýle talaplar bildirilýär.

Inçelik: Ýokary:

Berklik: Ỳokary:

Ỳetişik : Gowy

 

Gysga süýümleriň mukdary.

Rotor egirmede suyumlerin uzynlygy gaty mohum dal, yagny bu usul bilen gysga suyumleri hem islap bolyar.

 

Используются технологии uCoz