Pagta süýümiñ uzynlygyna baha bermek.

аааааааа 1.Süýümiñ uzynlygyna baha bermek.

Pagta ýaly gysga-ştapel süýümleriñ uzynlygyna baha berlende dürli ölçegler ulanylýar. Olaryñ arasynda:

       Synplaşdyrylan ştapel (söwda ştapeli)

       El ştapeli (egirmeçiñ ştapeli)

       1% - ştapel (sazlanylýan ştapel)

       2.5 - ştapel (sazlanylýan ştapel)

       50% - ştapel (ortaça uzynlyk)

       25% - ştapel (ýokarky çäriýek uzynlyk)

       2,5% - aralyk uzynlyk

       50% - aralyk uzynlyk

       Modal uzynlyk

       Effektiw uzynlyk

Söwda ştapel uzynlygyñ iñ esasy häsiýetlendirmesidir. Ol süýümiň synplaşdyrylmasynda (klassifikasiýada) kesgitlenýär. Agram-esasly diagrammada bu takmyn 25%, nomerlik diagrammasynda takmyn 15% ýagdaýynda bolan degişli ştapel uzynlyk bolar.

El ştapel söwda ştapele meñzeş ýöne ol önümçilikde hünärmen tarapyndan kesgitlenýär.

1% we 2,5% ştapel uzynlyklar maşynlary sazlamak üçin gerek bolýar, aýratynda silindrleriñ arasyny sazlamak üçin.а

1-nji surat. Ştapel diagrammadan uzynlyklaryñ kesgitlenilişi.

Ortaça uzynlyk ýa-da 50% uzynlyk (iñlisçe ML Ц Mean Length) а- bu nusgadaky hemme süýümleriñ orta arifmetik (orta agramly) uzynlygy.

Ýokarky çäriýek uzynlygy ýa-da 25% uzynlyk (iñlisçe UHML Ц Upper Half Mean Length, ýagny nusgadaky süýümleriñ ýokarky has uzyn ýarymynda ortaça uzynlygy) - bu diýmek nusgadaky 25% süýüm şu uzynlykdan has uzyn, 75% bolsa şondan has gysga.

Modal uzynlyk Ц bu nusgada iñ köp duş gelýän süýümleriñ uzynlygy.

Effektiw uzynlyk Ц bu takmyn nomerlik ştapel diagrammasyndaky 25% uzynlygyna deñ.

2.5% we 50% aralyk uzynlyklar (iñlisçe span length) аЦ fibrografda kesgitlenýän uzynlyklar. Bu süýümiñ bir ujyndan ölçenilen doly uzynlygy däl-de belli aralykdan (span)soñ alnan uzynlykü

Uzynlygyñ deñölçegliligi.

Uzynlygyñ gowylygyna baha bermek üçin diñe ştapel uzynlygy bilmek ýeterli däldir, ştapelа diagrammasyndaky egri çyzygyñ tekizligini hasaba almaly. Şol birmeñzeş ştapel uzynlyk bilen ştapel diagrammañ hem göniburçluk hem üçburçluk şekilleri bolup biler. Gysga süýümleriñ sany degişlilikde az ýa-da köp bolup biler. Uzynlygyñ gowylygyna baha bermek üçin goşmaça şu aşakdaky uzynlyklar ulanylyp bilerler:

       Diagrammadaky egri çyzygynda ikinji başga bir nokatynda bolan uzynlyk (50% ştapel uzynlyk)

       Wariasiýa koeffisiýenti (CV)

       Gysga süýümleriñ mukdary

Uzynlygyñ üýtgeýişine baha bermek üçin iki sany görkeziji hasaplanylýar:

1)Deñölçeglilik indeksi (uniformity index)

UI = (Lorta / Ly-orta)╖100

Bu ýerde:

аLortaаа Ц ortaça uzynlyk

аLy-ortaа -а süýümleriñ ýokarky uzyn bölegiñ ortaça uzynlygy

2)Deñölçeglilik gatnaşygy (uniformity ratio)

ааааааааааааааааа UR = (L50% / L25%)╖100

Bu ýerde:а

L50% а-а 50%а aralyk uzynlyk

аL25% - aralyk uzynlyk

Gysga süýümleriñ mukdary.

Gysga süýümleriñ mukdary köp zada täsir edýär. Bu mukdar uly bolsa tozan ýaly hapalar köpeler. Tozan işgärlere, maşynlara, önümçilik binalara, kondisioner enjamlaryna zyýanly täsirini ýetirýär. Soñ gysga süýümlerаçekim işleri agyrlaşdyrýar. Soñky ýyllarda kä-bir tebigy süýümleriñ tozan bilen hapalanmasy ýokarlandy.

Mysal üçin: soñky wagtlar pagtañ has köp mukdary maşyn bilen ýygylýar we pagta arassalaýjy fabriklerde has güýçli depginlerde işlenilýär, şol sebäpli pagta süýüm şu gün öñki zamanlara garañda has tozanly bolýar, gysga süýümleriñ mukdary artýar (а -nji surat). Gysga süýümleriñ mukdary absolýut we otnostel düzüm bilen añladylýar.

Köp halatlarda gysga süýümleriñ absolýut düzümi 10, 11, 12 ýa-da 12.5 mm uzynlyklardan kelte bolan süýümleriñ prosent mukdary bilen kesgitlenýär (gysga ştapel süýümler üçin). Gysga süýümleriñ çägi henizem standartlaşdyrylmadyk, ýöne adatça ol 12 ýa-da 12.5 mm deñ edilip alynýar. Gysga süýümleriñ mukdaryny kesgitlemek gaty agyr, bular ýaly ölçegler takyk bolmaýar.

Has takyk bahalary almak üçin gysga süýümleriñ otnositel mukdaryny almaly bolýar (Lord usuly). Emma bu usuly geçirmek kyndyr.

Rotor egirmede gysga süýümler uly täsir etmeýärler.

2-nji surat. Meýdandan egirme kärhanalara çenli barýança pagta süýümiñ ştapel uzynlygynyñ üýtgemesi.

Используются технологии uCoz