• Tema:

    Pagta süıümleriñ hil görkezjilerini kesgitlemek.

    Işiň maksady:

    Süỳümiň esasy hil görkezjilerine  baha bermek.

    1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

    2.Çig maly saılamak.

    3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

    1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

    Çig malyñ hiline baha bermek şular ücin gerek:

    1.    Iñ kiçi baha bilen iñ amatly hilli çig maly almak üçin

    2.    Alnan çig maldan talap edilıän hilli ıüplük öndürip bolup-bolmajakdygyny bilmek üçin

    3.    Nusgalyk süıüm bilen satyn alnan süıümi deñeşdirmek üçin

    4.    Maşynlary dogry sazlamak we işleniş tizlikleri saılamak üçin

    5.    Satyn alnan çig maldan nähili girdejini alyp boljakdygyny barada bilmek üçin

    Dokma materiallaryñ üstünde fiziki tejribeler (testler) geçirilende şeıle standart howa şertler üpjün edilmeli.

    ·       Otnositel howa çyglygy 65 +/-2%  we temperatura 20 +/-2 ºC  bolmaly.

    ·       Tropiki we sub-tropiki ıurtlarda başga howa şertleri ulanylyp biliner, ıagny otnositel howa çyglygy 65 +/-2% we temperatura 27 +/-2 ºC.

    Diñe çig malyñ häsiıetlrini bilemek ıeterli däldir. Onuñ hil görkezijilerini dolylygyna peıdalanmak üçin giñ tejribe we çuñ bilim gerek bolup durıar.

    Käte süıümiñ diñe bir görnüşini ıa-da partiıasyny ulanyp islenen hilli önümi almak bolanok. Şeıle ıagdaılarda dürli çig malyñ görnüşlerini we partiıalaryny saılap ulanmaly bolıar.

    Eger baha dogry berlen bolsa girdejiler artar. Şeılelikde hile baha bermek bu düşewüntlik üçin zerur işdir, ol hem müşterileri oñat hilli ıüplük bilen kanagatly etmegine ıardam edıär.

    Hünärmenler süıümi el bilen ıa-da göz bilen barlap çig malyñ hiline ıeterli dogrylyk bilen baha berip bilıärler. Emma soñky zamanalar, HVI ıaly kämil esbaplaryñ döredilmegi bilen satyn alynıan süıümiñ hilini goşmaça hil barlaıjyl enjamlar bilen barlamak maslahat berilıär. Hil barlaıjy enjamlar çig mal satyn alynanda süıümiñ hili barada we şol süıümiñ gerek hilli ıüplügi çykarmaga ıaramlylygy barada dogry karar etmek üçin köp maglumat berip bilıärler.

    Pagta süıüme baha berilende şeıle enjamlar ulanylıar.

    -nji jedwel. Hil barlaıjy enjamlar.

    Enjam

    Ölçeg

    Fibrograf

    Uzynlyk

    Pressley

    Süıümleriñ toparlaıyn berkligi

    HVI

    Uzynlyk, berklik, deñölçeglilik, mikroner, reñk, hapalyk

    Stelometer

    Berklik, uzalma

    Mikroner

    Inçeligiñ we ıetişigiñ utgaşdyrylan barlagy

    Shirley hapa ölçeıji

    Hapalaryñ mukdary

    El bilen

    Ştapel uzynlyk

    Çyglyk ölçeıji

    Çyglyk

    Kalorimetr

    İagtylyk we sarylyk. Reñk.

    Polıarizirlenen ıagtylykly mikroskop ıa-da Casricaire testi

    İetişik

    2.Çig maly saılamak.

              Birinji bilen üpjün edijini ıa-da agenti dogry saılamaly. Satyn alyjy diñe baglanşdyrylıan kontraktda gowy şertleri üpjün etmek bilen çäklenmän  üpjün edijiniñ ynamlydygyny barlamaly. Kä-bir üpjün edijiler ıa-da agentler bazarlardaky bahalar galanda belli bir bahana bilen çig maly üpjün etmekden boıun gaçyrıarlar ıa-da pes hilli çig maly üpjün edip başlaıarlar.

              Az sanly üpjün edijileri bilen ıa-da pagta söwdasy bilen meşgullanıan abraıly söwda edaralaryñ wekilleri (agentleri) bilen uzak-möhletleıin gatnaşyk dikeltmek amatly bolıar. Olar adatça bazardaky hiliñ we bahalaryñ ıagdaılary barada ygtybarly maglumat berip bilıärler. Şeılelikde satyn alyjy akylly kararlary edip bilıär. Köp tebigy süıümler, meselem pagta, zawod ıaly önümçilik şertlerinde öndürilıän önümler däldir. Şonuñ üçin satyn alyja bagly bolan üpjün ediji rugsat edilıän çäklerde üıtgeıän oñat hilli çig maly wagtynda getirip bilmeli.

              Satyn almakdan öñürti satyjyñ aıdan bahasyndan başga-da goşmaça çykdajylary göz öñünde tutmaly:

    ·       Satyjyñ ammaryndan çykandan soñ harydyñ  satyn alyja çenli ıetmegine sarp edilıän wagt. Eger bu möhlet uzak bolsa satyn alyjy has uly goşmaça çykdajylary çeker.

    ·       Daşamanyñ çykdajylary we salgytlar.

    Eger çig malyñ hiliniñ, agramyñ we daşalma wagtynyñ üstünde dawa çyksa satyjylar köplenç ony derrew we dostluk bilen çözmäge ymtylıarlar. Eger dawa başga bir araçynyñ (arbitratoryñ) garamagyna geçirilse, araçynyñ karary derrew güıje girmeli.

              Talaplary we islegleri mydama üıtgäp duran bazar şertlerinde çykaryljak önümiñ hilini dogry saılamaly. Satyn alyjy haısy ıüplük nomerini egirjekdigi barada dogry karar etmeli. Satyn alyjy önümçilik meıilnama (plan) boıunça öndürilmeli ıüplügi çykarmak üçin süıümiñ nusgasyny ulanyp biler. Köp egirmeçiler egirijilik ukybyny doly ulanmaıarlar. Meselem Ne 44 üçin ıaraıan pagta Ne 40 üçin ulanylıar. Kä-bir egirmeçiler artykmaç egirıärler. Meselem, olar Ne 40 üçin ıaraıan pagtany alıarlar we ony Ne 44 ıüplügi çykarmak üçin ulanıarlar. Emma gowy hili üpjün etmek üçin hem-de çig mala edilıän çykdajylary iñ pes derejede saklamak üçin iñ amatly nomer saılanmaly. Kä-bir egirmeçiler çig malyñ iki ıa-da ondan köp görnüşini satyn alyp olary garyşdyrıar. Onuñ üçin süıüm bilen ıüplügiñ häsiıetleriniñ özarabaglanşygyny gowy bilmeli. Satyn alyjy süıümiñ hiline baha bermek üçin çuñ bilimi we tejribäni gazanan bolmaly. Tejribehanalaryñ laborator enjamlarynda edilıän barlaglar diñe el bilen edilen barlaglaryñ dogrylygyny barlamak we tassyklamak üçin ulanylmaly.

    3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

    Uzynlyk bu süıümiñ iñ möhüm hil görkezjisidir. Ol täsir edıär:

    ·       Egirijilik ukybyna

    ·       İüplügiñ berkligine

    ·       İüplügiñ düzgünsizligine

    ·       Önümiñ ıalpyldysyna

    ·       İüplügiñ tülüligine

    ·       Öndürijilige

    Süıümleriñ ştapeliniñ el bilen taııarlanylyşy.

    Pagta süıüminiñ el bilen taııarlanan ştapeli.

    Uzynlyk öndürijilige üzülmeler sany, galyndylaryñ sany we berilmeli towlaryñ sany arkaly täsir edıär. 5mm-den gysga süıümler önümçilikde galynda bolup ıitıärler. 15 mm-den gysga süıümler ıüplügiñ berkligine ıardam etmän, diñe ıüplügiñ dolylygyny üpjün edip bilıärler.

     -nji jedwel.Pagta süıüminiñ uzynlyklaryñ bahalandyrylyşy.

    Toparyñ ady

    Uzynluk, mm

    İaraıan ıüplük nomeri, Ne

    Gysga ştapel

    25,4  we ondan kiçi

    İogyn 20-den pes

    Orta ştapel

    26 – 28

    Orta 20-34

    Uzyn ştapel

    28 – 34

    Inçe 34-60

    Has uzyn ştapel

    34 we ıokary

    Gaty inçe 80-140

    Bellikler:

    ·       Egirilıän nomer diñe ştapel uzynlygyna bagly däldir. Ol goşmaça inçelige we ulanylıan enjamlara bagly bolup durıar.

    ·       Uzynlyk el ştapelde ıa-da fibrografda (2.5% aralyk uzynlyk) ölçenilıär.

    Uzynlygyñ deñölçegliligine baha berlende şeıle iki görkezjiler ulanylıar.

    1)Deñölçeglilik indeksi UR (uniformity index)

    UR%

    Baha

    50-55

    Gaty gowy

    45-50

    Gowy

    40-45

    Kanagatlanarly

    35-40

    İaramaz

    30-dan aşak

    Ulanylyp bolmajak

    2)Deñölçeglilik gatnaşygy UI (uniformity ratio)

    UI

    Baha

    77-den  aşak

    Gaty kiçi

    77-99

    Kiçi

    80-82

    Ortaça

    83-85

    İokary

    85-den ıokary

    Gaty ıokary

    Inçelik ıüplügiñ kese kesiginde näçe süıüm sygyp bilıändigini kesgitleıär, şonuñ üçin ol möhüm görkezjidir. Kese kesige mümkin boldukça has köp süıümler sygdyrylmaly.

    İüplügiñ kese kesiginde inçe süıümleriñ has köp sanynyñ ıerleşişi.

    Süıümler näçe inçe bolsa şonça-da kese kesikde olaryñ sany artar, ıüplügiñ deñölçegliligi gowulandyrylar. Emma has inçe süıümler añsat nepsleri emele getirip bilıärler. Süıümleriñ inçeligine göni-däl baha bermek üçin çyzykly dykyzlyk ulanylıar. Dürli ıurtlarda bu ölçeg üıtgeşik bolıar. Uniwersal ölçeg hökmünde dteks, ıüpek önümçilikde denier, pagtada mikrogramm/inch ıaly ölçeg birlikleri ulanylıar. Pagta süıümiñ inçeligi köplenç mikroner ölçegi bilen ölçenilıär we alnan netijelere görä inçelige şeıle baha berilip biler:

    İnçelik(mikroner)                                   Baha

                 <   3                                         gaty inçe         

                 3  -  3,9                                         inçe

                 4  -  4,9                                         ortaça

                 5  -  5,9                                         galyñ

                  >  6                                         gaty galyñ

    Pagtada inçelik bilen ıetişik bir wagtda mikroner usuly bilen ölçenilıär. Mikroneriñ bahalary pagtañ dürli görnüşleri üçin 2.6 – 7.5 aralykda üıtgäp biler. Adatça mikroner görkezjini pagtañ inçeligi hem-de onuñ pylan nomerli ıüplügi çykarmaga ıaramlylygy  boıunça baha bermek üçin ulanıarlar. Mikroneriñ öz barlaıjy enjamy bar. Ilki bilen gowy tüıdülen we arassalanan pagtadan silindrik şekilli dykyzlanan nusgasy taııarlanylıar (agramy 3.24 gr). Soñ nusga mikroner enjama  goıulıar, şol ıerde onuñ içinden belli basyş bilen howa geçirilıär. Nusgadan geçıän howanyñ mukdary süıümleriñ inine bagly bolup durıar. Howanyñ akymy rotor-görnüşli ölçeıji bilen ölçenıär.

    Emma mikroner inçeligiñ we ıetişikligiñ utgaşdyrylan görkezjisi bolandygyny ıatdan çykarmaly däldir. Her pagtañ görnüşi üçin öz amatly mikroner bahasy bar. İagny mikroner seresaplyk bilen ulanylmaly. Pagtañ inçeligi gowaçañ görnüşine hem ıetişikligine bilelikde bagly bolup durıar, şu iki sebäpleriñ haısysynyñ täsiri ulydygyny bilmeli.

    Mikroner ıaly süıümleri köpçülikleıin ölçeıän enjamlardan daşary ıeke süıümleriñ inçeligini bir-birden ölçeıän usullar bar. İöne olar agyr we çykdajyly bolıarlar, sebäbi ynamly netijeleri almak üçin has köp sanly süıüm bir-birden ölçenilmeli. Mikroner bolsa dürli usullaryñ arasynda iñ ıönekeı, añsat we seretmäge amatly bolan  esbapdyr. Meşgur HVI enjamy hem mikroner barlaglary geçirip bilıär.

              Berklik halkara pagta söwdasynda köplenç lb/inch2 (bir kwadrat duımiñ funtlarda bolan agramy) bilen añladylıar. Bu ölçeme Pressley atly enjam arkaly amala aşyrylıar. Pressley görä süıümiñ berkligine şeıle bahalar berilip biler:

      93                                      gaty berk

    87  -   92                                    berk

    81  -   86                                     ortaça

    75  -   80                                   erbet däl

    70  -   74                                    gowşak        

     70-den pes                               gaty gowşak

    Pressley usulyna tapawutlylykda Stelometer we HVI ulgamynda berkligi ölçemek üçin g/teks ölçeg birligi ulanylıar. Pagta süıümiñ berkligi 15-40 g/teks aralykda bolıar. Gowy pagtada berklik 25 g/teksden aşakda bolmaly däldir. Kä wagt süıümleriñ berkligi cN/teks birliklerde ölçenilıär. Pagta süıümleriñ berkliklerine şeıle baha berilıär:

    g/teks

    Baha

    23-den kiçi

    Gowşak

    24-25

    Aralyk

    26-28

    Ortaça

    29-30

    Berk

    31-den ıokary

    Gaty berk

     Berklik has berk ıüplükler çykarmak we ıokary işleniş tizlikleri saılamak üçin süıümiñ zerur häsiıetidir.

    Elastiklik (uzalma) ıüplügiñ üzülen wagty uzalmasyny kesgitleıär we ıüplügiñ sezewar boılan agramlaryna garşy durmak häsiıetine täsir edıär. Bu görkezji pagta üçin 6-10%, ıüñ üçin 25-45% aralykda bolıar. Üzülme uzalmasy bilen üzülme berklik bir wagtda ölçenilıär. Süıümleriñ uzalmasynyñ artykmaç bolmagy hem dokma önüm üçin gowy zat däldir. Çüñki bu ıagdaıda çekim işler agyrlaşıar.

              İetişiklik pagta süıüminiñ sellıuloza gatlaklaryñ galyñlygy bilen bagly. Şol gatlaklar süıümiñ galyñlygy bilen baglylykda näçe uly bolsalar şonça-da süıüm has ıetişen hasaplanylıar. İetişik dürli himiki usullar bilen kesgitlenıär. Eger sellıuloz gatlagy hiç emele gelmedik bolsa bu süıüm öli diıilip hasaplanıar. Olar gaty inçe bolıarlar. İetişik boıajylyk ukyba uly täsir edıär. Sebäbi pagta önümler boıalanda boıag maddalar sellıuloza bilen baglanşdyrylıar. İetişmedik ıa-da öli süıümler boıagy gowy almaıar we hile ıaramaz täsir edıärler.

              İetişiklige baha bermek üçin ıetişiklik gatnaşygy (iñlisçe Maturity ratio) ulanylıar:

    İetişiklik gatnaşygy = (( Normal - Öli)/200) + 0.70

    Bu ıerde:
    N - % normal süıümler
    D - % öli süıümler

              Pagta süıüminiñ diwarynyñ we içki kanalyñ (lıumen) özara gatnaşygyna baglylykda şeıle bahalar berili biliner:

    1.    İetişen : (Lumen ini "L")/(diwaryñ galyñlygy"W") <1

    2.    İarym ıetişen: (Lumen ini "L")/(diwaryñ galyñlygy"W") 1-den uly we 2-den kiçi

    3.    İetişmedik : (Lumen ini "L")/(diwaryñ galyñlygy"W") >2

    Mundan başga ıetişik koeffisiıenti ulanylıar (iñlisçe Maturity Coefficient)

    İetişik koeffisiıenti = (M + 0.6H + 0.4 I)/100

    Bu ıerde:

    M – ıetişen süıümleriñ mukdary, % 

    H – ıarym-ıetişen süıümleriñ mukdary,
    I – ıetişmedik süıümleriñ mukdary, % 

    Eger ıetişiklik koeffisiıenti

              Pagtadaky özge maddalaryñ mukdaryna baglylykda arassalyga şeıle bahalar berilip biler:

    Özge maddalaryñ mukdary

    Baha

    !,2 çenli

    Gaty arassa

    1,2 – 2,0

    Arassa

    2,0 – 4-0

    Orta

    4,0 – 7,0

    Hapa

    7,0 we ıokary

    Gaty hapa

    Pagtadaky tozanlar dürli mikroskopik bölejiklerden durup emele gelıärler. Tozanlar önümçilikde hapalyk, saglyga zyıan, rotor egirmede üzülmeleriñ artmasy ıaly meseleleri ıüze çykarıar. Tozanlaryñ ölçegine baglylykda olar şeıle toparlara bölünip bilerler:

     

    Bölejikleriñ ululygy(µm)

    Hapa

    500 we ıokary

    Tozan

    50 – 500

    Mikrotozan

    15 – 50

    Dem alynıan toz

    15 we ondan kiçi

    Şirelik önümçilikde uly meseleleri döredip bilıän süıümiñ aıratynlygydyr. Ony dürli himiki metodlar arkaly kesgitlemek mümkin bolıar.

    Elläniñde ıakymlygy. Eger süıüm elläñde ıylmanak duıulsa, onda bu süıümden has ıylmanak ıüplügi çykaryp bolar. İylmanak ıüplükden has gowy matalary dokap bolıar.

    Reñk pagta süıüm synplaşdyrylanda möhüm bir görkezjidir. Çüñki pagtañ reñkine seredip onuñ keseli geçiren ıa-da geçirmedigini, ıagşyñ aşagyna düşendigi barada bilip bolıar. Pagtañ reñki başga-da köp hil görkezjiler bilen berk baglanşyklydyr. Pagta egirme fabriklerde  garyşdyrylanda reñk tapawut ıüze çyksa önüm ala bolar (abra hadysasy). Reñke baha berilende iki ölçeg ulanylıar: %Rd (ıalpyldy) we b+ (sarylyk). Bu bahalar kalorimetrde (Nickerson-Hunter) ıa-da HVI enjamynda tapylıar. Söwdada reñke baha berlende şeıle toparlara bölüniş ulanylıar:

    Light

    Çal ıa-da çala goñur reñkli

    Spotled

    Tegmilli, goñur reñkli

    Tinged

    Goıy sary reñkli

    Yellow stained

    Goıy sary reñkli we tegmilli

    Pagta süıüme synp (klass) berilende reñk, hapalyk we çigitden arassalanmagyñ hili gö öñünde tutulıar. Synp näçe ıokary bolsa, şonça-da ıüplügiñ daşky görnüşi gowy bolar we az galyndy emele geler. Her ıurtda dürli synplaşdyrma ulgamlar ulanylıar. GDA ıurtlarynda Sowt Soıuzdan galan 7 sortlara bölünişi ulanylıar. ABŞ-de we Türkiıede bölüñiş şeıledir:

    ABŞ-de pagtanyñ synplara bölünişi (AMERICAN UPLAND görnüşi üçin)

    S.NO

    SYNP/GRADE

    ALAMAT/SYMBOL

    KODY/CODE

    1(iñ gowysy)

    GOOD MIDDLING

    GM

    11

    2

    STRICT MIDDLING

    SM

    21

    3

    MIDDLING

    M

    31

    4

    STRICT LOW MIDDLING

    SLM

    41

    5

    LOW MIDDLING

    LM

    51

    6

    STRICT GOOD ORDINARY

    SGO

    61

    7

    GOOD ORDINARY

    GO

    71

    8(iñ pesi)

    BELOW GRADE

       

    Türkiıede pagtanyñ synplara bölünişi

    1(iñ gowysy)

    Ekstra

    2

    Mıntıka

    3

    Garanti

    4

    Sıra

    5(iñ pesi)

    Benekli

     Barlag soraglary:

    1.    Çig malyñ hili haısy howa şetrlerde we enjamlarda barlanıar?

    2.    Çig mal saılananda haısy ıagdaılar göz öñünde tutulmaly?

    3.    Pagta süıüminiñ hil görkezjileriniñ toparlara bölünişi.

     

  • ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz