NORSEL

1992- n jiýylyñ Nowruz aýyndan başlap Türkmenistanda NORSEL INTERNEYŞNAL KOMPANİŸASYNYÑ bilelikdäki dokma kärhanalary gurlup başladylar. Soñky on ÿyl içinde dokma senagaty önüm öndürmek, ilaty işe ÿerleşdirmek hem-de öndüren önümlerini ÿurtlara çykarmak boÿunça Türkiÿede iñ öñde baryjy pudaklaryñ birine öwrüldi. Bundan ugur alyp, dokma senagatyna maÿa goÿumlaryny ÿaÿbañlandyrmak maksady bilen 1992-ñjy ÿylda çäklendirilen jogapkärçilikli Norsel Interneÿşnal limited kompaniÿasy döredildi. Bu kompaniÿa amatly ÿurtlarda müşderileriñ talaplaryny kanagatlandyrÿan telekeçilik işlerini hem-de ÿokary hilli önümleri öñde baryjy tehnologiÿanyñ kömegi bilen öndürmekligi, gazanmaklygy özünyñ belent missiÿasy hasap edÿär. Turuw başdan Norsel Interneÿşnal limited ähli maÿa goÿumlaryny Türkmenistanda ÿerleşdirip, öz merkezini hem onüñ paytagtynda - Aşgabatda açdy. Mälim bolşy ÿaly Norsel maÿa goÿumlary hem-de dürli taslamalar bilen meşgul bolÿar. 1994-njy ÿylda esaslandyrylan Walford Holding Limited bolsa dokma fabriklerini tygşytly hem-de peÿdaly ışletmek bilen meşguldyr. Bogaziçi Dyş Tijaret A.Ş. firmasy bolsa Türkiÿe bilen eksport-import işlerini amala aşyrÿar. Şeÿle hem 1998-njy ÿylda açylan "Karakum Konstrakşn Limited" firmasy gurluşyk işlerini alyp barÿar. Agzalan bölünip aÿrylan firmalarda hem ukyply we tejribeli işgärler işleÿarler we 2000-njy ÿylda olara ÿene-de bir marketing hem-de söwda markasy bilen meşgullanÿan bölünip aÿrylan firma goşular.

Norsel bır-näçe fabrigiñ gurluşygyny tamamlady. Bularyñ hemmesi Türkmenistanyñ döwleti bilen bilelikde döredilen kärhana bolup, olarda jemi 2160 işçi işleÿär. 2000-njy ÿylda 150 mln. amerıkan dollarlyk önüm öndürjek täze ÿüplük hem-de mata dokma fabriklerı işe giriziler. Egiriji pudagyñ öndürÿän ÿokary hilli sapaklary ¥ewropanyñ hem-de ABŞ-nyñ bazarlaryna çykarylmaga niÿetlenÿän erkek adamlar üçin köÿnekler hem-de şortlar tikmek üçin ulanylar. Norseliñ Türkmenistanyñ dokma ministrligi bilen amala aşyran iñ meşgur we uly taslama bu GYPJAKDAKY SAPARMYRAT NIŸAZOW ADYNDAKY TEKSTIL KOMPLEKSY. Kompaniÿanyñ öndürÿän önümleri şulardan ybarat:
- Yüplük
- Reñkli örülen trikotaj matalar
- Tikilen trikotaj önümleri.

  Esasy tehniki-ykdysady görkezijiler. 

GYPJAKDAKY SAPARMYRAT NIŸAZOW ADYNDAKY TEKSTIL KOMPLEKSY.
http://www.norselint.com/gifs/kip1b.jpg
Umumy maglumat
Aşhabad
tan 15 km uzaklykda ÿerleşÿär, 100% trikotaj pagta önümlerini öndürÿär hem-de şu sehleri öz içine alÿar:
-
OPEN-END (howa arkaly) egirme sehi;
-
Tegelek (sirkulÿar) örüji seh;
- Boÿaÿjy, ÿazgyn gül basyjy, öÿjükli gül basyjy, transfer basyjy seh;
- Taÿar trikotaj önümler sehi.

Ýapyk meýdan 30000 kw.m.

Maşynlaryñ ýoly we trotuarlar 29000 kw. m.

Ýaşyl meýdança 24000 kw. m.

Jemi tutýan meýdan 83000 kw. m.

Toplum 1997-njy ÿylda işe girizildi.
  Onda jemi 1200 adam 3 smena (çalşyk) boýunça işleÿär.

OPEN-END EGİRME SEHİ
Ÿyllyk öndürijilik kuwwaty 4250 tonna 30/1 Ne ÿüplük. 1996-njy ÿylda goÿberilen Şlafhorst firmasynyñ Autokoro parafin(şemli) mehanizimli OPEN-END maşynlaryñ 6 sany bar. Her maşynyñ 288 rotory bar hem-de 4o20' konusly babinasy bar. 2006-n ji ýylda gosmaca RIETER firmasynyñ iki sany R40 kysymly 280 rotorly OPEN-END maşyny oturdyldy. Önüm 8/1 - 30/1 Ne aralykdaky ölçeglerde goÿberilÿär.

ÖRÜJİ SEH
Bu sehde 1996-njy ÿylda goÿberilen, bir çanakly Kamber markaly stanok bar. Onuñ tehniki häsiÿetnamasy şu aşakdakylar:
- Galyñlygy 28, 30-32 düÿmlik laÿkra mehanizmli jersi stanogy;
- Galyñlygy 18, 30 düÿmlik, ÿüzi tüÿjik mata dokalÿan stanok;
- Kuo Heng markaly ÿaka örÿän stanok.

Ÿyllyk öndürjilik kuwwaty 3500 tonna çal reñkli jersi matasy (110 g/m2) we 500 tonna (130 g/m2) çal tüÿjik trikotaj mata

BOŸAŸJY, ŸAZGYN GÜL BASYJY, ÖŸJÜKLI GÜL BASYJY, TRANSFER BASYJY SEH.
1996-njy ÿylda goÿberilen maşynlar bilen enjamlaşdyrylan bu sehde şeÿle işler amala aşyrylÿar:
- 500 kg, 400 kg, 300 kg, 200 kg we 25 kg trikotaj matalary guÿma usuly bilen boÿamak;
- 6 dürli reñkli ÿazgyn gül basma;
- 7 dürli reñkli öÿjükli gül basma;
- transferli gül basma;
- guratma, matany girmezlik üçin işleme we pet çalma;

-         2005-n ji ýylda RAM maşyny oturdyldy.


 

-         TAŸAR TRİKOTAJ ÖNÜMLER
Bu sehde 700 adam işleÿär. Onda 1996-njy ÿylda goÿberilen stanoklaryñ ençemesi bar:
- Assist markaly galyplaÿjy we ÿygnalÿan, matany ÿazÿan stanok;
- Ÿuki markaly elektron 1 gat tikÿän maşyn;
- Ÿuki markaly 3,4,5 sapak alÿan owerlok syraÿan maşyn;
- Ÿuki markaly ilik üçin deşik deşÿän we ilik çatÿan maşyn;
- Ÿuki markaly goşa iññeli syraÿan maşyn;
- Ÿuki markaly etek kesiji maşyn;
- Ÿunion Speşial markaly gyra hem-de guşak tikÿän maşyn;
- Ÿunion Speşial markaly 12 iññeli kemer tikÿän maşyn;
- Ÿunion Speşial markaly matanyñ gyrasyna piko gaÿaÿan maşyn;
- Malkan markaly bugda işleÿän ütük maşyny.

Ÿyllyk öndürijilik kuwwaty - 12,000,000 tenniska barabar.

  

Используются технологии uCoz