1.   Mata näme.   Dokma stanogynda matany emele getirmegiň usuly.

Dersiň maksady şu ugurdan okaýan talyplara dokma önümçiliginde öndürilýän ähli matalaryň gurluşyny we ýüwürdilişiniň önümçilik we ulanyş şertlerinde matalaryň gurluşynda we ýüwürtmekliginde bolup geçýän üýtgeşmeleri öwrenmekden matalary ýüwürtmegiň we öndürmegiň aýratynlyklaryna dogry baha bermekden ybaratdyr.

Mata - bu önüm bolup, ol dokma stanogynda 2 sany özara dik ýerleşen sapaklaryň ulgamlaryň özara baglanyşygy ýa-da dokalyşynyň kömegi bilen emele getirilýär.

Matanyň ugruna gidýän sapaklara eriş, keseligine gidýän sapaklara bolsa argaç sapaklar diýilýär.

1-nji surat. Matadaky eriş we argaç sapaklary.                  

Matany dokma stanogynda emele getirmegiň tilsimat çyzgysy 2-nji suratda görkezilendir.

    2-nji surat. Matany dokma stanogynda emele getirmegiň çyzgysy. 

Eriş sapaklary 2 dokma tütesi 1 çözülip, geriş 3 üstünden geçýär. Geriş eriş sapaklarynyň ugruny üýtgetmek we bir gyra deň çekim bilen dartylmagyna şert döretmek üçin niýetlenendir. Soňra eriş sapagy lamelleriň 4 we küjiler 5 gözjagazlaryndan geçýär. Lameller eriş sapagyny üzülmeden goramak üçin niýetlenendir. Küjiler eriş sapaklaryny aşak-ýokaryk hereket etdirip, olaryň arasynda boşlugy emele getirýär. Şol boşluk agyz 6 diýilip atlandyrylýar. Emele getirilen agyzdan mäkiniň 8 ýada baş usulyň kömegi bilen argaç sapagy geçirilýär. Geçirilen argaç sapagy darak 7 kömegi bilen matanyň kenary 9 kakylýar. Bu proses yzygiderli gaýtalanyp durulýar. Emele getirilen matanyň düzümjesi emele geliş zolagyndan törpüli oklaw 10 kömegi bilen aýrylyp gidilip, haryt oklawy 11 saralýar. Bu operasiýalar matanyň her bir düzümjesi emele getirlende gaýtalanýar. Matanyň täze düzümjesi daragyň her bir kakmasynda emele gelýär.

2.   Matanyň gurluşynyň esasy kanunalaýyklyklary. Matanyň gurluş tertipleri.

Mata emele getirilen ýagdaýynda eriş sapaklara belli bir çekim bilen dartylmalydyr.

Matanyň gurluşy bu eriş we argaç sapaklarynyň matada özara ýerleşmegidir. Dokma stanoklary öz işleýän ýüplüklerine baglylykda aşakdaky görnüşlere bölünýärler:

-        agyr-aparat ýüň ýüplügi hemde zygyryň gury egirmesiniň ýüplikleri;

-        orta-nah ýüplükleriden;

-        ýeňil-ýüpek we ýüňüň grebenli egirmesinde alnan ýüplüklerden;                                

Mata emele getirlende eriş we argaç sapaklary dürli ýagdaýlarda bolup işleýärler. Sapaklaryň matada ýerleşişiniň dürli-dürli ýagdaýlaryny professor N.T.Nowikow mümkin bolan gurluşynyň özaralarynyň tertibiniň 9-dan biri hökmünde seretmegi maslahat berýär. Tertiplerde  haýsy hem bolsa bir topar sapaklarynyň merkezinden geçirilýän göni çyzyga olaryň ýerleşiş derejesi diýip aňladylýar.

Gurluşyň tertibi san we derejeleriň özara ýerleşişi bilen

Eriş sapaklary bir derejede ýerleşen argaç sapaklary bolsa iki derejede ýerleşendir.

Eriş sapaklarynyň egilmesi he=0;ha=max ölçeglerde egilýärler.

Birinji gurluş tertibinde matalary dokma stanogynda öndürmek örän kyndyr. Sebäbi eriş sapaklary bir derejede argaç sapaklary bolsa iki derejede ýatýarlar we bu gurluş tertibiniň matalaryna eriş boyunça dykyzlandyrlan diýip atlandyrylýar. Nah mata önümçiliginde bu tertibe golaý gurluşly moleskina (dykyz) görnüşli matalar dokalýar.

IX-gurluş tertibinde argaç sapaklary bir derejede etap eriş sapaklary iki derejkede ýerleşýärler.

h e=max

h a=0

3.   Matanyň galyňlygyna gurluş tertibiniň edýän täsiri.

Matanyň gurluş tertiplerindäki eriş we argaç sapaklarynyň ölçegleriniň deňlik hemişeligi

h e+ha=de+da=const.

  Gurluşda ulanylýan matalar esasan IV,V,VI-gurluş tertiplerinde öndürilýär. Bu matalarda eriş we argaç sapaklarynyň çyzykly dykyzlyklary deň bolan ýagdaýynda matalaryň eriş boyunça dykyzlygy argaç boyunça dykyzlygyndan 1,1-1,45 esse ýokarydyr.

3-nji surat. Matanyň gurluş tertipleri.

Используются технологии uCoz