Matanyň analizi we ony ýerine ýetirmegiň usullary.

 

1.              Eriş we argaç sapaklaryny, olaryň ugurlaryny kesgitlemeli.

2.              Dokma sapaklarynyň häsiýetlerini kesgitlemek.

3.              Sapaklaryň çyzykly dykyzlygyny we towlarynyň ugruny kesgitlemeli.

4.              Matalaryň dykyzlygyny kesgitlemek.

5.              Sapaklaryň matadaky urabotkasyny kesgitlemek.

 

        Matalaryň ýüz we arka taraplaryny aňladýan alamatlar köpdir: olaryň käbirleri bilen matalaryň bir görnüşini, käbirleri bilen bolsa beýleki görnüşlerini kesgitläp bolýar. Timarlama hadysalaryndan geçen matalaryň köpüsinde olaryň ýüz we arka taraplaryny kesgitlemek känbir kynçylyk döretmeýär, ýagny matanyň ýüz tarapynda aýdyň basma şekili ýa-da dokalyşyň şekili bolýar. Eger-de matanyň dokalyş şekili diagonal görnüşinde bolsa, onda matanyň ýüz tarapynda diagonallar aşakdan ýokarlaýyn, çepden saga gönükdirilendir. Eger matanyň ýüzi argaç sapaklary bilen örtülen bolsa satin, eriş sapaklary bilen örtilen bolsa atlas bolup, olaryň ýüz tarapy ýalpyldawuk, arka taraplary tutuksy bolýar. Haçanda mata dürli ýüplükden dokalanda, onuň ýüz tarapyny oňat hilli eriş sapaklarynyň örtgisi tutýar.

        Iki ýüzli matalarda (ýüz we arka taraplarynyň tapawudy bolmadyk) haýsy hem bolsa bir tarapy ýüz diýip kabul etmek bolýar, ýöne sarža we diagonal dokalyşy bilen dokalan matalaryň ýüz tarapy diagonallaryň ugry bilen kesgitlenilýär.

        Mawut matalarynyň ýüz tarapy oňat timarlanan tarapydyr. Irimçek mawut matalarynyň ýüzünde käwagt sütükler bolýar.

        Pike dokalyşynda öndürilen matalaryň ýüz tarapynda polotno dokalyşynyň emele getiren relýef üsti tutýar.

        Agardylmadyk argaçdan-sütükli matalaryň ýüz tarapyny argaç sapaklaryndan emele getirilen düşek tutýar. Taýýar agaçdan-sütükli matalaryň ýüz tarapyny argaç sapaklaryndan sütük tutýar.

        Agardylmadyk we taýýar erişden-sütükli matalaryň ýüz tarapynda eriş sapaklaryndan sütük bolýar. Iki tarapyna geçirilip dokalan halkaly matalaryň ýüzi diýlip iki tarapyna-da aýdyp bolýar. Eger halka diňe bir tarapynda bolsa ol onuň ýüz tarapydyr.

        Garasy bar bolan matalaryň eriş we argaç sapaklarynyň ugruny kesgitlemek örän ýönekeýdir: eriş sapaklary gyra parallel, argaç sapaklary bolsa perpendikulýar ýerleşendir. Eger-de matanyň gyrasy bolmasa onuň eriş we argaç sapaklaryny kesgitlemek kynçylyk döretmeýär.

        Köp matalarda eriş sapaklary uly towly, berk we tekiz, argaç sapaklary az towly ýumşak we tüýjümek bolýarlar.

        Matalaryň köpüsiniň eriş boýunça dykyzlygy argajyň dykyzlygyndan ulydyr.

        Matanyň haýsy hem bolsa bir ugrunda towly sapak, beýleki ugrunda ýeke sapak bolsa, onda towly eriş sapagydyr.

   

        Eger matada dürli sapaklar utgaşdyrylan bolsa, eriş we argaç sapaklary aýratyn çig maldan öndürilendir:

ýarym ýüz matalarda: eriş–nah sapak, argaç–ýüň sapak;

ýarym ýüň matalarda: eriş-nah sapak, argaç-wiskoza,

   asetat we şuňa meňzeşler.

 

Matanyň ýüzünde dürli reňkli sapaklardan zolaklar bar bolsa, onda şol zolaklar bar bolsa onda şol zolaklar eriş sapagynyň ugrydyr. Haçanda matada fason towy berlen sapak ulanylan bolsa, ol argaç sapagydyr. Bir gatly matalardan çykarylan eriş sapaklary argaja garanyňdan az egrelendir, şonuň esasynda mata eriş sapagynyň ugruna az süýnýändir.

Köp gatly matalarda eriş sapaklary gatlary birleşdirilýär we uly egrelmelere sezewar bolýar.

Goşup örülen matalarda olar eriş sapagydyr.

Argaçdan – sütükli matalarda sütük argaç sapaklaryndan, erişden – sütükli matalardan bolsa eriş sapaklaryndan emele getirilendir. Goşup örülen matalarda örümiň ugruna bolan sapak erişdir.

Pike dokalyşynda öndürilen matalarda: ýönekeý pikede-3 ulgama sapak (iki eriş we iki argaç).

Matalary dokamak üçin dürli sapaklar kompleksleýin we monofil bolýar.

Kompleks sapaklar – diýip birnäçe elementar süýümlerden durýan, tükeniksiz uzynlygy we ýelimleme ýa-da tow berme arkaly alynýan sapaklara aýdylýar.

Eger-de sapak ýeke-täk elementar süýümden durýan bolsa oňa monofil sapak diýilýär.

Ýüpek – diýip birnäçe gysgajyk süýümleriň egirme we tow berme arkaly alnan sapaga aýdylýar. Garyşyk sapaklar elementar sapaklary we süýümleri goşmak arkaly alynýar.

Sapagyň çyzykly dykyzlygy onuň massasynyň uzynlygyna bolan gatnaşygyna deňdir. Onuň ölçeg birligi – Teksdir.

Sapaklaryň çyzykly dykyzlygynyň kesgitlemek üçin nusgalyk matadan 5,10,20 sany eriş we argaç sapagyny sogrup almaly, ýöne sogrulyp alnan sapaklaryň uzynlygy takmynan        0,5 m bolmalydyr. Soňra her bir eriş we argaç sapagynyň uzynlygyny ölçäp, olaryň umumy uzynlygyny tapýarlar.

Torsion terezilerde sogrulyp alnan eriş we argaç sapaklaryny aýratynlykda çekýärler.

Sapaklaryň çyzykly dykyzlygy (Teks);

 

 

bu ýerde: m-sogrulyp alnan sapaklaryň umumy massasy (gr);

                L-sogrulyp alnan sapaklaryň umumy uzynlygy (km);

 

        Dürli çyzykly dykyzlykly sapaklar birleşdirilip tow berlende aşakdaky ýaly tapylýar:

 

 

bu ýerde: T1,T2,Tx-ýekebara sapaklaryň çyzykly dykyzlyklary;

                 y1, y2,…yx – degişlilikde sapaklaryň ukrutkasy;

       

Eger-de mata 2,3 we birnäçe sapaklar goşulan towly sapaklardan dokalan bolsa, onda her bir ýekebara sapagyň çyzykly dykyzlygyny tapmalydyr.

        Sapaklaryň towynyň ugruny kesgitlemek üçin nusgalyk matadan iňňe bilen sogrulyp çykarylýar we soňra sapagyň bir tarapyndan tutup onuň towuny çözmeli. Egerde towuň ugry aşakdan çepe, ýokardan saga bolsa onda tow sag tarapa (Z), sagdan aşak, ýokardan çepe bolsa onda tow çep (S) tarapadyr.

        Matanyň eriş we argaç boýunça dykyzlygyny kesgitlemek.

        Matanyň gurluşyna baglylykda onuň dykyzlygy 1, 5, 10 sm uzynlykda tapylýar.

        Seýrek dykyzlykly mata diýip, onuň sapaklarynyň aralygy olaryň diametrinden uly tow berlen sapaklaryň çyzykly dykyzlygyny tapmak üçin olaryň ukrutkasyny (sapaklaryň tow berlende gysgarmasyny) ýa-da bir metr sapakdaky towlaryň sanyny bilmeklik zerurdyr. Towly sapaklaryň ukrutkasy olaryň başlangyç uzynlygy (L1) bilen tow berlenden soňky uzynlygy (L2) arasyndaky tapawudyň onuň başlangyç uzynlygyna prosent gatnaşyngyndan tapylýar.

 

 

bu ýerde: α – towuň koeffisiýenti;

       

Ol şu aňlatma bilen tapylýar:

 

 

bu ýerde: Kf – 1 m sapakdaky towlaryň hakyky sany;

                Tf – sapagyň hakyky çyzykly dykyzlygy, Teks.

 

Birmeňzeş çyzykly dykyzlykly n sany birleşdirilen towly sapaklaryň çyzykly dykyzlygy ukrutkany göz öňünde tutmak bilen aşakdaky aňlatmadan tapylýar:

 

 

bu ýerde: T – ýekebara sapagyň nominal çyzykly dykyzlygy;

                n – tow berlende goşulýan sapaklaryň sany;

 

 

 

        Eriş we argaç sapaklary matany emele getirme hadysasynda özara täsir etmegiň netijesinde egrelýär. Şonuň bilen hem mata girizilen sapaklaryň uzynlygy bilen matanyň uzynlygynyň arasyndaky tapawut düşündirilýär.

        Eriş sapaklarynyň urabotkasy ae – diýip eriş sapaklaryň uzynlygy we ondan dokalan matanyň uzynlygynyň tapawudyna aýdylýar.

        Argaç sapaklaryň urabotkasy aa – diýip zewden geçirilen sapagyň uzynlygy bilen taýýarlanan matanyň ininiň arasyndaky tapawuda aýdylýar.

        Sapaklaryň urabotkasyny aşakdaky usullaryň kömegi bilen kesgitlemek bolýar:

        Matadan sogrulyp göneldilen sapagyň uzynlygy bilen matanyň uzynlygynyň tapawudyny hasaplamak bilen.

        Mata girizilýän sapagyň uzynlygyny we matanyň ölçegiň tapawudyny kesgitlemek arkaly.

        Birinji usul boýunça urabotkany hasaplamak üçin nusgalyk matadan iňňe bilen 5–10 sany eriş we argaç sapaklaryny çykarmaly we olary göneldip olaryň uzynlygyny kesgitlemeli. Soňra aňlatmalar arkaly urabotkalaryň göterimlerini kesgitlemek bolýar:

   

bu ýerde: Le we La – laýyklykda göneldilen eriş we argaç

                            sapaklaryň uzynlygy;

                Lem we Lam – matanyň eriş we argajyň ugry boýunça

                            uzynlygy;

 

        Bu usul bilen kesgitlenen urabotkanyň göterimi takyk däldir, çünki sapaklary başlangyç uzynlygyna göneltmek örän kyn. Şonuň üçünem bu usul bilen urabotka kesgitlenende 5–10 sany arifmetiki hasaplaryň orta bahasy alynýar.

        Matanyň çykarylan sapaklaryň uzynlygy süýndirme maşynynda ýa-da tow ölçeýjide kesgitlemek bolýar.

        Ikinji usul boýunça dokma stanogynda sapaklaryň urabotkasyny kesgitlemek üçin erşiň we ondan dokalan matanyň belli bir bölegini ölçeýärler we ýokarda görkezilen aňlatmanyň kömegi bilen urabotkany kesgitleýärler.

Используются технологии uCoz