Tema:

Inçe daraıjy maşynlaryň gurluşy we işleışi.

 

Işiň maksady:

Süỳümiň esasy hil görkezjilerine  baha bermek.

 

İumuş:

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

2.Çig maly saılamak. Wentilıator Süıümler we howa garyşyk

3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

 

1. Işçi bölekleri we olaryň sazlanşynyň inçe darama edỳän täsiri.

Iỳmitlendirmegiň uzynlygy – bu inçe daramañ möhüm görkezijisi bolup, galyndylaryň mukdaryna, inçe daramagyň hiline hem-de öndürijilige uly täsir edỳär. Iỳmitlendirme uzynlygy näçe uly bolsa öndürijilik hem ulalıar, emma önümiñ hili ỳaramazlaşıar, aỳratynda watkanyň arassalygyna zyỳan ỳetirilıär. Şeỳlelikde önümiň hiline bolan talap näçe ỳokary bolsa, şonçada iỳmitlendirmegiň uzynlygy pes edilip sazlanmaly. Sazlamany süỳümiň uzynlygyna baglanyşdyrmaly.

Iỳmitlendirmegiň görnüşleri – iki topara bölünỳär:

·       gabat gelỳän iỳmitlendirme - watkanyň gysaça tarap iỳmitlendirilişi, gysaçlaryň goparma silindrlere tarap hereket eden pursatynda bolup geçỳär;

·       garşylyklaỳyn iỳmitlendirme - watkanyň iỳmitlendirilişi gysaçlaryň yzyna gaỳdan wagty bolup geçỳär;

Gabat gelỳän iỳmitlendirme önümiñ hiline bolan talaplar güỳçli bolmadyk ỳagdaỳda we ỳokary öndürijilik gerek bolan ỳagdaỳda saỳlanylyp alynỳar. Şonda galyndylaryň mukdary 5-12 % bolỳar. Haçanda ỳokary hil gerek bolanda garşy iỳmitlendirme ulanylmaly bolỳar, şonda çykỳan galyndylar 12-25 % aralykda bolỳar. Häzirki zaman ỳokary öndürijilikli maşynlar (inçe darama taỳỳarlaỳjy we inçe daraỳjy maşynlar) ulanylanda garşy iỳmitlendirme kän bir gerek bolmaỳar.

Goparmanyň sazlanylyşy.

 Bu sazlama gysaçlaryň hem-de goparma silindrleriň arasyndaky iň ỳakynlaşan ỳagdaỳynda bolan aralygy sazlamagyna degişli. Goparmanyň sazlamasy galyndylaryň mukdaryna täsir etmegiň iň esasy serişdesini berỳär. Aralyk näçe uly edilip sazlansa, galyndylaryň mukdary hem ỳokary bolar, arasy kiçi bolsa degişlilikde galyndylar azalıar.

Egirmeçi bu görkezijini öz ỳagdaỳyna görä amatly edip sazlamaly. Eger goparma aralygy amatly derejeden ỳokary bolsa, hil kän bir gowylandyrylmaz (kemçilikleriň sanyndan daşary). Goparma aralyk pagta egirmede 15-25 mm aralykda bolỳar. Eger maşynyň sazlanylyşy (şol sanda goparma aralygy) üỳtgedilmese, şol bir wagtda inçe daramadan çykıan galyndylaryň mukdary üỳtgäp duran bolsa sebäp maşynyň özünde bolmaz, ol çig malda bolar (ıagny, çig malyň häsiỳetleri üỳtgäp biler).

Darakdaky täsir ediji nokatlaryň (iňňeleriň we dişleriň) sany.

Köne maşynlaryň daraklary iňňeler bilen örtülỳärdi. Iňňeleriň dykyzlygy hem-de inçeligi çig mala görä saỳlanylỳardy. Ỳokarky darak henizem şeỳle örtülỳär, emma tegelek (silindrik) daraklaryň örtgüsi üỳtgedi. Şu gün tegelek daraklar üçin byçgyly dişli örtgi has giň ulanylỳar. Iňňelere garanyňda täze örtgüler has berk, az seredilişi talap edỳär we hemme ỳerde ulanylyp bilỳär. Daraklar inçe daraỳjy maşynda esasy işi ỳerine ỳetirỳär, şonuň üçin olaryň hile edıän täsiri hem ulydyr. Ỳokardaky darakdaky iňňeleriň kese-kesigi tekizdir, olar gyşaran görnüşde ıasalıar. Nokatlaryň ỳagny, iňňeleriň dykyzlygy 23-32 iňňe/sm aralykda bolỳar. Eger ỳokary öndürijilik we az galyndy talap edilse azrak iňňe goỳulỳar. Iňňeleriň sany näçe köp bolsa, şonçada galyndylaryň mukdary köp bolar.

Ỳokarky daragyň girmeginiň çuňlugy.

Bu görkeziji galyndylaryň mukdaryna täsir edỳär. Eger ỳokarky daragyň materiala girmeginiň çuňlugy 0,5 mm köpelse, galyndylaryň mukdary takmyn 2 % köpeler. Mydama bolşy ỳaly blar ıaly ıagdaıda iň amatly bahany tapmaly, sebäbi eger ỳokarky darak juda çuň girse süỳümleriň birleşdirilende edıän hereketi kynlaşar, netijede hil ỳaramazlaşıar. Beỳleki tarapdan pagta egirmede daragyñ girmeginiñ çuňlugy köpelende nepsler gowy aỳrylıar.  

Baglaşdyrma.

Gysaçdan çykỳan süỳümler (sakgal görnüşinde) inçe daralandan soň, goparma silindrler olary watkadan çekip alỳarlar. Netijede kesgitli uzynlykly gowy birleşdirilmedik bir watka bölegi emele gelỳär. Baglama iş geçirilende silindrler şu daralan süỳümleriň zolaklaryny biri-biriniň üstünde goỳuşdyryp çykmaly. Ilkinji watka emele gelmeli, soň lenta. Baglama iş dürli kemçilikleriň sebäbi bolup biler. Inçe daralan lentanyň tolkun şekilli gurluşy bar, ỳagny ol belli aralyklarda üỳtgäp durỳar. Şol üỳtgemeler spektrogrammada depe şekilli bolup anyk görünỳärler. Maşyn öndürijiler hem-de egirmeçiler, bu düzgünsizligi iň kiçi derejede saklamaga ymtylıarlar. Onuň üçin maşyny şeỳle usulda sazlamaly.

Goparma silindrler tarapyndan çekilỳän süỳümleriň bölekleri örän ıapgyt, tekiz ỳatan parallelrogram bilen deňeşdirip bolar (ỳöne, adatça öňündäki burç yzyndaky burçdan kütek bolỳar). Eger maşyn dogry sazlansa, şol bölekleriñ biri-biriniň üstüne goỳlan wagty düzgünsizliklerini tekizläp, düz ỳaly edip bolỳar. Beỳleki tarapdan, eger ỳalňyş sazlansa baglanỳan bölekleriniň inçe we galyň ỳerlerini galdyryp düzgünsizligi artdyrar. Inçe daralan süỳümli bölekleriň biri-biriniň üstüne dogry düşmegini sazlamak üçin goparma başlanıaň pursatyny hem-de gysaçdan çykỳan süỳümleriň goparma silindrleriň arasyna ỳetmegiň pursatyny özara sazlamaly bolỳar. Gysaçlaryň hereket pursatlaryny sazlap, bölekleriň uly ỳa-da pes derejede biri-biriniň üstüne düşmegini sazlap bolỳar.

-nji surat. Aỳry süỳümli böleklerden durỳan watka.

 

a – dogry baglananda;

b - ỳalňyş baglananda; 

ç – galyň ỳerde inçe ỳeri;

d – baglama aralygy;

 

başlaıarlar.

 

Barlag soraglary:

1.    Çig malyñ hili haısy howa şetrlerde we enjamlarda barlanıar?

2.    Çig mal saılananda haısy ıagdaılar göz öñünde tutulmaly?

3.    Pagta süıüminiñ hil görkezjileriniñ toparlara bölünişi.

 

 

ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz