Inçe daraýjy maşynlaryń gurluş aýratynlyklary

1.  Inçe daramanyň toparlary.  

2.  Inçe darama işleriň yzygiderligi.

 

1.  Inçe daramanyň toparlary.  

Gysga ştapelli nah egirmede iỳmitlendirilỳän çig malyň 5-25 % bölegi galyndy bolup ỳitỳär. Şuňa baglylykda hiliň gowylandyrylyşy dürli derejelerde bolup bilỳär.

Inçe daraỳjy maşynyň esasy işçi bölegi bolan darak şeỳle görnüşlerde bolup bilýär:

·       göniburçluk daraklar (gysaçlar hereketsiz ỳa-da yrgyldaỳan);

·       tegelek daraklar;

·       aỳlanỳan daraklar;

·       saỳyjy enjamlar (zygyr süỳümler üçin ulanylỳar);

Gysga ştapel egirmede göniburçluk daraklar köp ulanylỳar.

Inçe darama çig malyň hilini gowylandyrmak arkaly ýüplügiň şeýle häsiýetlerini gazanmak üçin gerek (adaty kard ýüplük bilen deňeşdime).


-         ýüplügiň U %;

-         üzülme berklik gr/teks;

-         ýüplükdäki hapalar;

-         öwüşgenligi;

-         daşky görnüşi;


Şol maksat üçin inçe daraýjy maşynda birnäçe işi yzygider gaýtalanylyp ýerine ýetirilmeli.

 

2.  Inçe darama işleriň yzygiderligi.

Inçe daraỳjy silindr üznüksiz aỳlanỳar, onuň aşagynda çalt aỳlanỳan çotga (fyrça) K ỳerleşdirilen. Haçan daraỳjy segment onuň ỳanyndan geçende ỳitgi süỳümler we kemçilikler syrylyp aỳrylỳar, soň bu inçe daralan galyndylar howa bilen äkidilip filtr barabanlarda ỳygnalỳar. 

 

a)    iỳmitlendiriji silindrler S süỳümli watkany W öňe 4-6 mm süỳşürỳärler. Şol pursatda gysaçlar açykdyr. Ỳokarky gysaç Zo aşakky tagta Zu düşüp, süỳümleri gysdyrỳar;

b)    aỳlanỳan tegelek silindriň üstünde berkidilen daraỳjy segment   öz dişleri ỳa-da iňňeleri bilen gysaçlardan çykỳan süỳümli bölegiň B içinden darap geçỳärler, şonda gysaç bilen saklanmadyk süỳümler aỳrylyp gidỳär;

c)    gysaçlar ỳokaryk we öňe, goparma silindrlere A tarap hereket edỳärler;

d)    goparma silindrler, öň daralan we goparylyp äkidilen  süỳümleriň watkasyny yza gaỳtarylỳarlar;

e)    gysaçlar öňe hereket edende süỳümleriň çykyp duran daralan bölegini V yza gaỳtarylan watkanyň süýümleriniñ üstüne düşürilỳär;

f)     goparma silindrler ỳene-de öňe aỳlanyp gysylan süỳümleri çekip alỳarlar;

g)    goparma işi başlamanka ỳokarky darak F öz iňňeli hataryny süỳümleriň içine goỳup ỳetişỳär. Süỳümler ỳokarky daragyň dişleri bilen çekilende bölegiň yzy daralỳar.

h)    gysaçlar ỳene-de indiki iỳmitlendirme üçin açylyp başlaỳarlar, ỳokarky darak aỳrylỳar. Inçe darama işi täzeden başlanỳar;

-nji surat. Inçe darama işleriň yzygiderligi.

Bu işleriň hemmesinden durýan elementar inçe darama operasiýasy bir minutda takmyn 300 gezek gaỳtalanyp edilỳär.

Barlag soraglary:

1.  Inçe daramanyň haýsy toparlary bar?  

2.  Inçe darama işleriň yzygiderligi nähili?

 

Используются технологии uCoz