Tema:

Inçe daramanyň tehnologiıasy.

 

Işiň maksady:

Süỳümiň esasy hil görkezjilerine  baha bermek.

 

İumuş:

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

2.Çig maly saılamak.

3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

 

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

Watkadaky süỳümleriň paralleleşdirilişi.

Paralleleşdirme derejesiniň ykdysady we hil taỳdan täsiri ulydyr. Onuň iň amatly derejesini gözlemeli, sebäbi iň ỳokary we iň pes paralleleştirmeleriň ikisi hem gowy däl. Birinjiden, eger önüm uzynlygyna gowy ugrukdyrylmadyk bolsa, ỳagny süỳümler tertipsiz ỳerleşen bolsalar bu ıagdaı has uzyn süỳümleriň ỳitmegine getirer. Tegelek darak galyñ süıümli pişgeden geçende süıümleri topar-topar äkidıär. İagny süỳümler näçe köp paralleleşdirilse, şonçada galyndylaryñ mukdary köpeler. Inçe darak galyndylaryň mukdary köpelende, hemişe-de ỳüplügiň hili hökman gowylanmaly diıen zat ıok. Galyndylaryñ belli derejesinden soñ, önümiñ hili artyk gowylanmaıar, emma peıdaly süıümler ıitmäge dowam edıär. Çykıan galyndylaryñ amatly mukdary öňünden bellenilen bolmaly.

Beỳleki tarapdan, süıümler artykmaç paralleleşdirilen bolsalar, inçe daralan watkañ içindäki kemçilikleriñ sany köpelıär.  Onuñ sebäbini düşünmek üçin inçe darama prosessiñ dowamyndaky goparma işine garap geçeli. Gysaçlarda gysdyrylyp daralan süıümleriñ gatlagyndan takmyn 1/5 bölegi goparylyp alynıar. Eger galyñ süıümli gatlagyñ düzümindäki süıümler tertipsiz ıerleşen bolsalar, olaryñ arasyndaky nepsler, hapalar we başga kemçilikler aıyrylman saklanıar. Emma süıümler juda paralleleşdirilen bolsalar kemçilikler saklananoklar-da goparylyp alynıar we önümiñ içine geçıärler. Inçe daralan watkañ neps sany köpelıär. Mundan başga, süıümler juda tertipli ıerleşseler, olar biri-birine gowy ıapyşmaıarlar, watkanyñ gatlary bolsa özara gowy aıyrylmaıar. Bu ıagdaı gaty paralleleşdirilen watkalaryñ tüıjermegine getirıär.  Paralelleşdirilmesi darak we inçe darak maşınlaryñ arasyndaky bolup geçıän süıümleriñ çekimine baglydyr.  –nji suratdan görnüşi ıaly, çekimiñ, ıagny paralleleşdirme artmagy bilen galyndylaryñ sany we önümiñ arassalygy peselıär, ıüplügiñ üzülme berkligi bolsa artıar.

 

  -nji surat. Inçe darama görkezjileriñ çekime bolan baglylygy. A – görkezji, B – darak we inçe darak arasyndaky çekim.

 

Watkanyň galyňlygy (agramy).

Watkadaky hapalaryň süỳümlere ỳapyşma güỳji diňe süỳümleriň tertipsiz ỳerleşmegine bagly bolman, süıümleriñ mukdaryna hem bagly. Watka näçe galyň bolsa, şonçada ol hapalary gowy saklar. Soňra watkanyň göwrümi belli derejä çenli näçe uly bolsa, şonçada gysaçlaryň süıümleri dişläp gysyşy ỳokary bolar. Erbet tarapy - galyň watka hemişe daraga uly agram salỳar, bu bolsa inçe daramagyñ tertipsiz geçmegine eltỳär. Şu ỳagdaỳda silindrik darakdan daş ỳerleşen süỳüm inçe daramadan halas bolup bilỳär. Sebäbi darak tutuş süỳümli gatlakdan geçmäge ukyply bolmaıar. Daraga artykmaç agram salynmagyň zyỳany watkanyň saklaỳjylyk ukybynyň getirıän peỳdasyndan uly. Şonuň üçin öndürijiligiň we hiliň arasyndaky amatly bir çözgüdi gözlemeli. Nah egirmede watkanyň iñ amatly inçeligi adatça 55 we 75 kteks arasynda ỳatỳar.

Watkanyň deňölçegliligi.

Watka öz inine görä näçe birsydyrgyn bolsa, şonçada gysaçlar ony gowy gysyp bilıärler. Şonuň üçin watkany düzgünleşdirmek bu inçe daramada möhüm işdir. Watkanyň ỳokary birsydyrgynlygyny gazanmagyň iň netijeli usuly bu pişgeleri goşmakdyr – lentalary goşmak (birleşdirmek) usuly hiç haçan bular ỳaly netijeli bolup bilmez. Şu tarapdan watka (Lap) birleşdiriji maşyn elmydama iň gowy netijeleri berỳärdi we hiliň uly derejede gowylandyrmagyny görkezip bilỳärdi. Diňe Lap maşynda watka lap görnüşinde alty gat goşulyp birleşdirilỳär. Emma häzirki zaman ỳokary öndürijilikli egirmä  taỳỳarlaỳjy we inçe daraỳjy maşynlar ulanylanda alty gat goşma bilen iki ỳa-da üç gat goşma garanyňda hiliň ep-esli gowylandyrmagyny gazanmak mümkin däl.

 

 

 Gysaçlaryň arasynda gysdyrylan lentalar.

 

 

Gysaçdan çykyp duran süỳümler.

 

 

Eplenmeleriň ỳerleşiş tertibi.

Mälim bolşy ỳaly süỳümler daraga berlende olaryň eplenen uçlary öňünde bolmaly. Bu diňe eplenmeleriň düzelmegine ỳardam etmän watkaň arassalygyny hem gowylandyrỳar. Eger watka inçe daraỳjyda ỳalňyş tarapy bilen iỳmitlendiilse nepsleriň sany güỳçli köpelip bilıär. Süỳümleriň eplenmeleriniň sany we şekili birinjiden süỳümleriň gatylygyna baglydyr. Süỳümler näçe ỳogyn bolsalar, şonça-da gatylyk kwadrat ỳa-da kub derejede artıar. Inçe we ỳogyn süỳümleriň gatylygy örän kiçi bolıar. Şonuň üçinem olarda has köp we has uzyn eplenmeler (krỳuçoklar) emele gelıär, olaryň şekili nal görnüşde bolỳar, şol bir wagtda gysga süıümleriñ eplenmeleri hokeı-taıak şekilli bolıar. Şoňa baglylykda süỳümleriň eplenmeleriniň egirme işine edıän täsiri süỳümleriň inçeligi bilen artỳar. Haçanda gysga süỳümler egrilende eplenmeleriň ähmiỳeti uly bolmaỳar.

Inçe daramagyñ hile edıän täsiri.

Inçe darama dürli egirme önümçiliklerde ulanylyp bilỳär. Hiliň gowylandyrylyşy degişlilikde giň çäklerde üỳtgäp bilỳär. Inçe daralan ỳüplükler hiliň synplaryna görä şeỳle toparlara bölünip bilerler:

·       ỳarym inçe daralan, galyndylaryň mukdary 5-10 %;

·       normal inçe daralan, galyndylaryň mukdary 10-20 %;

·       super inçe daralan, galyndylaryň mukdary 20 % ỳokary;

Eger galyndylaryň mukdary 10 %-den aşak bolsa, süỳümiň sortuny bir ỳa-da iki dereje köpeldip hili ıeterli derejede gowylandyrmak we goşmaça gysga süıümleri aıyrmak bolıar. Inçe daralan galyndylaryň mukdary örän seỳrek ỳagdaỳlarda 20 %-den ỳokary bolup biler. Ol adatça örän inçe ỳüplükleri egirmek üçin ulanylỳar. Inçe daralan ỳüplügiň berkligi (inçe daralan galyndylar 10 % bolsa) kard ỳüplügiň berkliginde 10 % ỳokarydyr. Emma inçe daralan galyndylaryň mukdary 10 %-den ỳokary edilip köpeldilse çykỳan ỳüplügiň berkligi kän bir gowylandyrylmaıar. Ỳüplügiň düzgünsizligi inçe daramada berklige meňzeş şekilde gowylandyrylyp bilỳär. Ỳöne inçe daralan galyndylaryň mukdarynyň köpelmegi bilen kemçilikleriň we hapalaryň sany has gowy derejede azaldylyp biler. Kard önümlere garanyňda inçe daralan süỳümden edilen önümlerde üzülmeler has seırek ỳüze çykỳar. Emma ỳüplügiň hil görkezijileriniň gowylandyrylmagy inçe daralan galyndylaryň mukdaryna göni çyzykly bagly däldir.  

Mysal üçin: eger galyndylaryň mukdary 20 %-den ỳokary bolsa, berklik we düzgünsizlik artyk gowylandyrylmaıar, ahyrky çykan ỳüplügiň üzülmeleri bolsa tersine köpelıärler. Diňe kemçilikleriň sany azalmaga dowam edıär.

 

Dürli hil görkezijileriň inçe darak galyndylaryň mukdaryna baglylygy.

 

a - ỳüplügiň hil görkezijileri, %;

b – inçe darak galyndylaryň mukdary, %;

I - ỳüplügiň berkligi; II - ỳüplügiň birsydyrgynlygy;                         III - ỳüplükdäki kemçilikleriň sany.

 

başlaıarlar.

 

Barlag soraglary:

1.    Çig malyñ hili haısy howa şetrlerde we enjamlarda barlanıar?

2.    Çig mal saılananda haısy ıagdaılar göz öñünde tutulmaly?

3.    Pagta süıüminiñ hil görkezjileriniñ toparlara bölünişi.

 

 

ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz