1.Garyşdyrmanyñ
maksatlary.
Egirme
kärhanalarda ulanylýan çig mal hiç haçan
gyradeñ bolmaýar. Çünki tebigy
süýümler we sintetiki süýümler
öndürlende tebigy ýa-da emeli şertleri
birmeñzeş saklap bolmaýar. Mundan başga-da
süýümler dürli görnüşde
işlenilýänligi üçin tapawutlar ýüze
çykyp bilýär. Garyşdyrmanyñ maksatlary:
· soñky çykýan
önüme gerek häsiýetleri bermek (meselem sintetiki
süýümleri tebigy süýümler bilen
garyşdyryp, öndürilýän
ýüplügiň ýörite häsiýetlerini
gazanmak);
· süýümleri garyşdyryp
çig malyñ üýtgeýän
häsiýetlerini düzgünleşdirmek (özara
tapawutlaryny azaltmak);
· çig malyñ bahasyny peseltmek
(gymmat çig maly arzan çig maly bilen garyşdyrmak);
· materialyñ işleniş
häsiýetlerini gowylandyrmak;
· garyşdyrylýan
süýümleriñ reñkini we başga
häsiýetlerini üýtgedip, önüme
üýtgeşik daşky görnüşini bermek;
2.Garyndylara baha bermek.
Garyndynyñ
deñölçegliligine iki
ugurda baha berlip bilýär: önümiň uzynlygyna tarap
we önümiň keseligine tarap.
Garyndynyñ
deñdälligi uzynlyga tarap gidende ýüplügiñ
yzygider gelýän her indiki
böleklerinde süýümler üýtgeşik
ýerleşýärler. Bu bolsa önümiñ
üstünde çyzyklaryñ (zolaklaryň) emele gelmegine
getirýär.
1-nji surat.
Önümiñ uzynlygyna tarap gidýän garyndynyñ
deñdälligi.
Deñdällik
keseligine tarap gidende süýümler
ýüplügiñ kese-kesigine tertipsiz
ýerleşdirilýär, netijede timarlanandan soñ
çykýan önümiñ daşky görnüşi
birsydyrgynsyz bolýar.
2-nji surat.
Önümiñ keseligine tarap gidýän garyndynyñ
deñdälligi.
Sintetik
we tebigy süýümler garyşdyrylanda garyndynyñ
gyradeñligine baha bermek has kyn, sebäbi bir düzüji
beýleki düzüjiniñ arasynda ýitip biler
ýa-da tapawutly reñkli bolup biler.
3.Garyndynyñ bozulmasy.
Egirmeçi
dürli süýümleri ýüplügiñ
içinde deñ ýaýratmaga çalyşýar.
Onuñ üçin ilki bilen oňat garyndyny emele getirmeli,
soñ bolsa garyndynyñ hilini soñuna çenli tä
ýüplük emele gelýänçä durnuksyz
saklamaly. Gowy garyşdyrmak añsat iş däldir, emma
garyndynyň hilini soñuna çenli bozman saklamak
köplenç mundan hem has agyr ýumuşdyr. Sebäbi
dürli uzynlykly, dürli gurluşly süýümler
işlenende özüni tapawutly alyp barýarlar.
Şonuñ üçin hem köplenç garyndynyň
bozulma ýagdaýy ýüze çykýar.
Käbir
maşynlaryñ bunkerlerinde (meselem
iýmitlendiriji-garyşdyryjy maşynda) üýtgeşik
gurluşly süýümler hersi bir ýerde aýry
topar bolup ýygnanmaga ymtylýarlar. Şuňa
meñzeş ýagdaý çekim abzallarynda
ýüze çykýar. Has uly uzynlygy ýa-da daşky
şekili (ýylmanak – gödek, boýalan – boýalmadyk
we ş.m.) bolan süýümler beýlekiler bilen
(ýagny has gysga ýa-da üýtgeşik şekilli
süýümler bilen) gowy ýapyşmaýarlar.
Haçanda çekdirilende olar tapawutly hereket edýärler,
ýagny topar-topar bolup üýşýärler we
netijede garyndyny bozýarlar. Howa arkaly daşama hem garyndyny
bozup bilýär.
4. Garyşdyrma işleriň yzygiderligi.
Garyşdyrmany
üç tapgyrda amala aşyrỳarlar:
-
garyşdyrylỳan
her aỳry düzüjiniň mukdaryny ölçemek we takyk
kesgitlemek;
-
garyşdyrmak,
ỳagny düzüjileriň ölçenilen mukdarlaryny bir
ỳere getirmek;
-
özara
ỳaỳratmak, her düzüji süỳüm
garyndynyň her ỳerine deň düşer ỳaly
paỳlaşdyrmak;
3-nji surat. Garyşdyrma işleriň
yzygiderligi.
Tapgyrlaryň
hersi möhüm. Emma deň ỳaỳratmakda iň uly
kynçylyklar ỳüze çykỳar. Garyndyny şol
ỳagdaỳynda bozman saklamak bir uly meseledir. Sebäbi
daşky gurluşy dürli bolan we süỳnmeklikde kuwwaty
siňdirmek ukyby üỳtgeşik bolan süỳümler
aňsat garyndynyň bozulmagyna getirip bilỳärler.
5.Ölçeme.
Garyşdyrmada
ölçemegiň şeỳle usullary ulanylỳar:
Tertipsiz
garyşdyrma – tüỳdüji arassalaỳjy maşynlarda,
daraklarda bolup geçỳär.
Ölçenen
ỳöne arakesmeli garyşdyrma – terezili iỳmitlendirijide
bolup geçỳär. Şonda düzüjiler arakesmeli
tapgyr-tapgyr göỳberilỳär. Ölçenen we
üznüksiz garyşdyrma, contimeter (Rieter), çogdam
iỳmitlendiriji (Trützschler) we jer ỳaly maşynlarda
ulanylỳar. Jer maşynda süỳümler tapgyr-tapgyr
berilmeỳär, ỳöne her aỳry düzüji
tutuş önümiň dowamynda uzynlygyna çyzyk ỳaly
gidỳär.
Barlag soraglary:
1. Garyşdyrmagyň maksatlary
näme?
2. Garyndy nädip bozulyp
bilýär?
3. Garyşdyrmada
ölçemegiň nähili usullary ulanylỳar?
4. Garyşdyrma işleriň
yzygiderligini beýan etmeli.