Gaplamak we saklamak

1. Materialy saklamak we daşamak.

2. Gaplaryň görnüşleri.

3. Fitilli bobinler.

4. Flansly bobinler, tegekler.

5. Kops.

6. Konik şekilli atanak saralan bobin.

7. Silindrik şekilli atanak saralan bobin.

8. Gysga silindrik şekilli bobin.

9. Çeleklerde lentany ỳerleşdirmek.

10. Togalamak arkaly sarama we watkany emele getirme.

 

 

1. Materialy saklamak we daşamak.

          Egirme kärhana bu diňe bir önümçilik bolman, uly transport gurama meňzeỳär. Egirme kärhanalarda materiallaryň saklanylyşy we daşalyşy iññän köp çykdaỳjylary talap edỳän işleriñ biri bolup durýarlar. Mundan başgada materiallar daşalanda we saklananda önümiñ hiline ỳaramaz täsir edilỳär. Daşamak işleri ýerine ýetirmek üçin mydamada şu iki esasy wezipäni ýerine ýetirmeli: öňki maşyndan önümi düşürip almak we indiki maşyna iỳmitlendirmek.  Durmuşda şu işleri kämil we doly talabalaýyk ỳerine ỳetirmek mümkin däldir.

          Materialy daşamak üçin köp maşynlarda sarama işleri geçirmeli bolỳar. Saramak işi köp enjamlaryñ öndürijiligini çäklendirýär. Meselem: mundan beỳläk ring egriji maşynyñ tizligini has artdyrmak mümkinçilikler ỳok diỳen ỳaly, sebäbi kopsy saramagyň hem-de kopçanyň tizligi çäklidir. Materialy saklamak we daşamak işler egirme kärhanalaryñ öñünde uly meseleleri goýỳar. Dokma maşynlaryň öndürijileri we işgärler mydama-da şol meseleleri göz öňünde tutmaly bolỳarlar. Daşama we saklama bagly bolan çylşyrymly meseleleri çözmek üçin hemişe täze we amatly serişdeleri gözläp durmaly.

Gaplar (material daşaỳjylar) üçin şu zatlary üpjün etmek  möhümdir. Olar:

-         mümkin boldugyça köp mukdarda materialy sygdyryp bilmeli;

-         aňsat doldurylmaly ỳa-da saralmaly;

-         materialy aňsat aỳyrmaga (çöşlenmäge) mümkinçilik bermeli;

-         materialy goramaly;

-         daşamany ỳeňilleşdirmeli (hem doly, hem boşan ỳagdaỳlarynda);

-         boşan ỳagdaỳynda az ỳer tutmaly;

-         satyn almaga amatly we tygşytly bolmaly;

-         ulanmaga amatly bolmaly;

 

2. Gaplaryň görnüşleri.

Egirme kärhanalarda ỳarym taỳỳar we ahyrky taýýar önümler üçin ulanylỳan gaplary üç sany topara bölüp bolar:

-         içi doldurylỳan gaplar, mysal üçin çelekler (tazlar). Gabyñ bu  görnüşi materialy gowy goraỳar, ỳöne boşan ỳagdaỳynda ol edil doly ỳagdaỳyndaky ỳaly ỳeri tutỳar;

-         silindrler, ikler, turbalar, konuslar ỳaly emele getirilýän gaplar. Material olara saralỳar. Bular ỳaly gaplar materialy gowy goramaỳarlar, ỳöne olary daşamak aňsat bolýar. Soňra olardan önümi ỳokary tizlikde we tertipli aýyryp we çöşläp bolỳar. Mundan başga emele getirilýän gaplar doly we boşan ỳagdaỳlarynda az ỳer tutỳarlar. Şonuň üçin bu gaplar haçanda köp sanly öndüriji birlik kiçi meỳdanda ỳerleşdirmek zerur bolanda ulanylỳar. Meselem: ring egriji maşynlar üçin henizem iỳmitlendirilỳän önümiñ (fitiliñ) amatly görnüşi bobin bolup durỳar;

-         diregsiz gaplar. Olar diňe materialyň özünden durỳar. Bularyň arasynda ỳumaklar, käbir içi boş naỳçalar we ş.m.. Olar diňe ỳörite maksatlar üçin ulanylýar.

 

 1 -nji surat. Ýüpek ýumaklary.

 

 2 -nji surat. Keleplenen ýüpegiñ gaplanylyşy.

 

3. Fitilli bobinler.

Biri-birine ỳakyn galtaşyp duran sarymlar parallel sarymy emele getirỳärler. Olar agaç ỳa-da plastik turbalara (galamlara) saralỳar. Ỳokarky we aşaky gatlaklary gabyň ahyrlaryndan düşmez ỳaly, bu gaplaryň gyralary konik şekilli edilỳär. Sarama beỳikligi 40 santimetre çenli ýetip bilýär. Saramada önümiñ çekilişi uly bolmaỳar. Şonuň üçin bu gap fitil ỳaly gowşak önümler üçin gowy ỳaraỳar.

 

 

 

3-nji surat. Fitilli bobin.

 

4. Flansly bobinler, tegekler.

Bu gaplar hem parallel saralỳar, ỳöne olaryň ỳokarsy we aşagy flanslar (gapaklar) bilen ỳapyk. Flanslar materialyň gyradan düşmekliginiň öňüni alỳarlar. Flansly bobinler arassa silindrik şekilli bolup has köp materialy sygdyrỳarlar, ỳöne olaryñ bir ỳetmezçiligi bar. Gyralarda ýerleşen material gaty flanslara degip sürtülỳär, şol ỳerde dykylyp hem bilỳär. Gysga ştapel kärhanalarda bular ỳaly gap kän ulanylmaỳar.

 

         

 

4-nji surat. Flansly bobin.

 

5. Kops.

Sarymlar parallel gatlaklar görnüşde ỳerleşdirilmän konik şekilli ỳerleşdirilỳär. Her konik gatlak hem-de her sarymyň beỳikligi turbaň uzynlygyndan has kiçidir. Bu gatlaklar biri-biriniň üstüne goỳulỳar. Sarama işini ỳuwaş-ỳuwaşdan yzygider galyp barỳan saraỳjy enjam (ring plankasy) ýerine ýetirýär.

Sarymlar kagyz ỳa-da plastik turbalaryñ üstünde (patronlarda) emele gelỳär. Patronlaryň uzynlygy 300 mm ỳetip bilỳär. Ỳöne kops ỳaly önümler üçin ýerine ýetirilmeli sarym işi amatly däldir, sebäbi:

-         saraỳjy enjamyñ gurluşy çylşyrymly;

-         saramanyň dowamynda ỳüplügiň çekdirilşi üýtgäp durýar;

-         sarymlary emele getirmek üçin kopça (süỳbek, begunok) gerek bolup durỳar. Bu bolsa maşynyň öndürijiligini çäklendirỳär.  

Ỳöne beýleki tarapdan konus şekilli gatlaklardan önümi çöşläp almak amatlydyr. Onümi aýyrmak we çöşlemek işleri ỳokary tizlikde amala aşyryp bolỳar.

 

                                                 

 

5-nji surat. Kops (egirme tütesi).

 

6. Konik şekilli atanak saralan bobin.

Ỳüplük agaçdan, kagyzdan ỳa-da plastikden ỳasalan turbanyň üstünde keseligine bir tarapdan beỳleki tarapa hereket edip dur. Atanak saralan bobinler köp materialy sygdyrỳarlar. Olary haçanda sarama           ỳa-da çöşlenmä ỳeterli ỳer bolsa ulanmak amatlydyr. Sarama we çöşleme işeri uly tizliklerde geçirip bolýar. Konik atanak saralan bobinlerde şeỳle konus burçlar α ulanylỳar:  9° 15`, 5° 57`, 4° 20`, 3° 30` we 2°.

 

 

 

6-nji surat. Atanak saralan konik bobin.

 

7. Silindrik şekilli atanak saralan bobin.

Bular tegelek silindr görnüşde edilỳär we öndürmäge aňsatdyr. Emma önümi aýyrmakda konik bobinlere görä agyr we pes tizlikli çöşlenỳärler.

 

 

 

7-nji surat. Silindrik şekilli atanak saralan bobin.

 

8. Gysga silindrik şekilli bobin.

Bular hem silindrik şekilli saralan gaplardyr, ỳöne olar has gysga bolýarlar we diske meňzeỳärler. Olary tow beriji maşynlarda biri-biriniñ yzynda iki-ikiden goýup amatly ýagdaýda ỳerleşdirmek bolỳar.

 

             

 

8-nji surat. Gysga silindrik şekilli bobin.

 

9. Çeleklerde lentany ỳerleşdirmek.

Çelekleri doldurylmagyň amatly ỳoly, bu lentalary sikloid şekilde ỳerleşdirmek bolup durỳar.

 

 

9-nji surat. Çelekleriñ daşky görnüşi.

 

 Bu işi ỳerine ỳetirmek üçin önümiñ ýerleşdiriş nokadynda birwagtda iki sany süỳşme hereket edimeli. Lenta çykaryjy silindrlerden D çykandan soň, aỳlanỳan çanaga R tarap çekilỳär. Lentany çanagyň ugrukdyryjy çykyşyndan L çykaryp, ony tegelekler (sarymlar) şekilinde edip ỳerleşdirỳär. Şu ýerde çelegiň aşagyndaky çanak C aỳlanyp durýar, bu bolsa tegelekleriñ yzygider süỳşürilip durmagyna getirỳar.

Şeỳlelikde çelegiň içinde sikloid şekilli ỳerleşiş tertip emele gelỳär.

 

10-nji surat. Çelek dolduryjy enjamkoỳler.

 

 Käbir lenta ỳerleşdirijilerde ýa-da  koỳlerde çelekler aỳlanmaỳarlar. Bu ỳagdaỳda hereketiň ikisi hem ỳokardan edilỳär. Çanaklaryň biri ỳokary tizlik bilen aỳlanỳar. Onuň özi beỳleki haỳal tizlikde aỳlanỳan ikinji çanagyň içinde ỳerleşỳär. Şonuň üçin tegelekler süỳşüp durýarlar, sikloid tertipde ỳerleşdirilỳär.

Hemme ỳagdaỳlarda çelekleriň ortasynda aşakdan ỳokara çenli  gidýän boşlugy galdyrmaly. Lentalaryň gatlaklary çelegiň ortasynda üỳşüp biri-biriniň üstüne münmegi mümkindir.

 

 

11  -nji surat. Lentalaryñ çelekdäki ýerleşdirilişi.

A – lentalaryñ ýygy düşüp üýşýän ýeri.

 

Boşluk lentalaryñ şular ýaly ortada üýşmegiñ öňüni alỳar. Ỳogsa material çelegiň merkezinde üỳşüp, piramida şekilli depäni emele getirerdi, gyralar bolsa ỳarym boş galardy. Boşlugyň diametri çelegiň takmyn 1/4-1/3 bölegini tutmaly.  

 

  

 

12-nji surat. Ýüpek lentasynyñ çelekde ýerleşdirilişi.

 

          Togalamak arkaly sarama we watkany emele getirme.

           Togalama arkaly sarama işde uly inli önüm, meselem, pişge ỳa-da watka öz doly ini bilen turba ỳa-da çybyga saralỳar. Keseligine süỳşüriji enjam gerek bolmaỳar, sebäbi önümiň ini turbanyň inine deň.

 

 

13-nji surat. Watkany saraýan enjam. Lap – çybygyñ daşyna

saralýan watka ýa-da rulon.

 

          Şu ỳagdaỳda saramak örän aňsat işe öwrülỳär. Emma çöşlemek işi tersine kynlaşyp bilýär. Watkanyň aỳry gatlaklary biri-birine ýapyşyp we ilişip bilýärler, soň olar biri-birinden arassa aỳrylmaỳar, biri-birini ỳyrtỳarlar we bozdurỳarlar. Bu ýaramaz ỳagdaỳ watkalardaky aỳry gatlaklaryñ ỳapyk we bütewi bolmaýan halatlarynda has ỳiti ỳüze çykỳar. Watkanyň ỳüzündäki süỳümler tertipsiz ỳerleşdirilende olar has gowy biri-birinden aỳrylyp bilýärler. Eger watkadaky süỳümler gowy paralleleşdirilen bolsa, olar biri-birinden aỳrylanda tüỳjerýärler. Tüýjerme inçe daraỳjy maşynlarda köp ỳüze çykỳar.

 

 

14 -nji surat. Watkalaryñ daşky görnüşi.

 

Barlag soraglary:

1. Dokma önümçiligiñ gaplaryna nämäni üpjün etmeli?

2.    Dokma gaplaryñ görnüşleri, häsiýetleri we ulanylýan ýerleri.

Используются технологии uCoz