Esasy dokalşyň matalarynyň nusgalarynyň analizi.

1.       Polotno, sarža, satin we atlas perepleteniýaly matalaryň nusgalyklarynyň analizini geçirmeli.

2.       Görkezilen perepleteniýaly matalaryň ýüwürtme suratyny çekmeli.

3.       Berlenleriň esasynda analizde alnan nusgalyklaryň aýratynlaryny bellemeli.

        Esasy dokalyşlary polotno, sarža, satin we atlas degişli. Bu ähli dokalyşlar üçin eriş we argaç boýunça rapportynyň deňligi häsiýetlidir, ýagny Po – Py we rapportyň peredelinde eriş, argaç sapaklarynyň birlenç örtgüleri bolmaly ýagny, eger-de Rfo=1 bolsa, onda nfy=R-1, nfy=1 bolsa, nno=R-1.

        Gurluşynyň görkezijileri we esasy dokalyşly matalaryň doldurmaklygynyň aýratynlyklary.

        Polotno perepleteniýasy.

        Re=Ra=R=2;   Se=Sa=1;  nfo=nfy ýagny, her bir eriş sapagy bilen argaç sapagy galtaşýar.

        Polotno dokalyşly matalaryň arka we ýüz tarapynda bir meňzeş sanly eriş we argaç sapaklaryň örtügi bar. Polotno dokalyşly suratly matanyň daşky görnüşi. Zebiň şahalarynda sapaklaryň dartuwynyň gatnaşyklaryna bagly, ýagny gursakça garanda şkalanyň gurnalyşyna bagly. Taýýar matalaryň daşky görnüşi otdelkanyň usulyna we görnüşine baglydyr. Eger-de erişde we argaçda mata birmeňzeş çyzykly dykyzlykly, bolsa ýagny Po=Py, onda mata kwadrat gurluşa eýedir.

        Haçanda Pe>Pa bolsa, onda erişiň örtgüsi argajyňkydan uzynrak we tersine matalaryň üstüne laýyklykda kese-kesigine ýa-da uzynlygyna kesigine rubçikler alynýar. Şeýlede rubçikler haçanda matada eriş we argaç boýunça dürli çyzykly dykyzlykly sapaklar ulanylsa emele gelýär.

        Şonda matalarda kese-kesikli rubçikler ýüze çykarylýar we mata eriş boýunça ýokary dykyzlykly bolanda relýeflikligi güýçlenýär. Şeýle gurluşlar matada organ sapaklary tas göni çyzykly ýerleşendir. Argaç boýunça urabotka kiçi bolanda eriş sapaklary maksimal urabotka eýe bolýar.

        Nazary dokalyşy dokma senagatynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylýar.

Sarža dokalşy.

        Matanyň üstünde eriş we argaç sapaklarynyň örtgüsi ýerleşendir, ýagny onda berlen çyzyklar diagonallar emele gelýär.

        Diagonallar matalaryň ýüz tarapynda köplenç aşakdan çepe, ýokardan saga ugrukdyrylan. Sarža dokalşy şertli drob bilen aňladylýar sanawjyda eriş sapaklarynyň örtgüleriniň sany pfo maýdalawjyda argaç sapaklarynyň (sany) örtgüleriniň sany. (Pru) dokalyşynyň rapportly sanawjynyň jemine deň, ýagny.

        Şonda pfe–1 (onda pfa=R-1) ýa-da pfa-1 (Afe=R-1) 1 ýagdaýda argaç saržasy emele gelýär, ugurlary 1/2, 1/3, 1/4  we şuňa meňzeşler. (     -nji a. şekil).

        2 ýagdaýda eriş saržasy ugurlary 2/1, 3/1, 4/1 we şuňa meňzeşler. (     -nji b. şekil).

        Sarža dokalyşly şekilde görnüşi ýaly (rol) dokalşy rapportynyň ulanmagy bilen eriş sapaklary bilen örtülendir, argaç sapaklarynyň sany ulalýar.

        Eriş örtgüleriniň uzynlygy.

        Argaç örtgüleriniň uzynlygy.

bu ýerde  Pa we Pe – matanyň 10 sm eriş we argaç boýunça

                     degişli dykyzlygy.

        Orta dykyzlykly sapaklaryň sarža perepliteniýaly mata öndürilende sapaklaryň örtgüleriniň süýşmegi 3-4 mm-den ýokary geçmeli däl.

        Re=Ra=20 we le=la=3 mm bilen matalar üçin sarža dokalşynyň ramkany kesmek hökmanydyr.

   ýa-da   

   ýa-da  

        Şeýlelikde matany saraýja 1/6 dokalşyndaky mümkin. Egerde eriş we argaç sapaklary birmeňzeş çyzykly dykyzlykly we Pe=Pa bolsa onda, sarža dokalyşly matalaryň dioganalynyň gyşarma burçy 450 C deň. Eger-de Pe>Pa bolsa j<450; Pe<Pa bolsa j>450.

        Şeýlelikde dykyzlyklaryň gatnaşygyny üýtgedip sarža dokalyşly matalaryň gyşarma burçyny üýtgedip bolýar. 

        Matanyň ýüz tarapynyň gowy bolmagy üçin eriş saržasy ulanylan ýagdaýynda eriş boýunça, argaç saržasy ulanylanda argaç boýunça uly dykyzlygy ulanmak maslahat berilýär.

        Eriş sarža dokalyşy öndürilýän matada köp sanly remizkalary galdyrmak hökmanydyr.

        Ýokary galdyrylýan remizkalaryň sany R-1 deň bolmalydyr. Bu dokma stanogynyň işini kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýda galdyrylýan remizkalaryň sanyny azaltmak üçin matany dokma stanogynda ýüzini aşak edip ýüwürdýärler.

        Sarža dokalyşly mata öndürilende köplenç hatarlaýyn geçirijili ulanylýar.

Satin we atlas dokalyşy.

        Birmeňzeş örtgiler rapportyň ähli meýdanynda ýerleşendir. Re=Ra=R>5 köp dokalyşlarda wertikal süýşme gorizontala deň däl. Se=Sa ondan başgada S=1 we S=R-1;

        Bu dokalyşlar şertli drob bilen aňladylýar, sanawjy rapporty, maýdalawjy süýşmäni görkezýär.

        Satin dokalyşly matalaryň ýüz tarapyny uzyn argaç örtgüleri emele getirýär (Pa>Pe);

        Atlas dokalyşly matada eriş sapagy uzyn örtgüleri emele getirýär. Şeýlelikde bu matalaryň ýüz taraplary ýalpyldawuk häsiýete eýedir.

Esasy dokalyşly matalaryň nusgasynyň analiziniň metodikasy.

        Esasy dokalyşly matalaryň nusgasynyň analizini tejribehana işiniň meýilnamasy boýunça geçirmeli, ýöne sapagyň dokalyşy kesgitlenende berlen matanyň tapawutlanýan aýratynlyklaryny hasaba almaly.

        Ýüz tarapynda uzyn argaç örtgüsi bolan Pe > Pa matalarda analiz geçirlende dokalyşyň suratyny gurmak üçin argaç sapaklaryny eriş sapaklaryndan bahramanyň üstüne çykarmaly we gorizontal boýunça setirleriň arasyndan çepden saga seredilýän argaç sapagynyň eriş sapagy bilen  dokalşyny şekillendirmeli.

        Ýüz tarapynda uzyn argaç örtgüsi bolan Pe>Pa-dan bolan matalarda analiz geçirlende dokalyşyň suratyny gurmak üçin eriş sapaklaryny argaç sapaklarynda bahramanyň üstüne çykarmaly we wertikal boýunça setirleriň arasyndan sagdan çepe eriş sapagynyň argaç sapagy bilen bile dokalyşyny şekillendirmeli.

Используются технологии uCoz