Egirme önümçiliginiń maksady.

Egirme önümçiligi üçin çig mallar.

Egirme önümçiliginiň maksady çolaşan, tertipsiz ýerleşen, gysga süýümlerden, çyzyk dykyzlygy belli-bir deň agramlylykdaky düzümi üznüksiz önüm - ýüplük alynmaklygydyr.

         Egirme önümçiliginiň mazmunysüýümleriň tüýdülmegi, saýylmagy, özge maddalardan arassalanmagy, garyşdyrylmagy we daralmagy belli bir dykyzlykda ýüplügiň alynmaklygydyr.

         Egirme önümçiliginde esasy çig mal bolup, pagta süýümi hyzmat edýär. Ýöne soňky ýyllarda pagta egirme önümçiliginde himiki süýümler arassa görnüşde we pagta süýümleri bilen garyşyk görnüşinde giňden ulanylýar.

         Himiki süýümleriň we olaryň tebigy süýümler bilen garyşyk görnüşleriniň ulanylmagy nah mata önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna, assortimentiniň giňelmegine we daşky görnüşiniň gowulanmagyna getirýär. Orta süýüm we inçe süýüm pagtalar ýetişenlik derejesine, nähili güýçde (agyrlykda) üzülýändigine çyglylygyna, düzümindäki ýabanyjy maddalaryň mukdaryna we hil pes süýümleriň saklanyşyna görä 7 sorta bölünýär. Saýlama S., 1, 2, 3, 4, 5, 6. Pagta süýümleriniň S.,1,2,3,4 sortlary 8 tipe bölünýär. S., 1, 2 sortlar süýümiň üzülmeklik uzynlygy we uzynlygy boýunça bölünýär. 3, 4 sortlar diňe uzynlygy boýunça bölünýär. 5, 6 sortlar görnüşlere bölünmeýärler. Pagtanyň sortuny häsiýetlendirýän pagta süýüminiň esasy häsiýetleriniň görkezijileri şu jedwelde berlendir.

         Orta süýümli pagtanyň V sorty, inçe süýümli pagtanyň IV sorty bar. Sortlar iki sany sanyń kömegi bilen aňladylýar. Birinji san pagtanyň tipini, ikinji sany bazis sortuny görkezýär. Meselem 5-1 süýüm pagtanyň bäşinji tipiniń birinji sorty.

        Pagtanyń orta egirme ulgamynda işlenilişiniń yzygiderlikleri.

Işlenilişiniň etaplary

Maşynlar

Alynýan önümiň

görnüşi

Tüýtme we saýma

Tüýdiji-saýyjy agregat

Pişge

Darama

Darak maşyny

Darak lentasy

Düzgün lenta taýýarlama

Lentalaýjy maşyn       

          (2 gezek geçirilýär)

Lenta

Çala tow berlen ýüplük taýýarlama

Çala tow berme maşyny

Çala tow berlen ýüplük

Ýüplük taýýarlama

Egirme

Ýüplük

Pagta egirme yzygiderliginde kard ulgamy giňden ulanylýar. Bu ulgamda orta süýüm pagtalardan orta we uly çyzykly süýümler alynýar. Orta egirme ulgamynda bilezikli we bileziksiz egriji maşynlar ulanylýar. Bilezikli egirme maşynlarynda egirme yzygiderligi üç etapda geçýär. Bileziksiz egirme maşynlarynda egirme yzygiderligi ikinji etapsyz (çala tow berlen ýüplügiň taýýarlanyşy) geçýär.

Pagta egirme ulgamynda öndürilýän  ýüplükleriň görnüşleri.

         Pagta ýüplükçiliginde öndürilýän esasan iki görnüşli ýüplük bardyr.

         1). Daramanyň orta (kard) tehnologiyasy bilen alynan ýüplük: 6–30 belgili (№ iňlis pagta ýüplük belgileme ulgamy) ýüplükler daramanyň orta (kard) ulgamynda öndürilýär.

         2). Daramanyň inçe (comb) ulgamynda alynan ýüplük   30-120 belgili (№ iňlis pagta ýüplük belgileme ulgamy) ýüplükler daramanyň inçe (greben) ulgamynda öndürilýär.

         Daramanyň orta (kard) ulgamynda alynan ýüplük, daramanyň inçe (greben)  ulgamynda alynan ýüplük bilen deňeşdireniňde has inçe we ýokary hillidir. Türkmenistanda häzirki zaman gurylan fabrikalarynda ýüplük belgilerine we hillerine görä şu aşakdaky görnüşlerde (№ 6-20) ýüplükler orta (kard) Ring (halkaly maşynlarda alynan ýüplükler) ýa-da orta (kard) ulgamly Open-end (howanyň kömegi bilen gysyp egirýän) maşynlarynda öndürilýär, şonuň bilen birlikde esasan örme ýüplüklerinde 30 belgä çenli (№=30) orta (karda) OPEN-END (howanyň kömegi bilen gysyp egirýän maşynlarda)  ýüplügi öndürilýär we ulanylýar. OPEN-END (howanyň kömegi bilen gysyp egirýän maşynlarda) orta (karda) ýüplükler üçin örän gysga süýümler ulanylýandyr.

         2). 20-30 belgili ýüplükler (№ 20-30) orta (karda) Ring (halkaly egirme maşynlarynda) ulgamynda öndürilýär, şeýlelikde has galyň we inçe ýüplükler-de öndürilip biliner.

         3). 30-60 belgili ( № 30-60) inçe (greben)-Ring (halkaly egirme maşynlarynda) ulgamynda öndürilip biliner. Şu  belgiler aralygynda ýüplükler üçin ýerli pagtalar ulanylyp biliner.

         4). 60-120 belgili (№ 60-120) ýüplükler inçe (greben) ýüplük egirme ulgamynda öndürilip biliner. Bu ýüplükler esasanam pagtanyň inçe süýümli sortundan öndürilýär.

         Pagta we pagta garyşymy egrilen ýüplükleriň egriliş usullary ýüplükleriň özlerini we ýüplüklerden öndürilen matalary tanamak üçin orta (kard) we inçe (greben) sözlükleri ulanylýar. Aýratynam inçe (greben) ýüplüklerinden öndürilýän ýuka materiallary geýimleri üçin inçe „Penýe“ (greben) termini ulanylýandyr.

         Inçe daramadan (greben) we orta daramadan (kard) alynan ýüplükleriniň özlerine mahsus häsiýetleri bardyr. Inçe daramada (greben) alynan ýüplügiň orta darama (kard) ýüplügine görä has hili ýokarydyr. Inçe darama (greben)  ýüplükleriniň görnüşleride has gowydyr, ýüzi tozgasyzdyr we ýylmanakdyr. Orta darama (kard) ýüplükleri ýogyn we galyňdyr, ýüzi tozgalydyr, tüýjümekdir. Umuman gowşak ýüplükdir. Inçe daramanyň (greben) ýüplükleri işlemeklik üçin hem amatlydyr. Ýüplük gurluşynda süýümleriň ýerleşimi inçe (greben), orta (kard) ýüplügi bilen deňeşdireniňde has parallel we düzgünlidir. Bu hem ýüplük düzgünçiligi üçin hökmanydyr. Inçe darama (greben) ulgamynda alynan ýüplükler, orta darama (kard) ulgamynda alynýan ýüplüklere görä has arassa we ýokary hilli süýümler ulanylýandyr. Şonuň üçin hem inçe darama (greben) ýüplükleri orta darama (kard) ýüplüklerine görä has parlakdyr.

Используются технологии uCoz