Dokma önümçiligi

1. Mata hakynda düşünje.

2. Dokma önümçiliginiń esasy yzygiderlikleri.

3. Dokma önümçiliginiń tehnologiki yzygiderlikleri.

1. Mata hakynda düşünje.

         Mata – bu dokma önümi bolup, ol dokma stanogynda iki sany özara perpendikulýar ýerleşen sapaklaryň dokalyşy arkaly emele getirilýär. Matanyň ugruna ugrukdyrylan sapaklara eriş sapaklary, keseligine ugrukdyrylan sapaklara bolsa, argaç sapaklary diýilýär.

         Dokmaçylygyň maksady – eriş we argaç sapaklaryny olaryň  ýerleşişiniň berlen  yzygiderliginde  özara dokamakdan ybaratdyr. Olar esasan matada bir-birine perpendikulýar ugurda ýerleşendir.

         Dokmaçylygyň  mazmuny – matanyň berlen mehaniki we beýleki häsiýetlerini we onuň daşky görnüşini üpjün edýän kesgitlenen gurluşly matany emele getirmekden durýar.

         Matanyň dokma stanogynda emele getirmegiň tehnologiki çyzgysy aşakdaky suratda görkezilendir.

         Eriş sapaklary dokma tütesi 1 çözülip geriş 2 üstünden aýlanyp geçip, eriş sapagyna gözegçilik edijiler 3 görkezijilerinden küjiler 5  we 6 ugrukýarlar. Her bir eriş sapagy laýyklykda içki gözenejikler 4 üstünden, soňra bolsa darak 7 dişleriniň arasyndan geçýär. Bir küjiniń gözeneklerinde geçirilen eriş sapaklaryň bir bölegi öz duran ýerinden ýokary göterilýär, beýleki küjide geçirilen beýleki bir bölek eriş sapaklary bolsa, şol wagt aşak düşürilýär. Eriş sapaklarynyň arasynda emele gelen boşluga agyz diýilýär we ondan argaç sapagy geçirilýär. Argaç sapak geçiriji 8 kömegi bilen geçirilýär. Ol bolsa aýratyn plastinkalardan durýan  ugrukdyryjynyň 9 kanaly boýunça hereket edýär. Daragyň pürsi 15 berkidilen darak 7 kömegi bilen matanyň kenary 10 kakylýar. Darak öňe we yza hereket edýär. Emele getirilen mata üçin direg 11, ugrukdyryjy gursakja 12, üsti tikenekli ok 13, ugrukdyryjy  oklowyň daşlaryndan aýlanyp geçip, haryt oklowy 14 oralýar. Bu geçişler matanyň her bir düzümçesi emele getirilende gaýtalanýar. Matanyń täze düzümçesi daragyň her bir kakmasynda emele gelýär.

         Mata emele getirilen ýagdaýynda eriş sapaklara belli bir çekim bilen dartylmalydyr.

         1-nji surat. Dokma stanogynyń tehnologiki çyzgysy.

         2. Dokma önümçiliginiń esasy yzygiderlikleri.

         Dokma önümçiligine sapaklary taýýarlamagyň tehnologiki yzygiderliligi eriş we argaç sapaklary üçin aýry-aýrydyr.

         Eriş sapaklary dokmaçylyga taýýarlananda diňe bir kesgitlenen görnüşli gutylar ulanman sapaklaryň fiziki häsiýetleri hem oňatlaşýar. Eriş sapaklary dokmaçylyga taýýarlamagyň iň esasy meselesi olary sürtüji gözenekler durumlylygyny, ýylmanaklygyny, berkligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

         Dokma önümçiliginiň esasy tapgyrlary aşakdakylardan durýar:

         - eriş sapaklaryny dokmaçylyga taýýarlamak;

         - argaç sapagyny dokmaçylyga taýýarlamak;

         - dokmaçylyk.

         Argaç ýüplüginiň elastikligini ýokarlandyrmak üçin esasan çyglandyrylýar ýa-da emulsirlenýär.

        Dokma önümçiliginiń tehnologiki geçişleriniń yzygiderligi.

Tapgyr

Egirme maşynlaryndan ýüplükleri işläp bejermek üçin dokma önümçiligiň yzygiderlikleri

Halkaly

Howa arkaly

Erşi taýýarlamak

Çözme, arassalama, sarama.

Çözme we ýüwürtme. Çözme, petleme we orama. Sapma ýa-da erşi daňma.

Çözme we ýüwürtme.

Çözme, petleme we orama.

Sapma ýa-da erşi daňma.

Argajy taýýarlamak

Çözme we sarama, çyglandyrma, emulsirleme, buglama

Çyglandyrma, emulsirleme, buglama

Dokmaçylyk

Matany emele getirme

Matany emele getirme

         3. Dokma önümçiliginiń tehnologiki geçişleri.

         Dokma önümçiliginiň tehnologiki geçişleri aşakdaky yzygiderlikde ýerleşýär.

         Sarama – yzygiderligi häzirki wagtda esasan şu maksatlary amala aşyrmak üçin, ýagny ýüplügiń hilini barlamak, gerekli görnüşdäki plawkany almak we şol gutydaky ýüplügiń uzynlygyny ýokarlandyrmak üçin geçirilýär.

         Ýüwürtme – yzygiderliginiń maksady eriş sapaklarynyń kesgitlenen sanyny deńlenilen uzynlykda gutylara (ýüwürtme tüteleri) saramakdan ybaratdyr. Ýüwürtmäniń iki sany usuly bar: tapgyrlaýyn, lentalaýyn. 

Petleme – bu yzygiderligi sapaklaryň dokma stanogynda iń az üzülmegini üpjün etmek üçin geçirilýär. Ýerinden geçirilen sapaklar ýylmanak we berk bolýar.

         Sapma – bu yzygiderlik dokma stanogy ýüwürdilende, matanyň görnüşi üýtgedilende we dokma stanogynda düýpli bejergi geçirilende ulanylýar. Onuń esasy mazmuny eriş sapaklaryny dokma stanogynyň aýrylan işçi böleklerinden (eriş sapagyna gözegçilik edijiler, küjiler, darak) geçirmekden durýar.

         Düwün dańma – işlenip gutarylan erşiń ahyry bilen täze erşiń uçlaryny birleşdirmekden durýar.

         Argaç sapaklaryny dokmaçylyga taýýarlamagyň yzygiderligi iki işden durýar: sarama, çyglandyrma.

         Nah we zygyr sapaklaryny çyglandyrma geçişi, olary ýörite jaýlarda saklamak arkaly amala aşyrylýar we ýüpek, ýüň himiki sapaklary bolsa emulsirleýärler.

         Dokmaçylyga taýýar edilen sapaklar dokma bölümine geçirilýär we olardan dokma stanogynda matalar dokalýar.

Barlag soraglary:

1. Mata näme?

2. Dokmaçylygyň maksady näme?

3. Eriş ýüplügini taýýarlamagyň tehnologiki yzygiderlikleri haýsylar?

4. Eriş we argaç ýüplüklerini taýýarlamagyň aýratynlyklary haýsylar?

Используются технологии uCoz