Tekstil materiallary barada umumy maglumatlar

1.    Materiallarynyń görnüşleri.

2. Dokma süýümleri.

2.    Dokma sapaklary.

3.    Dokma matalary. Matalar.

4. Trikotaźlar.

5. Dokalmaýan matalar. 

Materiallarynyń görnüşleri. Dokma süýümleri.

Tekstil materiallarynyň görnüşleri örän kändir. Dokma materiallaryna süýümler we sapaklar, matalar, trikotažlar, dokalmaýan matalar degişlidir.

         Dokma süýümleri – bu çeýe, berk, belli bir kesgitlenen uzynlygy, kese-keseginiň ölçegi örän kiçi bolan we dikligine weýran bolman bölünmeýän we dokma önümlerini taýýarlamaga ýarymlygy bolan jisimlerdir.

Dokma önümlerini taýýarlamak üçin dürli görnüşli süýümler ulanylýar, şonuň üçinde olaryň gelip çykyşy, himiki düzümi we beýleki alamatlary boýunça toparlara bölmeklik maksadalaýykdyr.

         Dokma süýümleri gelip çykyşyna baglylykda  tebigy we himiki süýümlere bölünýär. Tebigy süýümler şu aşakdaky toparlara bölünýärler: ösümliklerden alynýan, haýwanlardan alynýan we mineral süýümler. Tebigy süýümler tebigatda adamyň gatnaşmazlygynda emele gelýär we olaryň düzümini Ýokary Molekular Birleşmeler (ÝoMB) tutýar. Bu süýümlere ösümlikleriň çigidiniň daşyndan  alynýan (pagta), gabyklaryndan alynýan (zygyr, kenep, jüt, rami, renka), ýapraklaryndan alynýan (abaka, sizal), miweleriniň daşyndan alynýan (koýr) ýaly görnüşlere degişlidir.

         Pagta we ýüň düzümi süýüm görnüşinden alynýar we kese-kesigine weýran bolman bölünmeýär. Beýleki süýümler toplumlaýyn görnüşde alynýar.     

Haýwanlardan alynýan süýümleriň esasyny beloklar tutup, oňa haýwanlaryň tüýi-ýüňi (keratin) we ýüpek (fibrion) degişlidir.

         Mineral süýümlere – asbest degişlidir, we ol dag gatlaklaryndan alynýar.

         Himiki süýümler adamyň gatnaşmagynda zawodlarda tehniki geçişleriň şertlerinde alynýar. Olar tebigy galyndylardan (emeli) we ÝoMB-leri sintezlemek arkaly alynýan (sintetiki) süýümlere bölünýärler.

         Emeli süýümlere esasanam sellýulozadan we şonuň ýalyda haýwanlaryň we ösümlik beloklardan emele gelen süýümler degişlidir. Tebigy organiki däl ÝOMB-den  emele getirilen süýümlere aýnaly we metally süýümler degişlidir.

        Sapaklar

Sapak – bu berk, çeýe, kiçi kesigi bolan, kesgitlenen uzynlygy bolmadyk, birnäçe süýümleri we ýönekeý sapaklary egirmegiň ýa-da ýelimlemegiň esasynda alnan we  dokma önümlerini taýýarlamaga ýaramly bolan önüme  aýdylýar.

Niýetlenişi boýunça sapaklar dokma, trikotaž, tikin  sapagy, dokalmaýan matalar, towly önümler we ýörite niýetlenen ýaly görnüşlerde bolup bilýär. 

Dokma matalary. Matalar. Trikotažlar. Dokalmaýan matalar.

Mata bu önüm bolup, ol dokma stanogynda iki sany dik ýerleşen sapaklaryň  özara dokalyşy arkaly emele getirilýär. Matanyň ugruna ugrukdyrylan sapaga – eriş sapagy,  keseligine ugrukdyrylana bolsa argaç sapaklary diýilýär. Dokma önümçiliginde düzümi boýunça dürli sapaklar we ýüplükler ulanylýar. Eriş we argaç sapaklary dokma önümçiliginde niýetlenilişine laýyklykda taýýarlanylmalydyr.

        Trikotaž

- dokma  önümi bolup, ol bir ýa-da  birnäçe sapaklardan halkalary emele getirmek we olary özara birleşdirmek arkaly alynýar.

        Trikotaž  mata we däne önümi görnüşinde öndürilýär. Tegelek örme  maşynlarynda trikotaž matalary öndürilip, esasan içki we ýokarky geýimleri tikmek üçin ulanylýar.

Däne önümleri joraplar, žemperler, žaketler görnüşinde öndürilýär.

Örülen matanyń ýa-da önümiň inine ýerleşen kese halkalar, halkalaryň hataryny emele getirýärler. Önümiň ugruna dik ýerleşen halkalar halkalaryň sütünini emele getirýär.

         Trikotažyň tekiž we esasa - örme görnüşleri bardyr.

Tekiz trikotažda kese halkalaryň hatary bir sapakdan emele getirilýär. Esasa - örme trikotažynda bolsa, her bir halka özbaşdak sapakdan döredilýär.

Dokalmaýan önümler

- diýip berk, çeýe mata görnüşli materiallara aýdylýar.

Dokalmaýan matalary öndürmek üçin gerekli çig mallar üç görnüşde bolýarlar:

1). Süýümlerinde emele getirilen materiallaryň gatlaklary (pişge);

2). Sapaklaryň we ýüplükleriň ulgamlary;

3). Mata we trikotaž matalary, plýonkalar we beýleki tekiz materiallar.     

         Bu materiallar dürli usullar bilen berkidilýär:

1.  Mehaniki;

2.  Fiziki-himiki;

3.  Utgaşdyrylan;                                                                               

Dokalmaýan  matalar daşky görnüşi boýunça matalar meňzeş bolup, gurluşy we häsiýetleri boýunça tapawutlanýarlar.

         Mehaniki usuly boýunça dokalmaýan matalar aşakdaky görnüşlerde öndürilýär:

1.    Örme tikme usuly; 

2.    Iňňeli deşme usuly;

3.    Keçe etmek usuly;

         Fiziki-himiki usulynda dokalmaýan matalar suwuk birleşdirijileriň, ýylylykly täsirleriniň netijesinde alynýar.

Utgaşdyrylan usuly matalary usullary özara birleşdirme arkaly alynýar.

Barlag soraglary:

1. Dokma materiallarynyň görnüşleri haýsylar?

2. Dokma süýümi näme?

Используются технологии uCoz