Dokma önümçiliginiń esasy tehnologiki yzygiderlikleri

1. Eriş ýüplügini dokmaçylyga taýýarlama.

2. Argaç ýüplügini dokmaçylyga taýýarlama.

3. Matanyń gurluşy.

4. Dokmaçylyk – matany emele getirme.

1. Eriş ýüplügini dokmaçylyga taýýarlama.

Dokma kärhanalaryna gelýän eriş ýüplükleriň gutylarynyň bir bölegi görnüşi we ölçegi boýunça ýüwürtme geçişi üçin ulanmaga ýaramazdyr. Egirme tütelerinde ýüplügiň kiçi uzynlykda bolmagy, ýüwürdiji maşynlarda erşi ýüwürtmeklige köp wagt sarp etmeli bolýar. Egirme gutylarynyň ýetmezçilikleri (kemçilikleri) sebäpli, dokma yzygiderliginde sapaklaryň üzülmezligi üçin olary gözegçilik etmeli we ýetmezçiliklerini aýyrmalydyr. Ondaky ýetmezçilikleri aýyrmaklyk üçin sarama geçişi has amatlydyr.

     Sarama geçişiniň esasy maksady ýüwürtmek geçişi üçin amatly gutylary almak bolup durman, eýsem sarama geçişinde ýüplükler ýogyn ýerlerinde, tozgajyklardan, garyndylardan (hapalardan) we kemçilik-lerden saplanýar.

Eriş ýüplügi şu aşakdaky talaplara gabat gelmeli ýa-da şu talaplary kanagatlandyrmalydyr:

-         guta saralýan ýüplük uzynlygy mümkin boldygyça uzyn bolmaly;

-         ýüplügiň dartuwy (çekimi) sarama şertiniň hemişeligini üpjün etmek üçin deňölçegli bolmaly;

-         sarama geçişiniň dowamyndaky galyndylaryň mukdary mümkin boldygyça az bolmaly;

1-nji surat Ýüplügi sarama geçişiniň çyzgysy.

Ýüplük saralan egirme gutysy 2, berkidilen naýça saklaýjyda 1 otyrdylýar. Gutydan çöşlenýän  ýüplük ugrukdyryjy sim 3 çekiji abzal  4-den, gözegçi –arassalaýjy abzal 5-e, ýüplügi ugradyjy 6-a geçip, soňra sarama gutysyna 7-ä saralýar. Çekiji abzal ýüplüklerde gerek bolan çekimi saklamak üçin ulanylýar. Egirme gutylarynda ýüplügiň kiçi uzynlygyndaky ýüplügi ýüwürdiji maşynlarynda ýüwürtmeklige köp wagt sarp etmeli bolýar. Egirme gutylaryndaky ýetmezçilikler (kemçilikler) dokma geçişinde sapaklaryň gyrylmazlygy üçin olara gözegçilik etmeli we ýetmezçiliklerden aýyrmalydyr. Ýüplüge gözegçilik etmek we ondaky ýetmezçilikleri aýyrmaklyk üçin sarama geçişi has amatlydyr.

         Gözegçi-arassalaýjy abzal ýüplügiň ýogyn-inçeligine gözegçilik edýär, ony tozgajyklardan we hapalardan arassalaýar. Ýüplügiň ugrukdyryjy-saraýjy gutynyň okunyň ugruna hereket edýär. Saraýjy guty saraýjy barabanlardan aýlanma hereketini alýar we şonuň esasynda saraýjy guty saraýjy barabanlardan aýlanma hereketini alýar we şonuň esasynda guta ýüplük saralýar.

         Eger ýüplük toplumlar 8-e saralýan bolsa, onda ýüplük toplumlaryny ýörite toplum saklaýjy 9-a ýerleşdirilýär. Ýüplük saralan wagtynda ýüplük  toplumlary saklaýjylary bilen bilelikde aýlanýarlar toplumdan çözlenýän ýüplügiň gönükdiriji simjagaz (prutok) 10 egýär, gözegçi-saraýjy  abzaldan, ýüplügi ugrukdyryja geçýär we saraýjy guty 7-ä saralýar. Gerek bolan çekimi döretmek üçin toplum saklaýjylaryň oklaryna homutlar geýdirilýär. Homutlar guşak görnüşinde (remenli) ýa-da ýüp görnüşinde bolup, olara ýükjagazlar asylýar.

         Saraýjy maşynlaryň esasy enjamlary we abzallary: bölek enjamlary oturtmak üçin ok, geçiriji (priwod); saraýjy gutyny aýlaýan enjamlardan we ýüplügi ugrukdyryjylary hereketlendirýän enjamdan duran saraýjy enjamy; çekiji abzal; gözegçi abzal; gözegçi – arassalaýjy abzal, saralýan gutyny saklap durýan gurluş.

         Ýüplük saralan wagtynda saralýan gutynyň üstüne göni  kesim çyzyk görnüşinde  goýulýar. Göni kesim çyzygynyň göterme burçy α gutynyň käbir nokadynda saralýan ýüplük ugrukdyryjynyň tizliginiň şol nokatdaky gutynyň aýlanma tizligine bolan gatnaşygy bilen kesgitlenilýär.

         Sarymda kiçi burçly göterilme göni kesim çyzygy boýunça ýüplük göni ýerleşen bolsa, onda şeýle saryma gabatlaşan sarym diýilýär. Gabatlaşan sarym ýüplük ýerleşdirijiniň kiçi tizlik ulylygynda alynýar. Ýüplügiň göni kesimleriniň uly kesişme burçy (2α) gutynyň üstünde berk, esasan  hem gutylaryň  gyralarynda durmaýar. Gabatlaşan sarymly gutylarda sähelçe mehaniki güýçleriň täsiri netijesinde gutylar  bozulýar. Şonuň üçin gabatlaşan sarymy flansly tegeklere saralýar. Flanslar ýüplügiň sypyp gitmegini saklaýar we guta berklik berýär.

         Tegekleri agaçdan, plastmassalardan ýa-da ýeňil metallardan taýýarlaýarlar.

         Eger-de saramak geçişinde gutynyň üstünde ýatan ýüplük gatymlarynyň çyzygyň göterme burçy  100 α-dan  uly bolsa, onda oňa atanak sarym diýilýär. Iki sany kesişýän sarymlaryň emele getiren 2 α burçuna kesişme burçy diýilýär. Atanak sarym berk bolýar, ony flansyz hem saklap bolýar. Atanak sarymly sarym gutysyna bobina diýilýär.

         Ýüwürtmegiň esasy maksady bir guta kesgitli hasaplanan uzynlykda eriş sapaklary  ýerleşdirmekden ybaratdyr. Ýüwürtmek geçişi wagtynda sarama gutylarynyň birnäçesinden ýüplügi bir sany uly guta ýüwürtýärler. Ýüwürtmeklik - bu dokma tütesini emele gelmeginiň ilkinji tapgyrydyr.

         Ýüwürtmeklik geçişi şu talaplary kanagatlandyrmalydyr:

1. Sarama gutydan gaýdýan ýüplükleriň çekiminiň birmeňzeş we hemişelik bolmagy hökmandyr; bu şert ýerine ýetmedik wagtynda dokma geçişinden üzülme köp bolýar we taýýar matanyň gurluşy nädogry bolýar.

2. Ýüwürtmek geçişi mahaly ýüplügiň fiziki-mehaniki düzümi üýtgemeli däldir; ýüplügiň çekimi kadaly bolmaly, ol ýüplügiň berkligini saklaýar, ondan başga-da ýüplük birden täsir edýän sürtülme güýjüne duçar edilmeli däldir.

3. Ýüwürdilýän gutynyň üst gatlagy silindr şekilli bolmalydyr, munuň üçin ýüwürtmäniň tutuş ininiň syklygy deňölçegli bolmalydyr.

4. Ýüwürtmek geçişi ýüwürtmäniň berlen uzynlygyny kanagatlandyrmaly.

5. Ýüwürtmek geçişiniň öndürijiligi ýokary bolmaly.

Tapgyrlaýyn ýüwürtmeklikde ýüplügi ýörite ýüwürdiji oklowlara gabatlaşan sarym bilen saralýar. Eger-de erişde M ýüplük bolmaly bolsa, ýüplügiň umumy mukdary käbir n sana bölýärler, m ýüplük deń böleklere we her bir ýüwürdiji oklowa m ýüplük saraýarlar.

Haçanda m ýüplükli n ýüwürtme tütelerinde ýüwürdilende her bir tütä ýüplügiň umumy sany:

Deň bolan gerek matany öndürmek üçin tapgyr düzülýär. Ýüwürdiji oklowlaryň hemmesindäki ýüplükleri birleşdirmek hem-de dokma tütesine saramak petleme geçişi wagty ýerine ýetirilýär. Ýüwürtme tütelerindäki ýüplükleriň sany 400-600 töweregi, tapgyrdaky tüteleriň sany bolsa (ýüwürdiji çarçuwalarda ýerleşişine we ýüplükleriň sanyna baglylykda) 2-16 sanydyr.

Ýüwürdiji maşyn S-140-1 barabanly tapgyrlaýyn ýüwürdýan maşynlaryň soňky kysymydyr. Ol orta çyzykly dykyzlykly pagta süýüminden egrilen ýüplügini ýüwürtmek üçin niýetlenendir.

2-nji surat. ýüwürtme maşynyň çyzgysy.

Ýüwürdiji çarçuwada oturdylan bobinada saralýan ýüplük 1 ugrukdyryjy sim 2 bilen 3 aýlanyp geçýär we ugrukdyryjy hatar 4-iň üstünden geçip gidýär, soňra ölçeýji oklawjyk 5-den aýlanyp geçip, ýüwürdiji oklow 6-a saralýar. Ýüwürdiji oklow sarymynyň üst gatlagy bilen baraban 7-niň üst gatlagyna dykylýar we sarymyň arasyndaky sürtülme güýjüniň täsiri netijesinde hereketlenýär. Ýüwürdiji baraban hemişelik ýygylyk bilen aýlanýar, şonuň esasynda oklowdaky sarymyň gińliginiň üýtgänligine garamazdan ýüwürtmäniň tizligi öz tizligini ýitirmän saklaýar.

Dokma stanogynda eriş sapagy gaýtadan işlenende birnäçe gezek ululygy boýunça şekilleýin üýtgeýän çekiji güýçlere hem sürtülme güýçlerine duçar bolýar. Şonuň netijesinde ýüplük ýygrylýar, käbir ýüplükler bolsa biri-biri bilen ýapyşýarlar, bu bolsa dokma geçişini kynlaşdyrýar. Şol wagt ýüplükleriň bölünmezligine we üzülmäniň köpelmezligine gözegçilik edip bolýar.

         Köplenç halatlarda ýüplügi gaýtadan işlemeklige duçar edilýär, onuň maksady ýüplügi kleýli düzüme - pete ýatyrmakdan ybaratdyr.

Pet ýüplügiň üstüni ýukajyk gatlak bilen örtüp, bölek süýümleri birleşdirip, ýüplügiň ýylmanaklygyny hem-de berkligini artdyrýar.

         Petlemek esasan petleýji maşynlarda amala aşyrylýar, eriş ýüplükleri bölek ýüwürdiji oklawlardan alyp gaýdyp, ýelimleýärler, guradýarlar hem-de dokma tütesine saradylýar. Eger eriş sapagy lentaly ýüwürdiji maşynda taýýarlaýan bolsalar, onda petleýji maşyna tüte şu maşynyň özünden ýada çykaryp alynan barabanda berýärler soň, eriş sapagy ýelimleýärler, guradýarlar hem-de dokma stanogynda oturdylýar.

         Tebigy ýüpekden, sintetiki süýümlerden taýýarlanan ýüplüklerden şeýle hem ýörite tow berlen ýüplüklerden başga ähli ýüplükler petlenýär. Käwagtlar bolsa towly nah ýüplügini hem kesgitli ýüplügini petleýärler we ýogyn egirmede egirlen ýüň ýüplügini bolsa petlemeýärler.

         Petleýji maşynlar başga maksatlarda hem ulanylýar. Mysal üçin: dokma stanogyny sintetiki ýüplüklerden mata (kapron) dokalanda onuň güýji elektirlenmesi bolup geçýär, bu bolsa dokma geçişini kynlaşdyrýar. Sintetiki süýümlerden taýýarlanan eriş ýüplükleri elektriklenmezligi üçin olary petleýji maşynlarda emulsirleýärler, eger-de bu iş öň ýüwürdiji maşynlarda amala aşyrylmadyk bolsa.

         Petlemek geçişi – dokmaçylykda eriş sapaklaryny taýýarlamakda, iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Petlemekde ýekeje göýberilen kemçilik, dokma stanogynda eriş sapaklarynyň üzülmegine getirýär. Bu bolsa öndürilýän önümiň pese düşmegine getirýär.

         Petleme geçişi fiziki-himiki işe degişlidir. Onda eriş ýüplüklerini çekimiň täsiri bilen ýüwürtme tütelerden saraýarlar we ýelimleýärler pete ýatyrýarlar, soňra sykýarlar, guradýarlar hem dokma tütesine saraýarlar. Käbir kärhanalarda pet taýýarlamak ýelimleýji material üçin tebigy polimerleri, ýagny krahmal önümleri we haýwanlardan alynýan ýelim arassa görnüşinde himiki ýelimleýji materiallara goşant hökmünde ulanylýar. Krahmal çylşyrymly uglewodlara degişli bolup, şu ańlatmany (С6Р10О5)n2О eýeleýärler, n krahmalyň görnüşine baglydyr. Däne krahmallary suwda eremeýärler, ýöne 50-800С gyzgyn suwda çişýärler we goýy şepbik krahmal ýelimine öwrülýärler. Krahmal ýelimleri sapaklara birdeň siňmeýärler, bir tekiz ýylmanak plýonkany emele getirmeýärler. Şonuň üçin krahmal önümleri ýelim hökmünde ulanylanda ýörite himiki reagenti gaýnadylanda ýa-da ondan öň  goşýarlar, bu bolsa belli bir mukdarda olaryň owranmagyna kömek edýär. Şeýle krahmallara kä ýerlerde ereýänler diýip atlandyrýarlar. Gaýnadylan krahmal ergini suw bilen gyzdyrylanda şepbeşik, sapagyň içine girýän we birmeňzeş ýylmanak plýonkany emele getirýän pet hasyl bolýar. Haýwan ýelimi uly ýelimleşiklige eýedir. Bu ýelimler ýüň we ýüpek erişlerini petlemekde ulanylýar. Haýwan ýelimleriniň aşakdaky görnüşleri: zelatin (ýaş haýwanlaryň süňklerinde), süňk ýelimi we mezdrow ýelimi (haýwan hamlaryny işlenilende galýan galyndylar) ulanylýar. Peti taýýarlamak üçin ýene-de birnäçe materiallary ulanýarlar. Dargadyjy, bitaraplaşdyryjylar, ýumşadyjy, antistatiki, gigroskopiki, antiseptiki we suw. Petleýji maşynlaryň birnäçe görnüşleri bar. Emma olaryň ýüwürdilişi birmeňzeşdir.

3-nji surat. Petleýji maşynyň tehnologiki çyzgysy.

         Suratda petleýji maşynlaryň ýüwürdilişiniň esasy şekili görkezilen. Bir toplumy düzýän düzüji oklowlar 1 ýörite söýeglerde oturdylandyr. Eriş ýüplügi birinji oklowdan, ikinji aşagyndan ýa-da astyndan ikinji oklowyň ýüplügi bilen üçünjä we ş.m. ugrukdyrylýar. Yzygider bölek oklowlardan birleşen ýüplükler petleýji maşyna berilýär. Maşynda eriş ýüplükleri ýörite ýükleýji oklow 2-niň kömegi bilen petden doldurylan  petleýji wanna 3-e tarap aşak düşürilýär. Petiň artykmaçlary gysyjy ýa-da sykyjy oklow 4-iň kömegi bilen sykylýar. Soňra ýüplük maşynyň  guradyjy bölümine 5-e barýar. Guradylan ýüplük sim 6-nyń üstünden geçip, bölek oklowlardan gelýän ýüplükleri bölüp göýberýän hatar 7 gelýär.

Hatar özara ýelimlenen ýerine ýüplükleriň arasyny açýar hem gerekli ini döretýär. Hatardan gaýdan ýüplük çykaryjy oklow 8-den aýlanyp geçýär we dokma tütesi 9-a saralýar.

         Islendik (gurluşly) petleýji maşynyň şu aşakdaky esasy bölümleri bardyr:

-         ýüwürdiji oklowlaryň gurnamak üçin ýörite söýegler;

-         iýmitlendiriji apparat, petleýji wannadan hem-de ýükleýji we sykyjy towdardan durýar;

-         guradyjy apparat, ýelimlenen hem-de sykylan eriş sapaklardan artykmaç çyglylygy aýyrýan;

-         öňki bölümi özara ýelimlenen ýüplükleriň arasyny açýan, ýüplükleri tütä saraýan;

-         käwägtlar petlenen ýüplügi goşmaça işlemek üçin emulsirlenýän  gurluş oturdylýar;

-         geçiriji;

-         petlemegiń geçişiniň kadaly geçýändigini gözegçilik edýän apparatura.

Guradyjy apparatyň gurluşyna baglylykda petleýji maşynlary birnäçe toparlara bölse bolar:

         - barabanly maşynlar - galtaşmaly gutarmaklyga degişli, bu ýerde ýüplük barabanyň gyzgyn üst gatlagyna degip guraýar;

         - konwektiw – howa arkaly guradyjy maşynlar, bu ýerde ýüplükler kamerada gyzdyrylan howa arkaly guradylýar;

         - utgaşdyrylan guradyjy maşynlar, bu ýerde ýüplük barabanyń gyzgyn üstüne degip hem-de kamerada gyzdyrylan howada gyzdyrylýar;

         - ýörite guradyjy maşynlar, bu ýerde ýüplük ýokary ýygylykly togy gyzdyryp, şonuń bilen hem-de infrogyzyl şöhleler bilen guradylýar;

Nah eriş ýüplügi üçin barabanly guradyjy maşynlar, ýüň hem zygyr önümçiliginde kameraly guradyjy petleýji maşynlar ulanylýar.

         Eriş ýüplükleri dokma tütesinde petlemeden soń, dokma stanogynda ýüwürtmezden öńünçä, iň soňky taýýarlanyş işi bolan, düwme we sapma geçişlerinden geçýärler.

         Düwmek işlenilen eriş sapaklarynyň  soňuny, täze taýýarlanan eriş sapaklarynyň başy bilen baglanyşdyrmagyna aýdylýar.

         Käbir ýagdaýlarda düwmekligiň ýerine eriş sapaklaryny sapma amala aşyrylýar.

         Sapma-dokma stanoklarynyň çalşyrylýan enjamlary eriş sapagyna gözegçilik edijilerden, küjäniň we daragyň deşiklerinden eriş sapaklaryny yzygiderli geçirmekdir. Erşi düwmeklik ýöriteleşdirilen düwün  düwýän maşynlardan düwülýär, sapmaklyk bolsa esasan elde we mehaniki we ýarym mehaniki usullarda amala aşyrylýar. Düwmeklik we sapmaklyk zähmedi talap edýän işdir. Öndürilýän matanyň görnüşiniň üýtgedilmeginde, hem-de küjileriń, daraklaryň döwülmeginde  çalşylanda hökman eriş sapaklaryny sapmak elde amala aşyrylýar.

Dokma stanoklarynyň çalşyrylýan işçi bölekleri – eriş sapagyna gözegçilik ediji, küji we daraklardan ybarat, we olaryň gurluşlary aşakdaky  ýalydyr.

Eriş sapagyna gözegçilik ediji - bu erişlere gözegçi bölek bolup, eriş sapagy üzülende stanogy saklamak üçin hyzmat edýär. Eriş sapagyna gözegçilik ediji iki sany deşikli demir plastinadyr. Bir deşigine eriş sapagy geçirilýär, beýleki deşiginden eriş gözegçiniň demiri geçýär.

Eriş sapagyna gözegçilik edijiniń ölçegi we agramy eriş sapagynyň çyzykly dykyzlygyna  baglydyr. Erişiň çyzykly dykyzlygy ýokarlansa ulanylýan gözegçilik edijiniń agramy artdyrylýar.

Küji - dokma stanogynda boşluk (agyz) emele getirmek üçin hyzmat edýär. Ol galewa geýdirilen çarçuwadyr. Köplenç küji çarçuwalary demir plastinalardan ýasalýar, köne stanoklarda agaçdan ýasalýar. Galewalar demir we ýüp görnüşlerinde bolýarlar. Soňky dokma stanoklarynda demir plastinadan ýasalan galewalar ulanylýar. Demir galewalar köp wagtlyk gulluk edýärler.

Darak - matanyň ini boýunça eriş sapaklarynyň ýerleşişini, eriş boýunça gerekli dykyzlygy we matanyň çetine argaç sapagynyň urulmagyny sazlamak üçindir. Darak ýene-de agyzdan mäkiniň uçuşyny ugrukdyrmak üçin ulanylýar.

Täze eriş sapaklarynyň soňuny öňki işlenilen eriş sapagynyň soňy bilen düwmeklik düwýän maşynlarynda amala aşyrylýar. Bu maşynda ulanylyş mümkinçiligi boýunça: stasionarnyý, hereketlendiriji we köp taraplaýyn, sapak saýlaýyş ukybyna görä ińńeli, senaly we howa arkaly bolýar.

Stasionarnyý maşynlarda erişleri sapmak bölüminde baglanyşdyrýarlar. Dokma stanoklarynda işlenilen sapaklardan eriş sapaklaryna gözegçilik edijini, küjäni we daragy erişiň işlenilen soňy bilen bilelikde tütedäki erişiň soňy bilen düwýärler. Eriş sapaklarynyň işçi böleklerden çykmazlygy üçin iki tarapyna 10 sm inlilikde lenta goýulýar. Işlenilen erişiň soňy enjam bilen bilelikde sapmak bölümine düwün düwýän maşynlarynda geçirilýär. Bu ýerde işlenilýän sapagyň soňy tütedäki erişiň soňy bilen baglanylýar we stanogyň çalşyrylýan bölekleriniń düwünler geçirilýär.

Düwün düwýän stasionar maşynlaryň US-100 we US-175 görnüşleri ýüwürdiliş ini bilen tapawutlanýar.

Düwün düwýän stasionar maşyny aşaky 5 sany esasy işçi böleklerden durýar. Iki herketlenýän arabada baglamaklyga täze erişi taýýarlamak üçin taýýarlaýyş stanogy, ýokarky hereketleniji karetka, düwün düwme stanogynyň esasy, düwün düwme enjamlaryndan ybaratdyr. Hereketleniji düwün düwme maşynlary işlenilen eriş sapaklarynyň soňy bilen täze ýüwürdilen eriş sapaklarynyň soňy göni dokma stanogynda baglanyşdyrýar.

2.Argaç ýüplügini dokmaçylyga taýýarlama.

         Argaç sapagy dokma kärhanalaryna dürli görnüşli gutylarda getirilýär. Argaç sapagyny ol gutylary hemişe dokma stanogynda ulanmaga ýaramly däldir. Köp halatlarda argaç sapagyny gerekli görnüşdäki we ölçegdäki gutylara saramak amala aşyrylýar. Sarama wagtynda sapaklar arassalanýar, kemçilikleri aýrylýar, dykyz sarymly gutylar alynýar. Dokmaçylyk geçişinde argajyň kemçilikleri ýüze çykmaz ýaly ony çyglandyrýarlar ýa-da ýörite ergin bilen işläp taýýarlaýarlar. Eger-de ýüplük howa arkaly ýa-da rotorly egirme maşynlardan getirilse we olaryň çyglygy ýeterlik bolsa, ol ýüplükleri hiç bir taýýarlyksyz dokma stanogynda ulanmak mümkindir.

         Argaç sapagyny çyglylygy artanda onuň hili ýokarlanyp, gatylygy peselýär. Ýöne çyglylygyň has ýokary bolmagy, ýüplügiň fiziki mehaniki häsiýetleriniň peselmegine hem getirip biler.

         Argaç sapagy özüni gigroskopligi saklanyş şertleri üýtgän halatynda tiz öz çig saklaýjylygy üýtgeýär. Şol sebäpli-de ony goşmaça çyglandyrýarlar.

Argaç sapagyny çyglandyrmagyň üç sany usuly bardyr:

1). Kameraly, ýagny ýüplük howanyň degişli çyglylygy bolan kameralarda, ýörite jaýlarda saklanýar.

2). Buglama, ýagny ýüplük ýörite enjamlarda buga tutulýar. (esasan ýüp ýüplügi).

3). Ýörite erginler, ýagny ýüplükler gutylarda sowuk suwda ýumşadylýar, eredilen erginler bilen işläp taýýarlanylýar.

         3. Matanyň gurluşy.

         Matanyň gurluşy onda eriş we argaç sapaklarynyň özara ýerleşişi we olaryň arasyndaky baglanşygy bilen häsiýetlendirilýär.

         Matanyň gurluşyna täsir edýän ýagdaýlar örän köpdür, olaryň esasylary aşakda görkezilendir:

-         sapaklaryň çig mal düzümi;

-         eriş we argaç sapaklarynyň kese-kesiginiň ölçegleri we çyzykly dykyzlyklary, olaryň gatnaşyklary;

-         matanyň eriş we argaç boýunça dykyzlygy;

-         eriş we argaç sapaklarynyň dokalyşynyň görnüşleri;

-         matany dokma stanogynda öndürmegiň tehnologiki görkezijileri;

Matadaky eriş we argaç sapaklary çig mal düzümleri boýunça birmeňzeş, birmeňzeş däl, garylan ýaly görnüşlerde bolýar.

Matadaky eriş we argaç sapaklarynyň kese-kesiginiň ölçegleri aşakdaky ańlatma bilen kesgitlenilýär:

de=0,03162 Ce Te

da=0,03162 Ca Ta

bu ýerde:

Ce we Ca

- sapaklaryň çig mal düzümine bagly koeffisiýenti;

Eriş we argaç sapaklarynyň kese-kesiginiň ölçegleriniň gatnaşyk koeffisiýenti:

Kd=de/da ;

Eriş Te we argaç Ta sapaklaryň  çyzykly dykyzlygy, olaryň  gatnaşyk koeffisiýenti:

KT=Te/Ta ;

         Matanyň dykyzlygy diýip kesgitlenen uzynlykdaky sapaklaryň sanyna aýdylýar. Kesgitlenen uzynlyk hökmünde 1 sm, 5 sm, 10 sm kabul edilip alynýar. Matalar dykyzlygy boýunça 3 topara bölünýärler: dykyz, orta, seýrek.

         Dykyz matalarda ýerleşen sapaklaryň arasy olaryň gińliginden kiçidir (1<d).

         Orta matalarda ýerleşen sapaklaryň arasy olaryň gińligine deňdir (1=d).

         Seýrek matalarda ýerleşen sapaklaryň arasy olaryň gińliginden ulydyr (1>d).

         Matadaky sapaklaryň dokalyşlary üç sany görkeziji boýunça   häsiýetlendirilýär:

         - sapaklaryň eriş we argaç boýunça rapportlary;

         - eriş we argaç sapaklaryň örtgileri;

         - ýer üsti we dik (eriş we argaç) süýşmeler;

         Rapport diýip - iň az sanly sapaklardan soň, matada sapaklaryň örtgileriniň ýerleşiş tertibiniň gaýtalanmagyna aýdylýar (Re; Ra).

         Örtgi – bu bir ulgamyň sapagynyň beýleki bir ulgamyň sapagynyň üstüni basýan ýeridir (nfe; nfa).

         Süýşme – birmeňzeş örtgileriň arasyndaky sapaklaryň sanyny görkezýär (Se; Sa).

Dokalyşlar öz gurluşy boýunça dört topara bölünýärler:

         - ýönekeý esasy;

         - ownuk nagyşly;

         - çylşyrymly;

Ýönekeý esasy dokalyşlara polotno, sarza, satin we atlas degişlidir.

         - iri nagyşly ýa-da zakkard dokalyşlary;

Matany  dokma stanogynda öndürilende oňa birnäçe görkezijiler täsir edýär:

         - eriş we argaç sapaklarynyň çekimi;

         - agzyň ölçegleri;

         - eriş we argaç sapaklarynyň urabotkasy;

         - matanyň eriş we argaç boýunça doldurma derejesi;

Esasy ýönekeý dokalyşlara polotno, sarža, satin we atlas degişlidir.

4-nji surat. Ýönekeý dokalyşlar.

4. Dokmaçylyk – matany emele getirme.

         Taýýarlama bölüminden eriş we argaç ýüplükleri dokma stanogyna getirilýär, ol ýerde bolsa ondan kesgitlenen dokalyşy, dykyzlygy, ini bolan matalar öndürilýär.

         Dokma stanogynda matanyň emele geliş hadysasy biri-biri bilen baglanşykly bolan esasy tehnologiki işlerden durýar:

-         eriş sapaklary dik ugra hereket edip dokalyşyň suratyna laýyklykda bölünýär we boşlugy (agzy) emele getirýärler;

-         emele getirilen agyzdan argaç sapagy geçirilýär;

-         agyzdan geçirilen argaç sapagy matanyň kenaryna kakylýar;

-         emele getirilen mata yzygiderlikde alyp gidilýär we haryt oklawyna saralýar, eriş bolsa matanyň boýunyň ugruna süýşýär;

-         tehnologiki yzygiderligi ýöretmek üçin gerek bolan eriş sapagy kesgitlenen çekim bilen dokma tütesinden çözülýär.

         Bu ähli işler dokma stanogynyň enjamlaryň ylalaşykly hereketi netijesinde amala aşyrylýar:

-         agyz emele getiriji enjam, eriş eriş sapaklaryny dik ugra hereketlendiriji;

-         argajy geçiriji enjam, mäkiniň ýa-da beýleki bir usulyň kömegi bilen argaç sapagyny agyr geçiriji;

-         darak enjamlaryny, daragyň kömegi bilen argaç sapagyny matanyň kenaryna kakýan;

-         haryt sazlaýjy, işlenilen matany alyp tüýdüji we erşi sapagyň boýunyň  ugruna süýşüriji;

-         eriş sazlaýjy ýa-da saklaýjy, erşi dokma tütesinden göýberiji we gerekli çekimi getiriji;

         Eriş we mata boý ugruna hereket eden ýagdaýlarynda birnäçe hatar ugrukdyryjy bölekleriň üstünden geçýär. Olaryň käbirleri bolsa esasy tehnologiki işleri ýerine ýetirýär.

Barlag soraglary:

1. Eriş ýüplügini taýýarlamagyň tehnologiki geçişleri haýsylar?

2. Eriş ýüplügini taýýarlamagyň argaç ýüplügini taýýarlamakdan näme tapawudy bar?

3. Peti taýýarlamak üçin haýsy materiallar ulanylýar?

4. Dokalyşyň haýsy görnüşleri bar?

5. Dokma stanogynyň esasy enjamlary haýsylar?

Используются технологии uCoz