Dokalmaýan matalaryń önümçiligi

Umumy sapagyň meýilnamasy:

1. Dokalmaýan matalaryń önümçiliginiń taryhy.

2. Dokalmaýan matalary öndürmegiń usullarynyń görnüşleri.

3. Olaryń assortimenti we ulanylýan ýerleri.

4. Matalary öndürmek üçin çig mallar we olary taýýarlama.

 

 

1. Dokalmaýan matalaryń önümçiliginiń taryhy.

         Dokalmaýan matalary önümçilikde dokma senagatynyň iň bir ösýän we ýokary ykdysady görkezijileri pudaklaryň biridir. Bu önümçilik zähmediň, enjamlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we önümçilik aýlawyny gysgaltmaga mümkinçilik berýän tehnologiki geçişlere esaslanýar.

Dokalmaýan matalar özüniń arzan bahalygy we ýokary ulanyş häsiýetleri bolanlygy sebäpli giňden ulanylyp başlady. Önümçilikde himiki süýümleriň we sapaklaryň ulanylmagy dokalmaýan matalaryň görnüşlerini has-da artdyrdy. Häzirki wagtda dünýäde dokalmaýan matalaryń göwrümini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda mata görnüşli dokalmaýan matalary öndürmek maksatlaşdyrylýar we olaryň göwrümini dokalmaýan matalaryň 75 % ýetiriler. Ondan başga-da dokalmaýan matalaryň alyjylyk we ulanyş häsiýetlerini ýokarlandyrmak, peýdalanylýan ýerleri köpeltmek hökmandyr.

Ylmy agtaryşlarda alymlaryň güýçleri aşakdakylara ugrukdyrylandyr:

-         dokalmaýan matalary öndürmegiň geçişleriniň nazary esaslaryny işläp düzmek;

-         dokalmaýan matalary öndürmegiň täze usullaryny işläp düzmek;

-         görnüşlerini köpeltmek;

-         täze ýokary öndürijilikli enjamlary döretmek;

-         zähmediň we enjamlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak;

Dokalmaýan matalaryń önümçiligi ir wagtlardan bäri bellidir. Ilki-ilkiler adamlar diňe bu önümçiligiň diňe bir keçe etme usulyny ulanypdyrlar. Ýöne bu önümçilik özbaşdak hökmünde diňe XX asyrda ýüze çykyp ugrady. Ol XX asyryň ikinji ýarymynda giň gerimler bilen ösdi.

2. Dokalmaýan matalary öndürmegiň usullary.

Dokalmaýan matalar - diýip berk, çeýe, polotno şekilli matalara aýdylýar. Dokalmaýan matalar esasan öndürme usuly boýunça görnüşlere bölünýär.

Dokalmaýan matalary öndürmegiň üç sany usuly bar:

- mehaniki tehnologiýa esasynda;

- fiziki-mehaniki tehnologiýa esasynda;

- utgaşdyrma tehnologiýa esasynda.

Mehaniki tehnologiýa boýunça örme-tikme we iňňeli deşme dokalmaýan matalary öndürýärler. Fiziki-mehaniki tehnologiýa boýunça ýelimleme, polimerleriň dargadyjylaryň erginlerini ölçeg berme, ýylylykly basma, nagyş etme ýaly dokalmaýan matalary öndürilýär.

Utgaşdyrma tehnologiýa mehaniki we fiziki-himiki tehnologiýalaryň özara utgaşdyrmalaryň usulydyr. Bu tehnologiýa boýunça tafting, elektrikflokirleme, iňňeli deşme ýelimleme bilen, keçe etme, sapaklary ýelimleme ýaly dokalmaýan matalar öndürilýär. Dokalmaýan matalar süýümli pişgäniń, sapaklaryń ulgamlarynyń, tekiz gurluşlaryń (matalar, trikotaź we s.m.) esasynda öndürilýär.

3. Olaryň assortimenti we ulanylýan ýerleri.

Dokalmaýan matalar daşky görnüşi boýunça matalara meňzeş bolup, trikotažy we häsiýetleri bolsa tapawutlanýarlar. Dokma senagatynda örme-tikme we iňňeli deşme usullary bilen alynýan dokma matalaryń uly ähmiýeti bardyr. Olar daşky görnüşleri boýunça matalara meňzeş bolup, eşikleri taýýarlamakda halylary we beýleki öwürtmeler öndürmekde giňden ulanylýar. Dokalmaýan matalar durmuşda, tehnikada we medisinada giňden peýdalanýar.

Olaryň giňden peýdalanylmagy, olaryň häsiýetlerine aýratynlyklary bilen düşündirilýär:

- ýokary göwrümlilik;

- howa geçirijilik; 

- oňat ýylylyk we ses izolirleýjilik we beýlekiler.

Durmuş maksatlary üçin niýetlenilen dokalmaýan matalaryń görnüşleri örän köp bolup, olary iki topara bölmek bolýar:

1. Eşiklik (geýimlik) -paltolyk, penjeklik, köýneklik, eşiklik we beýlekiler.

2. Öý hojalygynda ulanylýan - ýorganlar, polotensalar, saçaklyklar, halylar hem emeli sütükler.

Senagatda dokalmaýan matalar izolirleýji, filterleýji, gaplaýjy materiallar hökmünde ulanylýar.

Medisinada dokalmaýan matalar daňy etmek kompres, eşiklik, dürli maksatlara niýetlenen sanitar-gigiýeniki materiallar ulanylýar.

 

         28-nji surat . Dokalmaýan matalaryń görnüşleri.

4. Matalary öndürmek üçin çig mallar we olary taýýarlama.

Häzirki wagtda dünýäde dokalmaýan matalary öndürmegiň ähli usullary ulanylýar we şol sebäpli-de çig mal hökmünde süýümler, ýüplükler we sapaklar, matalar, trikotažlar we beýlekiler ulanylýar. Eger-de süýümleriň bir görnüşi esasy hökmünde ulanylsa, onda ol bir görnüşleri baglanyşdyryjy çig mal hökmünde peýdalanylyp biliner (şol matanyň özi hem). Süýümli pişge himiki we tebigy süyümlerden emele getirmeýär. Pişge üçin pes sortly egirmä ýaramsyz we regenirlenen (regerinasiýa wosstanowleniýe - täzeden dikeltmek) süýümler ulanylýar. Dokalmaýan matalary öndürilende süýümli pişgäni berkitmek üçin ýönekeý we towly, nah, kapron lawsan, ýörite dokalmaýan matallaryny öndürmek üçin bolsa aýna we metaliki sapaklary ulanylýar.

Sapaklaryň we tekiz materiallardan çig mallar taýýarlanylanda baldak, pagta, himiki sapaklar, ýüplükler, metal toplary (setka) polimer plenkalary we beýlekiler dokalmaýan matalaryny öwrenmek üçin niýetlenen getirilen çig mallar görnüşine we öndürmekligiň usullaryny baglylykda dürli tapgyrlardan we tehniki geçişlerden geçirilýär. Çig mallary taýýarlamak aşakdaky geçişlerden geçýär: tüýtmek, arassalamak, garmak garyşdyrrnak, daramak, pişge emele getirmek.

Pişgäniň emele getirmegiň mehaniki, airodinamiki we gidrawliki usullary bardyr. Mehaniki usulda taýýarlanylanda darak maşyndan çykýan pişgeleri ýörite niýetlenen daşaýjylarda gat-gat ýerleşdirmegiň esasynda alynýar. Airodinamiki usullarda darak maşyndan çykýan pişgeler howanyň kömegi bilen ulaglaşýar we gözenekli barabana eltilýär. Gözenekli barabanyň üstünde endigan ýerleşmedik süýümleriň gatlagy emele gelýär. Gidrawliki usulynyň mazmuny gysga süýümlere suwy täsir edilip gatlaklary almakdan ybaratdyr.

         Aýryjy baraban 1 darak 2-iń kömegi bilen amala aşyrylan daralan süýümler 3 alyp daşaýjy 4-de we şonuń bilen bir tizlikde hereketlenýän daşaýjy 5-e geçirilýär. Orta daşaýjylar 5 daralan süýümleri ýygnaýjynyń posyna ýerine ýetirýär. Sońra düşeýji daşaýjy 6 garylan süýümler kese daşaýjy 7-ä ýerleşdirilýär we olary biri-birini keselikde ýerleşdirip pişgeli gatlagy emele getirýär.

         Karetka 11-iń kömegi bilen kese tekizlikde 5 we 6-nyń daşaýjylary hereket alýarlar. Düşüriji daşaýjy 6 karetka 11-den leńńer 9-yń we barmak 8-iń kömegi bilen alýar. Daşaýjy 5 bolsa zynjyr 12-nji ýyldyzjyk 13-iń kömegi bilen herekete getirilýär. Süýümleri gatlak emele getirilende gatlaklaryń süýündirilmezligi we daşaýjylardan daşaýja geçirilende eplenmeleriň emele gelmezligi ýeń, olaryň tizliginiň arasynda aşakdaky gatnaşyk göz öňünde tutulmalydyr. Daşaýjylaryň  aýlanma tizlikleri 5 we 6  daşaýjylaryń gelme-gitme tizlikleri m/min.

surat . Daralan süýümli gatlaklaýjy.

Kese-kese daşaýjylary süýümli gatlaklary düşemegiň tizligi.

bu ýerde:

υ4; υ56; υ7

- daşaýjylaryń aýlanma tizligi, m/min

υ56

- daşaýjylaryń öńe-yza hereketiniń çyzykly tizligi, m/min;

υgd

- kese daşaýja daralan süýümleriń gatlagynyń düşelgesiniń tizligi, m/min;

Barlag soraglary:

1. Dokalmaýan mata näme?

2. Dokalmaýan matalary öndürmegiň usullary haýsylar?

3. Dokalmaýan matalary öndürmek üçin çig mal hökmünde nämeler peýdalanylýar?

4. Mehaniki tehnologiýa boýunça haýsy dokalmaýan matalar öndürilýär?

Используются технологии uCoz