Daramak we süỳümleriň eplenmelerini düzetmekа

 

1.    Darak maşynda süỳümleriň daralmasy we ỳüze çykỳan kemçilikler.

2.    Süỳümleriň eplenen ỳerlerini aỳyrmagyň usullary.а

3.    Egirme önümçiliginde maşynlaryň gerekli geçiş sany.

4. Tüỳtme-saýma güýjüñi аkesgitlemek.

 

 

1. Darak maşynda süỳümleriň daralmasy we ỳüze çykỳan kemçilikler.

Daramak prosessi darak maşynyň baş barabanyň (tamburyň) we şapkanyň arsaynda hem-de tamburyň we doferiň arasynda bolup geçýär. Ýöne darak maşyndan çykýan süýümleriň kä-birlerinde uly ýetmezçilik ýüze çykýar. Tamburdan dofere geçenlerde kä-bir süýümleriň uçlary tamburyň dişlerine ýapyşyp galýarlarа ( а-nji surat). Bu eplenen uçlar doferiň dişlerineа geçenlerde düzelmän galyp gidýärler. Darak maşyndan çykýan köp süýümleriñ yzky ujy eplenen (krýuçok) görnüşde bolýar, olar çelege ýerleşdirilip indiki maştynlara geçýärler.

 

1 -nji surat. Darak maşyndaа tamburdanа dofere geçende süýümleriň uçlarynyň eplenilmesi.

Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde darak maşyndan çykýan süýümleriñ takmyn şeýle paýlanýandygy anyklandy:

       50 % gowrak yzdan eplenen;

       takmyn 15 % öňden eplenen;

       takmyn 15 % iki tarapynda eplenen;

       20 % golaý hiç tarapyndan eplenmedik;

Bu eplenen ýerler süýümleriň işçi uzynlygyny kiçeldýärler. Eplenmeler ýüplük emele gelmesinden öňürti aýyrmaly. Bu işi çekim bilen ýa-da inçe daramak arkaly ýerine ýetirip bolýar.

 

2. Süýümleriñ eplenen ýerlerini aýyrmagyñ usullary.

Çekim abazalyñ içine süýümler öňünden ýa-da yzynda eplenenen ýagdaýda girip bilerler. Eger süýümler yzyndan eplenen bolsalar, çekim abzalda süýümiň öňki ujy has tiz aýlanýan silindrleriñ jübütune ýeten pursatynda süýndirilip başlaýr we gönelýär. Eger süýüm öňünden eplenen uçly bolsa ol çekim silindrden üýtgemän geçer (ýagny eplenen ýeri gönelip düzelmeýär).

 

2-nji surat. Çekim abzaldaky süýümleriň yzdan eplenen uçlary.

 

3 -nji surat. Çekim abzaldaky süýümleriň öňden eplenen uçlary.

 

 

4-nji surat.а Inçe daraýjy maşynda süýümleriň öňden eplenen uçlary.

 

Inçe daraýjy maşyn esasan süýümleriñ öňki eplenen uçlaryny darap düzedýär, sebäbi bu maşynyñ tegelek daragynda goýulan iňňeler diňe şolar ýaly uçlary gowy tutup bilýär.

 

3. Egirme önümçiliginde maşynlaryň gerekli geçiş sany.

Süýümleriň eplenen ýerlerini (krýuçoklary) düzetmek üçin maşynlaryň kesgitli geçiş sany gerek bolýar. Inçe daraýjy maşyna öňden eplenen süýümler berilmeli. Ring egiriji maşynlara bolsa yzdan eplenen süýümler berilmeli. Aşakdaky suratdan görnüşi ýaly ( а-nji surat) her geçişde eplenmeleriñ ugry üýtgeýär, şonuñ üçin eplenmeleri düzetmek üçin maşynlaryň kesgitli geçiş sany gerek bolýar.

Bu usullar diňe ring egirmede zerurdyr. Open-end (rotor) egirmede eplenmeleriň uly ähmiýeti ýok.

 

 

 

5-nji surat. Inçe darama ulgamynda darak we inçe daraýjy maşynlaryň arasynda eplenmeleriň ýagdaýynyň üýtgemesi.

 

 

6-nji surat. аKard ulgamy. Darak we ring maşynlaryň arasynda eplenmeleriň ýagdaýynyň üýtgemesi.

 

4. Tüỳtme-saýmanyñ güýjini kesgitlemek.

Süýümi tüýdýän we arassalaýan saýyjy enjam üçin tüýtme-saýmanyñ nähili güýç bilen geçýändigini añladýan görkezjisi hökmündeа 1 m süýümli pişgä (nastila) plankalar bilen edilýän urgylaryñ sany ulanylyp biler.

 

St а= nt K s/ υ

 

Bu ýerde nt а- saýyjynyñ aýlaw ýygylygy, min-1

аK s Ц saýyjy guraldaky plankalaryñ sany , san

υ а-а iýmitlendiriji silindriñ tizligi, m/min

Eger saýyjyñ plankalaryñ sany 3 deñ bolsa we nt = 1185 min -1 diýilip kabul edilse,а iýmitlendiriji silindrlere birikdirilen iki-tizlikli dwigateliñа ndw аaýlaw ýygylygyna baglylykda orta süýümli pagta üçin tüýtme-saýma derejesi şeýle bolar:

 

Dwigateliñ tizligi

Birinji

Ikinji

υ

3.98

2.67

St

892

1330

 

 

Barlag soraglary:

 

1.     Egirme önümçiliginde süỳümleriň uçlarynyň eplenmesi nirede we nädip ỳüze çykyp bilỳär?

2.     Süỳümleriň eplenen ỳerlerini aỳyrmagyň nähili usullary bar?

3.     Inçe darama we kard egirme ulgamlarynda süỳümleriň eplenen uçlaryny düzetmek üçin gerekli maşynlaryň geçişleri.

 

Используются технологии uCoz