1. Çig malyň häsiỳetnamasy. Uzynlyk.
2. Ştapel diagrammasy.
3. Süỳümiň inçeligi barada
düşünje.
4. Süỳümiň berkligi barada düşünje.
1. Çig malyñ häsiýetnamasy. Uzynlyk.
Çig mal ýüplügiñ özüne düşýän gymmatynyñ 40-70 % tutýar. Şeýlelikde çig mal bu egirmeçiler üçin möhüm bir zatdyr. Adatça egirmeçiñ ýetmezçiliksiz kämil çig maly almaga mümkinçiligi ýok, sebäbi ol juda gymmata düşerdi. Emma juda arzan çig mal alnanda köplenç çykdajylar tersine köpelýär, sebäbi egirme kärhanalarda pes hilli material işlenende uly kynçylyklar ýüze çykyp bilỳär. Amatly bahada ýokary hilli çig maly saýlamak üçin materialyñ häsiýetlerini gowy öwrenmeli. Aşakda egirmeçi üçin möhüm bolan esasy hil görkezijiler we olaryñ özara gatnaşygy görkezilen.
Uzynlyk
süỳümiň üç sany esasy
häsiýetleriñ biridir. Ol täsir edýär:
Egirmeklige bolan ukyba
Ýüplügiñ
berkligine
Ýüplügiñ
düzgünligine
Öwüşgenlige
Ýüplügiñ
tüýlüligine
Öndürijilige
Süýümiñ uzynlygy laýyk bolsa ol öndürijilige gowy täsir eder, sebäbi üzülmeleriñ sany azalar, galyndylaryñ mukdary we ýüplüge bermeli towlaryñ sany azalar, egirmekligiñ şertleri gowulanýar.
Süýümleriñ
uzynlygy 4-
Satyn alnan pursatyndaky süýümiñ uzynlugy önümçilikde kiçelýär. Darak maşynda işlenenden soñ süýümiñ kiçelip biljek uzynlygyny bilmek zerurdyr. Daramaklykdan soñ juda gysgalmaýan häsiýetli süýümleri saýlajak bolmaly.
Egirme önümçiliginde süỳümler öz uzynlygyna görä iki sany uly topara bölünýär:
Gysga ştapel
süýümler uzynlygy 60 mm-den kiçi bolan
sýümler. Bu topara degişli esasy süýüm
pagtadyr. we süỳümler girýärler.
Uzyn ştapel sqmler
uzynlygy 60 mm-den uly bolan süỳümler. Bu topara degişli
esasy süýüm ýüñdir.
Himiki süýümler hem-de ýüpek galyndylardan alnan süỳümler öz kesgitli kesilen uzynlyklaryna baglylykda gysga-ştapelli we uzyn-ştapelli bolup bilerler.
Işlenilýän süỳümileriñ
görnüşine baglylykda egirme enjamlar we kärhanalar
dürli bolýarlar. Gysga ştapel egirmede pagta we himiki sqmler
bqn garyndylary işlenýär. Uzyn ştapel egirmede
ýüñ we himiki süỳümler bilen garyndylary
işlenýär.Ýüpek galyndylar uzyn-ştapel
egirmede işlenilýär.
2. Ştapel diagrammasy.
Tebigy
süýümleriñ uzynlyklary başyndan biri-birinden
tapawutly bolýar. Meselem pagta süýümiñ uzynlygy
hatta gozañ içinde deñ bolmaýar,
ýüñ we ýüpek süýümlerde bu
tapawutlar has aýdyndyr. Süýümler ilkinji işlenip
bejerilende köp süýümler ýenede gysgalýar
(meselem arssalananda ýa-da pagta süýümi
çigitden aýyrylanda). Netijede uzynlyk
süýümleriñ iñ gaty üýtgäp
biljek häsiýetine öwürilýär.
1-nji
L
süýümiñ uzynlygy;
2-nji
Bu diagrammañ egri çyzygy nomerlik diagramma garañda has ýokarda ýerleşỳär, sebäbi uzyn süýümler gysga süýümlerden has agyr bolup diagramma has uly täsir edýärler. Agram esasly diagramma ýüplügiñ kese-kesiginde süýümleriñ ýerleşmegini gowy beýan edýär, şonuň üçin ony ýüplüge degişli hasaplamalarda ulanmak amatly.
Nomerlik diagrammasy bolsa, süýümleriñ düzümini gowy görkezýär, ýagny onda gysga süýümleriñ mukdary anyk görünýär. Şonuň üçin nomerlik diagramma seredip, süýümleriñ işleniş häsiýetleri barada baha bermek bolýar.
Nomerlik we agram-esasly diagrammalary özara şeýle gatnaşdyryp bolýar:
bu
ýerde:
La |
-
agram-esasly diagrammasyndan alnan ortaça ştapel uzynlyk; |
LN |
-
nomerlik diagrammasyndan alnan ortaça ştapel uzynlyk; |
S |
-
süýümleriñ paýlanmasynyñ standart
gyşarmasy; |
Süýümleriñ materialyna baglylykda diagrammalaryñ esasy 5 sany şekili bolup biler.
3-nji
Gönuburçlyk ştapel şekili diñe sintetik süýümler bilen mümkin bolup biler.Hemme süýüm deñ uzynlykly bolan üçin hiç hili uzynlyk üýtgemeleri ýok. Bular ýaly material kämil görünip bilerdi emma bu ýalñyş pikir. Materialyñ seyle deñligini soñuna, ỳagny ýüplüge çenli saklap bolanok, sebäbi süýümler egirme kärhanalarda işlenende gysgalýarlar (aýratynda darak maşynda). Beýleki tarapdan egirme maşynlar birmeñzeş süýümleri işlemäge ýaramaỳarlar.
Meselem: çekim abzallarda deñ uzynlykly süýümler hersi aýry däl, topar-topar bolup süýşerler. Netijede önümiň düzgünsizligi ýokary bolar.
4-nji
Üçburçluk ştapel süỳümli materialy eýýäm işläp bolýar, emma onuñ düzüminde juda köp gysga süýüm bolar. Çekim abzallarda süýümler hereket edenlerde gysga süýümleri gözegçilik astynda saklamak gaty kyndyr.
Olar erkin hereket edip soñunda önümiň uly düzgünsizliklerine getirýärler. Soñ gysga süýümler ýüplügiñ içine gowy girmeýärler, daşyna çykýarlar, ýitýärler, maşynlarda we enjamlarda galyndylary we tozgalary köpeldýärler. Sapagyñ daşyna çykyp duran gysga süýümleriñ uçlary ýüplügiñ tüýlüligini artdyrýarlar.
5-nji
Bu öndürijilik üçin iñ gowy ştapel görnüşi. Egri näçe tekiz bolsa, şonça-da gowy. Emma tekiz egri şekilli ştapeliñ bahasy köplenç gaty gymmata düşỳär (ỳokary hilli çig malyň bahasy ỳokary bolỳar).
6-njy
7-nji
Ştapel diagrammalardan
daşary Fibrogramma hem ulanylýar. Ştapel diagrammada
süýümler bir ujyndan deñleşdirilse, Fibrogrammada
olar hiç tertipsiz, çeninden, bir çyzyk boýunça
gysylýarlar. Ştapel diagrammada süýümleriñ
tertipli, bir ahyryndan deñ bolan ýagdaýda
ýerleşmesi emeli döredilen, bu ýagdaý
durmuşda, öndürijilik şertlerinde hiç haçan
duş gelmez. Emma Fibrogramma süýümleriñ
silindrlerde gysylan ýagdaýyny gowy beýan
edýär. Fibrogramma Digital-Fibrograph atly abzalda gurulýar.
Fibrogrammadaky uzynlyklar geçen-uzynlyk ýaly
-nji
-nji
-nji
3.
Süỳümiň inçeligi barada düşünje.
Inçelik hem süýümleriñ üç sany esasy häsiýetleriñ biridir. Inçelik ýüplükleriñ kese kesiginde näçe sany süýüm sygyp bilýändigine täsir edýär. Kese kesikde näçe köp süýüm bolsa, şonça-da berklik ýokary bolar. Ýüplügiñ kese kesiginde azyndan 30 sany süýüm bolmaly, ýöne adatça olaryñ sany ýüzden ýokary bolýar. Täze egirme usullaryñ hemmesi üçin kese kesikde bir ýüz sany süýüm rugsat edilen aşakky çägidir. Şonuň üçin geljekde süýümleriñ inçelik häsiýetiniñ ähmiýeti has artar.
Süýümleriñ inçeligi şu aşakdaky hil görkezijilere uly täsir edỳär:
Ýüplügiñ
düzgünligi;
Ýüplügiñ
dolylygy;
Egirmeklige bolan
ukyplylygy;
Ýalpyldy;
Öndürijilik;
Süýümler inçe bolanda üzülmeler azalýar, ýüplüge bermeli towlaryñ sany azalýär, umuman egirmekligiñ şertleri gowulanýar. Şonuň üçin ỳalpyldysy hem artar.
Deň
däl hilli süýümler garylanda bir zady ýatdan
çykarmaly däl: egirilende has inçe süýümler
ýüplügiñ içinde merkeze golaý
ýygnalýar, gödek süýümler bolsa tersine
daşynda, ýüplügiñ ýüzüne
golaý ỳygnalỳar.
Inçeligiñ ölçegi hökmünde süýümiñ diametri alynyp bilerdi, emma dokma senagatda bu ölçeg ulanylmaýar, sebäbi süýümleriñ kese kesigi tegelek däl we ony ölçemek gaty kyndyr. Adatça inçelik agramyñ uzynlyga bolan gatnaşygy ýaly kesgitlenýär.
4. Süýümiñ berkligi barada
düşünje.
Berklik köplenç iň esasy häsiýet bolup
durýar. Tebigatda süýümleriñ tükeneksiz
görnüşi we sany bar, emma olaryñ köpüsi dokma
önümçilik üçin ýaramaýar sebäbi
olaryñ berkligi ýeterli däl. Dokma süýüm
üçin iñ kiçi berklik takmyn 6 cN/tex deñ
bolmalydyr. Süýümler ýüplügiñ
içinde tow arkaly birleşdirilýär şonuň
üçin ýüplükler materialyñ
berkliginiñ diñe 30-70% ulanýarlar. Şeýlelikde
ýüplügiñ iñ az berkligi takmyn 3 cN/tex deñ
bolmalydyr.Ýüplügiñ berkligi
süýümiñ berkligi bilen göni baglylykda
üýtgeýär. Süýümleriñ
berkliginiñ ähmiýeti geljekde artar sebäbi köne
usullara garañda täze egirme usullaryñ köpüsi
materialyñ berkligini has pes derejede ulanýarlar.
1-nji
jedwel. Esasy möhüm
üzülme berklikleriñ bahalary.
Poliester
(poliefir)/poliamid |
30-70 cN/tex |
Zygyr |
50-70%
cN/tex |
Ýüpek |
25-35%cN/tex |
Pagta |
15-40 cN/tex |
Ýüñ |
12-18 cN/tex |
Poliesterden daşary hemme süýümleriñ berkligi çyglyga bagly. Muny önümçilikde we tejribehanalarda bilmek zerurdyr. Süýümiñ çyglygy amatly howa şertlerine we şol howada näçe wagt saklanýandygyna bagly bolỳar. Şonuň üçin dokma önümçilikde howa ỳelijiredilỳär (kondisionerlenýär). Pagtañ, zygyryñ we ş. m. süýümleriñ berkligi çyglyk bilen artýar. Wiskozañ, poliamid süýümiñ, ýüñüñ we ýüpegiñ berkligi bolsa çyglygyñ artmagy bilen tersine kiçelýär.
Barlag soraglary:
1. Egirme önümçiliginde
süỳümler öz uzynlygyna görä haỳsy iki
sany topara
bölünýär?
2.
Ştapel diagrammalar
nädip düzülỳär?
3.
Ştapel diagrammalar
nähili şekilli bolup bilerler?
4. Uzynlyk nämä täsir edỳär?
5. Inçelik nämä täsir edỳär?