Esasy tebigy süýümleriñ uzynlyklara görä bölünişi.

Pagta süýüminiñ uzynlygy kö ýurtlarda millimetrlerde däl-de duým (inch) ýaly iñlis ölçeg birlikde añladylýar. 1 inch 2.54 sm deñdir. Ştapel uzynlyk el bilen kesgitlenende nusgany barlaýan hünärmen uzynlygy 1/32 inch ölçeg birligi hökmünde alýar. HVI enjamynda inch-iñ 1/100 bölegi alynýar soñ 1/32 inch-e geçirýär.

1-nji tablisa.Pagta süýüminiñ ştapel uzynlygyna görä toparlara bölünişi.

Toparyñ ady

Uzynluk, mm

Uzynlyk, duým (inch)

Gysga ştapel

25,4 we ondan kiçi

1 ve ondan kiçi

Orta ştapel

26 28

1 1/32 1 1/8

Uzyn ştapel

28 34

1 5/32 1 3/8

Has uzyn ştapel

34 we ýokary

1 13/32 we ýokary

2-nji tablisa.Pagta süýüminiñ uzynlygyna görä ýaýraýyşy

Gysga süýümler

Pagta süýümleriñ 90%-i 26mm-den gysgadyr

Orta süýümler

Pagta süýümleriñ 1-3%-i 26 - 29mm aralykda (meselem ABŞ-de Upland görnüşi)

Uzyn süýümler

Pagta süýümleriñ 7-8%-i 30 - 38mm aralykda (meselem Müsürdäki Mako görnüşi)

Gaty uzyn süýümler

Pagta süýümleriñ 2-3%-i 39mm we ondan has uzyn (meselem ABŞ-de Sea Island we Peru görnüşleri)

3-nji tablisa.Ýüñ süýümleriñ uzynlyklary.

Merinos ýüñi

2 12 sm, gysga ýüñler

Krossbred ýüñi

12 15 sm, orta ýa-da uzyn ýüñler

Şewiot

15 50 sm, uzyn ýüñler

Zygyr toplumlaýyn süýümleriñ uzynlygy 30-60sm, her aýry süýüminiñ uzynlygy bolsa 2-4sm bolýar.

Ýüpek süýüminiñ piledäki doly uzynlygy 1500 mm çenli bolýar. Pileden üznüksiz keleplenen uzynlygy bolsa takmyn 1000 mm çenli düşýär. Ýüpek galyndy süýümleriñ uzynlygy ýüñ süýümiñki ýaly giñ çäklerde üýtgeýär.

4-nji tablisa. Tebigy süýümleriñ häsiýetleri we ulanylyşy.

Tebigy süýüm

Ulanylýan ýerleri

Esasy häsiýetlri

Pagta

Içki geýim, postel, sütükli, erkek köýnekleri, aýal köýnekleri, bluz matalar, sport geýim, ýaglyk we ş.m.

Berk, çygy gowy sorýar (gigroskopik),çyg ýagdaýda berkligi ulalýar, añsat ýygyrt bolýar, ýuwaş guraýar

Zygyr

Stol örtgiler, postel-prostyn, ýaglyklar, erkek we aýal köýnekler we ş.m.

Düž. Salkyn. Çygy gaty gowy sorýar (örän gigroskopik), çyg ýagdaýda berkligi ulalýar, añsat ýygyrtt bolýar.

Ýüñ

Erkek we aýal köýnekleri, örme önümler, jorap, ýorgan, haly, mebel-bezeg we örtme matalar.

Görnüşine baglylykda ýumşak, towly ýa-da düz, ýylylygy gowy saklaýar, añsat ýygyrt bolýar emma ýygyrtlary derrew aýyrylýar, çygy gowy sorýar, keçe basyp bolýar.

Kaşemir

Moher

Alpaka

Aýallaryñ köýnekleri, mantolar, switerler we içki geýim.

Ýeñil, ýumşak, öwüşgen, tebigy reñkli

Ýüpek

Bluz matalar, galstuk, içki geýim, pombarhat we başga eşikler

Öwüşgen, düz we ýumşak

Используются технологии uCoz