USTER HVI we AFIS.

Şweýsariýada ýerleşen USTER hususy kärhanasy dünýäde meşgur we giñden ulanylýan hil barlaýjy enjamlaryny hem-de hile görä klassifikasiýa (toparlara bölüniş) ulgamlarynyň bir-näçesini işläp düzüpdir.

HVI (iñlisçe High-Volume-Instrument ýagny Uly-Göwrümli-Esbap) ulgamy bu dünýä pagta önümçiliginde we söwdasynda standarta öwürilen barlag we klassifikasiýa ulgamydyr. HVI pagtañ köp sanly nusgalaryny derrew barlamak isleýän müşteriler üçin niýetlenen. HVI pagta süýüminiñ şu esasy häsiýetlerini tiz we takyk barlap bilýär: uzynlyk(UHML), gysga süýümleriñ indeksi., uzynlyklaryñ deñölçegliligi, mikroner (inçelik), berklik, uzalma, reñk, hapalyk, ýetişik koeffisiýenti. HVI içine girizilýän pagtañ nusgasy sakgal görnüşinde bolup onuñ içindäki süýümler gysaçlarda tutulyp gysdyrylýar, daralýar, şeýlelikde gönelip paralleleşýär. Soñ sakgaldaky süýümler duýguryñ (sensor) ýerleşen ýerinden geçirilip ölçenilýär.

-nji surat. Uster HVI.

-nji surat. Uster AFIS

5 -nji surat. HVI barlag üçin pagtaň nusgasy taýýarlanýar.

 

HVI köp ýurtlarda pagta süýümleriñ hiline baha berişinde standart enjamdyr. Mysal üçin ABŞ-de pagtany klassifikasiýa işlerden geçirýän 12 sany USDA merkezi bar. Olardan pagta ýygym döwri ýurt boýunça hepdede 2 million pagta kipleriñ hili barada maglumat berilip bilýär. Şol merkezleriñ hemmesi HVI ulgamy ulanar ýaly ýörite gurnalan. Türkmenistanda öñden bäri pagta baha berişiñ köneleşen Sowet ulgamy ulanylyp gelýärdi, emma golaýda goşmaça halkara HVI ulgamy has giñ ulanylyp başlady.

AFIS bu pagta arassalaýjy we egirme kärhanalarda ulanylýan ulgamdyr. AFIS süýümiñ şu esasy möhüm häsiýetlerini barlaýar: uzynlyk, ýetişik, hapalyk we neps mukdaryny. HVI ulgama tapawutlylykda AFIS süýümleri köpçülikleýin barlaman olary bir-birden aýry barlaýar. Mundan başga AFIS ulgamy nepsleri ölçemegiñ dünýä boýunça standarty bolup durýar. AFIS egirme önümçiligiñ ähli geçişlerinde ulanylyp bilýärü

Используются технологии uCoz