Fibrograf.

Fibrografdaky ölçemeler pagta nusgasynda uzynlygyñ we onuñ deñölçegliligiñ tiz hem takyk kesgitlemegiñ usulydyr. Fibrograf ölçeme şu ýörelgelerden ugur alýar: süýüm abzalyñ daragynda öz doly uzynlygynyñ belli bir bölegi (aralyk uzynlyk) boýunça tutulýar, süýümleriñ tutulýan ýeri onuñ uzynlygyna görä tertipsiz we tötänleýin alynýar.

3-nji surat. Fibrografda süýümleriñ tertipsiz gysdyrylyşy we aralyk uzynlygyñ ölçenilişi.

Fibrografda süýümler gönelýär we çeninden gysdyrylyp ölçenilýär. Ölçäp başlan ýeri 100% diýilip hasaplanýar. Eplenmeler we başga ýagdaýlar sebäpli Fibrografda tapylan uzynlyk başga usullar boýunça tapylan uzynlyklara takyk gabat gelmeýär. Emma fibrograf barlagy el bilen ştapel kesgitlemesinden has dogrydyr. Ol goşmaça süýümleriñ uzynlyklaryñ deñölçegliligi barada habar berýär. Şol maglumatlar köplenç ylmy barlaglar geçirilende, ştapel uzynlyklaryñ barlaglarynyñ dogrylygy barlananda, pagta kipleri birmeñzeş partiýalara bölünende we başga maksatlar üçin giñden ulanylýar.

Günorta Indiýa Tekstil Gözleg Assosiasiýasy (SITRA) aralyk uzynlyklar bilen ştapel uzynlyklaryñ şeýle empirik (tejribe) gatnaşýandygyny görkezdi:

Ortaça uzynlyk = 1.242 (50% aralyk uzynlyk) + 9.78

Effektiw uzynlyk = 1.013 (2.5% aralyk uzynlyk) + 4.39

surat. Aralyk we doly uzynlyklaryñ gatnaşygy.

Используются технологии uCoz