)

Çekim

 

1. Inçeltme (çekim).

2. Çekim işi.

3. Çekimiň paỳlanşy.

4. Çekimiň başga mümkinçilikleri.

 

1. Inçeltme (çekim).

Köp häzirki zaman egriji kärhanalarda ilkinji ara önüm (ỳarym önüm) bu darak lentasydyr. Onuň kese-kesiginde takmyn 2000040000 süỳüm saklanỳar. Bu sany egirmäniñ birnäçe önümçilik geçişlerden soň, ỳüplügiň kese-kesigindäki 100 sany süỳüme çenli azaltmaly.

Kese kesikde süýümleriñ sanyny şeỳle iki ỳolda azaldyp bolỳar:

       çekim (süỳündirme) arkaly, ỳagny süỳündirilenden soň önümiň has ulalan uzynlygy boỳunça süỳümleriň takmyn jemi deň sanyny ỳaỳratmak;

       süỳümleri galyndy görnüşde aỳyrmak (ýitgi);

Süỳümleri bilgeşleỳin galyndylara gidirip süỳümleriň sanyny ỳörite azaltmaỳarlar, galyndylar arassalamada ỳüze çykỳarlar. Onuň öňüni hiç alyp bolmaỳar. Emma käte süỳümler ỳörite aỳrylỳar, meselem, inçe daramada gysga süýümleri aýyrmak esasy wezipe bolup durýar. Iň köp mukdarda galyndy esasan tüỳtme-arassalama bölüminde, daramada we inçe daramada ỳüze çykỳar.

Çekim we galyndy bilen bagly ỳitgiler bir wagtda ỳüze çykan ỳagdaỳlary häsiýetlendirmek üçin inçeltme sözi ulanỳarlar.

Ony şeỳle kesgitläp bolỳar:

 

Inçeltme = Çekim 100/(100-p) ;

 

Kese-kesigindäki süỳümleriň sanynyň azalmasy aỳdyň şekilde önümiň diametriniň kiçelmesine getirỳär. Bu ýagdaýy önümiñ inçeliginiñ üýtgemesi ýaly aňlatsak şeỳle gatnaşygy alyp bolỳar:

 

 

bu ỳerde:

dA çykỳan önümiň diametri;

dZ girỳän önümiň diametri;

 

Çekimiň goşmaça täsirleri şulardan ybarat:

       Diametriň kiçelmesinden daşary çekim şulara sebäp bolỳar.

       Süỳümler gönelỳär.

       Süỳümleriň eplenen ỳerleri düzelỳär.

       Süỳümler paralleleşỳär.

       Tozanlar gazalyp aỳyrylỳar.

Bularyň hemmesi egirme üçin möhüm işlerdir.

 

2. Çekim işi.

Çekim edilende süỳümler biri-birine görä mümkin boldugyça deňölçegli hereket etmeli. Herekete girmek üçin süỳümler biri-birine sürtülmegiň we ỳapyşmagyň güỳjüni ỳeňip geçmeli. Deňölçegli hereket bu ỳerde süỳümleriň biri-birine görä çekim derejesine laỳyklykda deňräk we tertipli şekilde süỳüşmek diỳmekdir. Emma bu deňölçegliligi saklamak hakyky durmuşda mümkin däldir. Sebäbi onuñ üçin hem süỳümleriñ häsiýetleri, hem ulanylýan mehaniki serişdeler gabat gelmeỳärler. Çekimde mydamada deňdällik ỳüze çykỳar. Şonuň üçin hem her çekim işi düzgünsizligiň artmagyna getirỳär.

Çekim esasan silindrli çekiji abzallarda amala aşyrylỳar. Süỳümler aşakky demir silindrleriň we ỳokarky basyjy ỳük silindrleriň arasynda berk gysylỳar ( -nji surat). Indi eger öňki jübüt silindrleri arka jübüt silindrlere görä has çalt aỳlasaň süỳümler çekdirilip we süỳndirilip süỳşmegine başlarlar, ỳagny çekim bolup geçer.

 

 

1-nji surat. Çekim abzalynda bolup geçỳän çekim.

 

Çekimi şu görnüşlerde aňladyp bolỳar:

 

 

bu ỳerde:

Lçykyş we Lgiriş çykyşdaky we girişdäki uzynlyklar;

υçykyş we υgiriş çykyşdaky we girişdäki hereket tizligi;

 

Çekim abzalynyň iki sany çekim zolaklary bolỳar:

öňki çekim zolagy, (B): EB23 we

esasy çekim zolagy, (A): EM12

 

Umumy çekimi tapmak her aỳry çekimi goşmaly däl-de, köpeltmeli:

 

Eumumy = E1 E2 ..En ;

 

ỳagny, umumy çekimi tapmak üçin öňki we esasy çekimleri biri-birine köpeltmeli.

 

Eumumy = EB EM ;

 

3. Çekimiň paỳlanşy.

Gysga ştapelli egriji kärhanalarda adatça iki çekim zolakly üç çyzykly çekim abzallar ulanylỳar. Birinji çekim meỳdanynda öňki çekim bolup geçỳär. Onuň esasy maksady bu süỳümleri indiki ikinji çekim zolagynda bolup geçỳän esasy çekime taỳỳarlamakdyr.

Süỳümleri göneldip süỳündirmeli, esasy çekimde göni herekete girip süỳşmegine başlamagyny üpjün etmeli. Ỳagny öňki çekim diňe taỳỳarlyk işlerini geçirỳär we esasy çekimde ỳüze çykyp biljek bozulmalaryň öňüni alỳar. Öňki çekimiň ululygy howply çekimiñ (typma-durma çekim) aralygyndan aşakda bolmaly. Käwagt has ỳokary öňki çekim gerek bolỳar jer we ring maşynlarda (bu maşynlardaky umumy çekim 40 töweregi bolanda). Şol ỳagdaỳlarda howply çekimden has ỳokarda ỳerleşen öňki çekimler saỳlanylỳar. Esasy çekimi umumy çekimiň şertlerine uỳgunlaşdyrmaly. Ýagny esasan çekim meỳdanyndaky süỳümleriň agramyna görä we önümiň içindäki süỳümleriň ỳerleşiş tertibine görä. Önüm näçe inçe bolsa we onuň içindäki süỳümler näçe paralleleşdirilen bolsa, şonçada çekim ỳokarlanar. Darak lentanyň içindäki süỳümler tertipsiz we ugrukdyrylmadyk ỳagdaỳda ỳerleşdirilen bolany üçin jer maşynyñ birinji geçişinde çekim uly edilip saỳlanylmaly däl. Ony indiki geçişlerde yzygider artdyraỳmaly.

 

4. Çekimiň başga mümkinçilikleri.

Mỳul egirmede önüm bir tarapyndan berk tutulỳarda, beỳleki tarapyndan hereketlendirilip çekdirilỳär. Ỳüplük özüniň gowşak bolan ỳerlerinde typyp açylmaz ỳaly oňa goraỳjy towy bermeli. Çekim abzalda we Mỳul çekijide önümiň içindäki süỳümler aỳry-aỳry hereket etmeỳärler. Eger her aỳry süỳümi çekimden geçirmeli bolsa, açyjy silindrler ulanylmaly. Bu usul darak maşynyň kabul ediji silindrinden (brizoryndan) alynan. Ony täze egirme usullarynda giňden ulanỳarlar. Meselem: Open-End rotor egriji maşynlarda iňňeler ỳa-da byçgyly dişler bilen örtülen kiçijik silindr çalt aỳlanyp haỳal tizlikli iỳmitlendirilen materialdan (lentadan) her aỳry süỳümi soguryp alỳar. Bular ỳaly çekimi her ỳerde ulanyp bolmaz, sebäbi onda süỳümler öň paralleleşdirilen bolsalarda öz tertibini ỳitirỳärler we biri-birine ỳapyşmadyk halda bolỳarlar. Şonuň üçin soň olary toplamak üçin ỳörite ỳygnaỳjy enjamlary ulanmaly bolỳar.

 

Barlag soraglary:

1. Inçeltme nädip kesgitlenýär?

2. Çekimi nädip aňladylýar we onuñ haýsy görnüşleri bolỳar?

Используются технологии uCoz