Gökdepedäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň taryhy

 

          Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy – bu Türkmen-Türk kärhanasydyr. Ol öz işini 1995-nji ýylda başlady. 1995-nji ýylyň Baýdak aýynda ýüplük we örme fabrikleri işe girizildi. Köp wagt geçmänkä, ýagny 1995-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda boýag we tikinçilik fabrikleri açyldy.

          Toplumda işleýän işgärleriň sany 3000 adam. Ỳüplük fabriginiň öndürijilik güýji bir günde 16,3 t. ýüplük we bir 4900 t. ýüplük. Bir günde çig we boýalan matanyň 12000 we 8000 kg öndürilýär we ýylda 3700 we 2400 t. öndürilýär. Şolaryň 1500 tonnasy 100 görnüşli 5200 müň sany tikinçilik önümini tikmek üçin ulanylýar. Bir ýylda 111 mlr. manatlyk haryt satylýar, olardan 86 %-i daşary ýurtlara (eksporta) satylýar. Haryt esasan Turkiýe, ABŞ, Rossiýa we Ỳewropa  döwletlerine ugradylýar.

          Kärhana daşary ýurduň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. ISO döwlet sertifikatlaryna eýe boldy.

          Içerki bazary dokma önümleri bilen doly üpjün edileninden soň, galan bölegi (90 %) dünýäniň köp ýurtlaryna eksporta ugradylýar.

          Daşary ýurtly kärhanalar we Ỳewropanyň Abatlaýyş we Galkynyş banky, Ỳaponiýanyň „Ekzim - Banky“ ýaly uly göwrümli maliýe edaralary bilen edilýän arkalaşyklar pudaga, ýokary hilli we dünýä bazarynda bäsleşip biljek önümleriň öndürilmegini üpjün edýän öňdebaryjy hem peýdaly tilsimatlaryň çekilmegine mümkinçilik döredýär.

         

 

 

 

 

 

 

Используются технологии uCoz