Tüýtme barada düşünje

1. Tüýtmäniň tapgyrlary we görnüşleri.

2.Tüýtme derejesi.

3.Tüýdüji gurallar.

 

Trutzschler BLENDOMAT kip tuyduji bilen pagta kipin tuydulmesi

 

1. Tüýtmäniň tapgyrlary we görnüşleri.аааа

Egirmede işlenmeli material hökman tüýdülen bolmaly. Daşamak we saklamak aňsat bolar ýaly egirme kärhanalara çig mal adatça dykyz basylan görnüşde gelýär. Şonuň üçin ony ilki bilen tüýtmeli.

Tüýtmäniň iki tapgyry bar:

1.    Aýry böleklere çenli tüýtmekа -аа tüýtme-arassalama bölüminde.

2.    Aýry süýümlere çenli tüýtmek, ýagny daramakа Ца darak we open-end egiriji maşynlarda.

Tüýtmäniň görnüşleri:

1.    Ýumşatmak, ýagny materialyň dykyzlygyny peseltmek.

2.    Parçalamak, ýagny materialyň dykyzlygyny peseltmän ony aýry-aýry böleklere bölüşdirmek.

Arassalama işler üçin materialy parçalamak ýeterlidir, emma garyşdyrma we düzgünleştirme işleri üçin materialy hökman ýumşatmaly. Eger darak maşyna girýän material diňe parçalanan bolupа ýeterli ýumşadylmadyk bolsa onda süýümler zaýalanar, olaryň uzynlygy kiçeler. Her tüýtme işinde tüýtme görnüşleriň ikisem, ýagny ýumşatma hem parçalama bilelikde bolup geçýär, ýöne hersiniň derejesi üýtgeşik bolup biler. Meselem, kip tüýdüji maşynda material esasan parçalanýar, darak maşynda bolsa ol gowy ýumşadylýar.а

2.Tüýtme derejesi.

Tüýtme derejesini dogry kesgitlemek üçin materialyñ parçalanma derejesini (ýagny bölegiň ululygyny) hem-de dykyzlygyny bilmeli. Bu görkezijileriň hersini aýratyn ölçäp almak kyndyr, şonuň üçin bir bölegiň milligramda bolan agramynyа (milligram/bölek) ölçegа edip almak amatly bolar.

Tüýtme derejesi materialyñ işlenmegiň depginine bagly. Rieter firmasyndan alnan grafikde (аа -nji surat) bu anyk görünýär.

аааааааааааа -nji surat. Tüýtme derejesiniñ we materialyñ işlenmegiň tizliginiñ özara baglylygy.а A Ц tüýtme derejesi [bölegiñ agramy, mg], B Ц materialy işlemegiñ tizligi [kg/sag].

Trýüçlerden (Trützschler) alnan şekilde ( -nji surat)а bolsa bir tüýtme-arassalama maşynlardan beýlekilere geçende materialyň tüýdülişiniň artýandygy görkezilen.

аааа аааа а-nji surat. Tüýtme-arassalama bölüminde bir maşyndan beýlekä geçende materialyň tüýtme derejesiniñ artyşy. A Ц tüýtme derejesi(bir bölegiñ agramy, g/çogdam).аа B Ц maşynlaryñ geçişi. V Ц iýmitledirilýän çig mal. M1...M5а -а maşynlaryñ tertip sany.

Ergri çyzykdan görnüşi ýaly M5 maşyn bu ýerde artykmaç bolýarç sebäbi ol materialyň tüýtmesine az ýardam edýär, emma çykdajylary köpeldýär we materialy zaýalaýar.

Beýleki şekilde ( -nji surat) tüýtme derejesiniñ iñ amatly görnüşde artmagynyñ çyzgysy (kämil tüýtme egrisi)görkezilen.

аааа аааа а-nji surat. Tüýtme-arassalama bölüminde tüýtme derejesiniñ iñ kämil görnüşde artmagyñ çyzygy. A Ц tüýtme derejesi (bir bölegiñ agramy, g/çogdam).а аB Ц maşynlaryñ geçişi. V Ц iýmitledirilýän çig mal. M1...M5а -а maşynlaryñ tertip sany.

3.Tüýdüji gurallar.

Aşakdaky jedwelde iñ köp ulanylýan tüýdüji gurallar görkezilen.

-nji jedwel.аа Tüýdüji gurallaryñ görnüşleri.

Guralyñ görnüşi

Şekili

Häsiýettlendirmeler

Silindr ýa-da oklaw

       Kiçi diametrli

       Giñ ulanylýar

       Basgançakly arassalaýjylarda köp ulanylýar

Baraban

       Uly diametrli

       Azrak ulanylýar

       Monosilindrik we okly arassalaýjyda ulanylýar

Iññeli gözenek

       Keseligine oturdylan iññeli plastmass ýa-da agaç pürslerden durýan guşak (remen)

       Materialy emaý bilen tüýdýär

Darak plastina

       Darak maşynlarda oturdylýar

Ýygyjy

Kip ýygyjy maşynlarda (Trützschler) we garyşdyryjy tutawaçda (Ingolstadt)ulanylýar

Çüýli ok

       Uzyn çüýli saýyjy ok

       Örän az ulanylýar

Köp gyraly saýyjy

       Iki, üç we ondan köp golly saýyjy gural

       Esasan Kirşner saýyjyda ulanylýar

Barlag soraglary:

1.    Tüýtme derejesini añlatmak üçin haýsy ölçegа alynýar?.

2.    Näme üçin egirme önümçiliginde material hökman tüýdülýär?

3.    Tüýtmäniñ haýsy ýollary we tapgyrlary bolýar?

4.а Tüýtme derejesi nämelere baglybolup durýar?

4.    Iñ köp ulanylýan tüýdüji gurallaryñ haýsy görnüşleri weаа

аааа aýratynlyklary bar?

 

Используются технологии uCoz