Sapaklaryñ hiline baha bermek

 

1. Süỳümleriň kämil ỳerleşdirilişiñ tertibi.

2. Süỳümleriň ỳüplügiň içinde bir ỳerden başga ỳere göçmesi.

 

1. Süỳümleriň kämil ỳerleşdirilişiñ tertibi.

Süỳümleriň berkligini doly ulanmak üçin, ỳüplüginiň daşky görnüşini gowylandyrmak üçin we ỳüplügi elläniňde ỳakymly bolmagy üçin  süýümlerde şu şertleri döretmeli:

-         gowy göneltmeli (ugrukdyrmaly);

-         gowy paralleleşdirmeli;

-         süỳümleriň uçlary biri-birine görä tertipli ỳerleşer ỳaly etmeli        (-nji b. surat);

-         dürli uzynlykly süỳümleriň toparlary deň düşer ỳaly etmeli          (-nji a. surat);

-         tutuş süỳümi, ỳagny süỳümiň iki ujynam ỳüplügiň içine birleşdirmeli;

Ondan soň ỳüplük öndürilende hiç ỳelimleỳji maddalar ulanylmasa, süỳümleriň käbirleriniň spiral şekilli bolar ỳaly etmeli. Sebäbi ỳüplügiň ahyrky durnuklylygy we berkligi onuñ düzümindäki süỳümleriň ỳüplügiň içeri tarap edỳän basyşy bilen kesgitlenỳär. Şol ýagdaýy diňe tow bilen döredip bolỳar.

 

 

1-nji surat. Ỳüplükde süỳümleriň kämil ỳerleşdirilişiniň tertibi.

 

2. Süỳümleriň ỳüplügiň içinde bir ỳerden başga ỳere göçmesi.

Häsiỳetleri tapawutly bolan süỳümler ỳüplügiň içinde dürli ýerleşiş ỳagdaỳlaryny alỳarlar. Bir ỳerde ỳygnanmaklyk hadysasy köplenç çekimde bolup geçỳär. Şonda uzyn süỳümler köplenç önümiñ içinde süýşüp içräkde ỳerleşỳärler. Sebäbi olaryň sürtülmesi ỳokary bolỳar. Çekim bolup geçende olar öz sürtülme güỳji bilen çekime garşylyk berỳärler we önüm süýndürilende içräkde galỳarlar. Gysga süỳümler bolsa köplenç ỳüplügiň daşyna göçüp ỳerleşỳärler. Bu ỳagdaỳa süỳümleriň göçmesi (bir ỳerden başga ỳere geçmegiñ hadysasy ) goşmaça täsirini edỳär. Çünki süỳümler sapagyñ içinde mydamada ilki başda duran ỳerlerinde galmaỳarlar. Daşky gatlaklardaky güỳçli süỳnen süỳümler beỳleki az süỳündirilen süỳümleri içine gysỳarlar. Göçmegiň ugry daşyndan içe we ters taraplara bolup geçer. Bular ỳaly göçme hadysasy elbetde ỳüplügiň emele gelmeginiň dowamynda kän ỳüze çykỳar, ỳöne buña meñzeş ỳagdaỳ ỳüplük emele gelenden soň hem ỳüze çykyp biler. Haçanda ỳüplüge az güỳç bilen agram salynsa, ỳagny ỳüplük bükülende, süỳündirilende we şoňa meňzeş ỳagdaỳlarda ỳüplügiň içindäki süỳümler süỳündirilỳär, bu bolsa olaryň göçmegine getirỳär. Meselem: gysga süỳümler daşyna çykmaga ymtylỳarlar. Daşyna çykanlaryndan soň, olar köplenç sürtülende bölünip aỳrylỳarlar, ýitýärler. Käbir süỳümler ỳüplügiň içinde göçenlerinde öz spiral şekilli ỳerleşiş tertibini ỳitirỳärler. Süỳümler näçe gysga bolsalar we tertipsiz ỳerleşseler bu ỳagdaỳ has anyk ỳüze çykỳar. 

Ỳüplügiň içinde süỳümleriň göçmesi uzynlykdan başga maỳyşgaklyga, gatylyga, inçelige we eplenmegine baglydyr. Gysga,  gödek we gaty süỳümler ỳüplügiň içinden daşky gatlaklaryna çykỳarlar. Şol bir wagtda uzyn, inçe we çeỳe süỳümler içine tarap hereket edỳärler. Gaty eplenen süỳümler köplenç daşky gatlaklarda ỳerleşỳärler, sebäbi olar ỳüplügiň içine mäkäm birleşdirilmegine has uly garşylyk görkezỳärler. Süỳümleriň göçmesini garyndylar düzülende hökman hasaba alynmaly.

 

2-nji surat. Ýüplügiñ içinde dürli şekilli süýümleriñ ymtylýan ýerleşiş tertibi.

 

Barlag soraglary:

 

1.     Egirme önümçiliginde süỳümleriň uçlarynyň eplenmesi nirede we nädip ỳüze çykyp bilỳär?

2.     Süỳümleriň eplenen ỳerlerini aỳyrmagyň nähili usullary bar?

3.     Inçe darama we kard egirme ulgamlarynda süỳümleriň eplenen uçlaryny düzetmek üçin gerekli maşynlaryň geçişleri.

 

Используются технологии uCoz