Daramak işi barada düşünje

1. Daramagyň ähmiỳeti.

2. Darak maşynyň wezipeleri.

 

 

1. Daramagyň ähmiỳeti.

Egirmeçi hünärmenleriň şeỳle aỳdan sözleri bar: - Darak maşyn bu egirme fabrigiň kalbydyr we - Gowy daralan diỳmek, ỳarym egrilen diỳmekdir. Şu sözler daramak işiniň egirme önümçilik üçin nähili uly ähmiỳete bolandygyny görkezýär. Darama täze egirme usullar üçin hem has möhüm iş bolup durýar. Darak maşynyň ỳüplügiň hiline edỳän örän uly täsiri daramak prosessiniñ özünde bolup geçỳän hadysalary hem-de ykdysady ỳagdaỳlary bilen sebäplenýär. Öndürijilik juda ỳokary edilende köp meseleler ỳüze çykyp başlaỳar, sebäbi öndürijilik hem-de hiliň peselmesi özara göni baglanşyklydyr. Darak maşynyň öndürijiligi näçe ỳokary bolsa, şonçada hile ỳaramaz täsir edilýär. Daraklar şu günlere çenli hem öñki 1770-nji ỳyllarda oỳlap tapylan usul boỳunça işleỳärler. Darak maşynlar 1850-nji ỳylda döredildi we şondan bäri onuň gurluşy kän üỳtgemedi. Hiç düỳbünden täze usul tapylmandyr. Beỳleki tarapdan 1965-nji ỳyldan bäri darak maşynlaryň öndürijiligi 5 kg/sag 100 kg/sag çenli ösdürildi. Jer maşynlardan daşary başga hiç dokma maşyn tizlikde bular ỳaly artyşy görkezmändir.

2. Darak maşynyň wezipeleri.

Aỳry-aỳry süỳümlere çenli tüỳtmek bu esasy edilmeli işdir. Tüỳdüji arassalaỳjy bölüminde çig mal diňe böleklere çenli tüỳdülse darak ony aỳry süỳümlere çenli açmaly. Bu iş möhümdir, sebäbi onuň bilen kemçilikleri hem hapalary has çuñ aỳyrmak bolỳar. Ol indiki geçirilmeli işlere täsir edỳär.

 

Hapalary aỳyrmak. Özge maddalaryň aỳrylmasy esasan kabul ediji silindrleriň töwereginde bolup geçỳär. Hapalaryň diňe kiçijik bir bölegi şapka galyndylar bilen äkidilip aỳrylỳar ỳa-da başga ỳerde gaçyp galỳar. Häzirki zaman daraklarda ỳetilen arassalama derejesi 80-95 % aralykda bolỳar. Tüỳtme-arassalama we darama bölümleriň ikisinde bilelikde umumy arassalama derejesi 95-99 % ỳetỳär. Darak lentada diňe 0,05-0,3 % özge madda galỳar.

Tozany aỳyrmak. Materialyň içindäki erkin halda bolan tozany tüỳtme-arassalamada göni sorulyp aỳrmak bolỳär. Ýöne olardan başga süỳümlere ỳapyşan kiçijik toz bölejikler bar. Olaryň uly bölegini diñe darak aỳyryp bilỳär, sebäbi şol bölejikleri aỳyrmak üçin süỳüm demir ỳa-da süỳüm süỳüm sürtülmesi gerek bolýar. Bu sürtülmeleriň ikisi hem daragyñ köp ýerlerinde ỳüze çykỳar, şonuň üçin darak örän gowy tozan aỳryjy maşyndyr.

-         Nepsleri düzetmek. Tüỳtme-arassalama bölüminde nepsleriň sany maşyndan maşyna artỳar. Darak maşyn bolsa nepsleriň sanyny ep-esli azaldỳar. Köplenç nepsler darakda aỳrylỳar diỳen ỳalňyş pikir edỳärler. Hakykatdan olar diňe açylyp düzedilỳär. Nepsleriň diňe bir kiçi bölegi açylmadyk ỳagdaỳda şapka galyndylar bilen maşyndan çykỳar. nji suratda önümçilikde nepsleriň sanynyň takmyn üỳtgemegi görkezilen.

 

 

1-nji surat. Tüỳtme-arassalama we darak bölüminde nepsleriň sanynyň üỳtgemegi.

a neps, m tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar, c darak, w kipdäki pagta.

Nepsleriň has gowy düzelmegini şular üpjün edỳär:

-         garnituralaryň aralyklarynyň has ỳakyn bolmagy;

-         garnituranyň has ỳiti bolmagy;

-         kabul ediji silindriň tizliginiň amatly derejede bolmagy (juda kiçi bolmaly däl);

-         dofer silindriň tizliginiň pes derejede bolmagy;

öndürijiligiň peselmegi;

2 -nji surat. Daralan watkada tapylan nepsler.

 

Gysga süỳümleri aỳyrmak. Gysga süỳümler diňe garnitura basylyp, aỳrylyp bilỳär. Bu metallik garnitura bilen mümkin däldir. Diňe şapka şol maksatlar üçin ulanylyp biler. Şapkanyñ gysga süỳümleri uzyn süỳümleriň arasynda saýlap almaga bolan ukyby şundan esaslanỳar: uzyn süỳümler tamburyň garniturasyna gowy degỳärler. Şonuň üçinem olar tambura gowy ỳapyşýarlar we äkidilỳärler. Gysga süỳümler bolsa, tamburyň garniturasyna gowy ỳapyşyp bilmeỳärler, olar şapkanyň garniturasy bilen tutulỳarlar we şapka galyndy bilen gidỳärler. Emma darak maşynda gysga süỳümleriň aỳrylyşy gaty kiçi mukdarda bolup geçýär. Darakdan soň 1-2 % şapka galyndy galỳar. Şapka galyndynyň takmyn ỳarpysy gysga süỳümlerden durỳar, ỳagny darak gysga süỳümleriň 1 %-den hem az mukdaryny aỳyrỳar. Ştapel diagrammasynda bu kän bildirmeỳär.

Süỳümleri garyşdyrmak. Darak garyşdyrmanyň uzak möhletleỳin hilini gowylandyryp bilmeỳär, sebäbi material maşynyň içinde az zaman işlenỳär. Emma ol keseligine garyşdyrma hilini gowylandyrỳar. Sebäbi darak bilen Open-End maşynlar materialy aỳry süỳümlere çenli işleỳän ỳeketäk egirme maşynlardyr. Daralan watka emele gelende süỳümler tamburyň üstünde birnäçe gezek aỳlanyp geçenden soň süỳümleriň özara garyşdyrylyşy çuň bolỳar.

Süỳümleri ugrukdyrmak. Käte darak süỳümleri paralleleşdirỳär diỳip aỳdỳarlar. Emma bu doly esaslandyrylmadyk pikirdir. Çünki daralan watkadaky süỳümler biri-birine parallel bolmaỳarlar. Ilki başda olar hakykatdan tamburda uzynlygyna gönelip tertipleşdirilỳär. Emma tamburyñ (baş silindriň) we doferiň arasynda pişge emele gelenden soň, bu tertip bozulỳar. Şeỳlelikde darak diňe süỳümleri belli derejede ugrukdyrmak we göneltmek wezipesini ỳerine ỳetirỳär. Ýöne hakyky paralleleştirme döredilmeỳär.

Lentany emele getirme. Süỳümi indiki geçişlere daşap işlemek amatly bolar ỳaly, ony gerekli şekilli ỳarym önüm ỳagdaỳynda ỳerleşdirmeli. Bu ỳarym önüm lenta ỳa-da fitildir. Köp ỳagdaỳlarda darak lentanyň çyzykly dykyzlygy 4-5 kteks aralykda bolỳar (täze egirme usullar üçin lenta 3 kteks bolup biler).

 

 

3 -nji surat. Darak maşyndan çykýan darak lenta çeleklere goýulýar.

 

Barlag soraglary:

1. Daramagyň ähmiỳetini düşündirmeli.

2. Darak maşynyň wezipelerini aýtmaly.

 

Используются технологии uCoz