Cleaning Techniques

 

Tema:

Arassalamanyň usullary.

 

 

 

 

CLEANOMAT - Trützschleriň arassalaýjy enjamy

 

1. Arassalamagyň başga mümkinçilikleri.

          Adaty mehaniki arassalamadan daşary howa akymly arassalaỳjylar ulanylyp bilỳär. Howa akymly arassalaỳjy materialyň inersiỳa (batlanma) güỳjüni peỳdalanỳar.nji suratda howaakym arassalaỳjysy görkezilen. Ol Krişner silindrden we howa akym arassalaỳjynyň özünden durỳar. Süỳüm Krişner silindrden turba A tarap berilỳär. Süỳüm daşaỳjy howa birden tizlenỳär, sebäbi turbanyň ini daralỳar, wentilỳator W bolsa, goşmaça howa akymyny döredỳär. S bölekde howa akym birden öwürỳär. Ỳeňil süỳüm çogdamy ugruny üỳtgedip ỳetişỳär, agyr özge maddalar bolsa C çykyşa hapa ỳygnaỳjy hazna tarap gaçỳarlar. Bu arassalama örän emaỳ bilen geçỳär, ỳöne özge maddalaryň agyrlygy süỳümiňkiden ỳokary bolmaly.

 

Iỳmitlendirilỳän material.

Gysga ştapel egirmede ulanylỳan süỳümli materiallar şu üç topara bölünip bilner:

·       dürli görnüşli pagta;

·       pagta süıümiñ häsiıetlerine ıakyn bolan sintetik süỳümler, esasan poliester we poliakrilonitril;

·       regenirirlenen süỳümler (wiskoza);

Uzyn ştapel egirmede:

·       ıüñ we başga uzyn-ştapelli tebigy süıümler, ıüpek galyndylar;

·       ıüñiñ häsiıetlerine ıakyn bolan sintetik süỳümler, meselem nitron;

·       regenirirlenen süỳümler (wiskoza);

 

Öňden işlenilişine görä goşmaça şeỳle toparlara bölünip biliner.

-         çig süỳüm, göni pagta arassalaỳjy zawoddan ỳa-da sintetik öndüriji kärhanadan gelen süỳümler;

-         arassa galyndy, meselem: lentanyň, pişgeleriň we watkalaryň bölekleri, jer, çala tow beriji, ring we open-end maşynlarynyň filtrinden çykan süỳümler;

-         inçe daramanyň galyndylary;

-         tüỳtme-arassalama we darak bölüminden çykan hapa galyndylaryndan gaỳtadan işlenilip alynan süỳümler;

-         gaty görnüşli galyndylardan tüỳdülip alnan süỳümler, meselem: fitil, ỳüplük we tow berlen sapaklar;

Köplenç çig mal, süỳüm we sintetik süỳümler ulanylỳar. Olara az mukdarda arassa galyndy hem-de gaỳtadan işlenilen süỳümler goşulyp bilỳär.

Galyndylaryň mukdary. Rieteriň beren maglumatlaryna görä ösen ỳurtlaryň egirme kärhanalarynda galyndylaryň mukdary şeỳle bolỳar.

 

Ösen ỳurtlaryň egirme kärhanalarynda çykỳan galyndylaryň mukdary, %.

 

 

 

          Galyndy materialdan alynyp bilỳän peỳdaly süỳümleriň mukdary.

 

          Galyndylary garmak.

          Çig malyň süỳümleri galyndylardan alynan süỳümlerden gowy bolỳar, sebäbi galyndynyň düzümindäki süỳümler eỳỳam gaỳtadan işlenen, olara öň agram salynan. Galyndy süỳümler dürli maşynlaryň geçişlerinden geçen bolup, olaryň häsiỳetleri biri-birinden tapawutlanỳar. Meselem: pişgedäki süỳümler güỳçli dykyzlanan bolỳar, egriji maşynyň sorujy ulgamyndan alnan süỳümler hiç gysylmadyk bolỳar. Şeỳle süỳümleri tertipsiz iỳmitlendirmek hiç bolmaỳar, sebäbi netijede önümiň hili gaty üỳtgäp biler.

Şu ỳagdaỳlary üpjün etmeli:   

-         süỳümli garynda galyndy süỳümleriň takyk ölçenen we hemişelik mukdaryny goşup durmaly;

-         goşulỳan galyndylaryň düzüminde dürli görnüşli galyndy süỳümleriň mukdarlary takyk ölçenen we hemişelik bolmaly;

-         egirme kärhanadan çykan ähli arassa galyndy (obrat) öz çykan garyndysyna gaỳtarylyp goşulmaly;

-         open-end egriji egirme kärhanalarda adatça inçe daramanyň galyndylary ulanylỳar;

-         gaỳtadan işlenilen süỳümler az mukdarda öz gelip çykan garyndysyna goşulyp biler;

Gaỳtadan işlenen süỳümleriň gaỳtarylyp garynda (harmana) goşulmaly mukdarlar şeỳledir:

-         ring, kard – 5 % çenli;

-         inçe daralan ring – 2,5 % çenli;

-         rotor, ỳogyn – 20 % çenli;

-         rotor, orta – 10 % çenli;

-         rotor, inçe – 5 % çenli;

Gaty galyndylardan alnan süỳümleriň arasynda adatça diňe fitil ulanylỳar. Bular ỳaly süỳümler ulanylsa-da, olar gelip çykan garyndysyna goşulmaỳarlarda, başga pes hilli garynda az mukdarda goşulỳar.   

 

başlaıarlar.

 

 

 

ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz