Satyn almak we dogry karar etmek añsat bolar ýaly süýümiñ her görnüşi üçin taýýar hil nusgalary bolmaly (dünýäde deñeşdirme hil nusgalaryñ ulanmaklygyna iñlisçe benchmarking diýilýär). Meselem pagtañ Strict Middling synpy üçin şeýle standartlar nusga hökmünde alynýar:

1.    ştapel uzynlyk ( 2.5% aralyk uzynlyk) - Minium 1.08" ýa-da 27.4 mm

2.    Mikroner (Micronaire) : Minium 3.8, Maxium-4.6 nusgañ içindäki üýtgemeler 0.1-den uly bolmaly däl

3.    Reñk : Rd azyndan 75, iñ köp 10

4.    Neps düzümi: 150 san / gram we ondan az

5.    Berklik : azyndan 30 grams/tex

6.    Uzynlygyñ deñölçeglilik gatnaşygy: azyndan 85%

7.    uzalma : azyndan 8%

8.    gysga süýümleriñ mukdary: iñ köp 5%

9.    çigit bölejikler: iñ köp 15 san / grams

1.    Çig malyñ söwdasynda nusga hökmünde şu ýagdaýlary göz öñünde tutulmaly:

1.    bahalaryñ amatlylygy

2.    bahalaryñ durnuklulugy

3.    ýyllar boýunça amatly wagtda alynmaga mümkinçilikleri

4.    baha beriş we synplaşdyrma ulgamlaryñ birmeñzeş bolmagy

5.    hemme häsiýetleri boýunça deñölçegli süýüm

6.    wagtynda ýerine ýetiriliş we kontrakty dogry berjaý etmeklik.

7.     

Ýüplügiñ we süýüminiñ hiliñ özara baglanşygy.

Egirmeçi islendik arzan bahaly süýümi alyp, ondan iñ ýokary nomerli ýüplügi öndürip we şol ýüplügi çeninden gelen bazarlarda satmaga ymtylmaly däldir. Has amatly bolar eger özüñ üçin gowy bazary saýlap, şol ýerde ýüplügi has ýokary bahada satmak we şol bazara gabat gelýän ýüplügi öndürmek üçin laýyk gelýän çig maly saýlamak.

Pagtany satyn almak bu iñ bir möhüm işleriñ biridir, ol egirme fabrigiñ girdejisine täsir edýär.

Çig malyñ hiline baha bermek adatça diñe ylmy barlaglarda esaslanman tejribä daýanýar.

Çig maly wagtynda satyn almaklyk bahalara täsir edýän dürli ýagdaýlaryñ çuñ bilmekligine bagly bolup durýar.

Üpjün ediji saýlananda kesgitli hilli çig malyñ ygtybarly we reje boýunça getirilmesine ukybyny hasaba almaly.

Iñ kiçi baha çenli söwdalaşmak satyn alyjynyñ abraýyna (reputasiýasyna) bagly, ýagny ol nädip çalt we bahalar üýtgände dawasyz töleg edip bilişine baglydyr.

Harytlaryñ daşalmasyny we bahalaryñ tölenmegini dogry gurnamaly.

Düşewüntlik derejesi ýokary girdejini getirip biljek ýokary hilli ýüplügi öndürmekligi bilen bagly. Gowy hilli ýüplügi öndürmekde gowy hilli çig malyñ ähmiýeti örän ulydyr. Emma ýüplügiñ hili diñe çig malyñ hiline bagly bolman işçileriñ ussatlygyna, naşýnlaryñ öndürijiligine, tehnikleriñ we ýolbaşçylaryñ bilim derejesine bagly bolup durýar.

Ökde egirmeçi amatly bahaly süýümden amatly bahaly ýüplügi çykarýar. Diñe ýokary hilli we uly bahaly çig maly satyn almaklyk hökman ýüplügiñ ýokary hiline ýa-da girdejisine getirmeýär.

 

Pagta satyn alnanda konrtaktlary baglanşdyrmak boýunça görkezmeler.

Saty alyjy we satyjy şu aşakky ýagdaýlaryñ anyk we dogry düşünşmegine ýetmeli:

1. Haýsy ýurtda öndürildi, haýsy meýdanda ýetişdirildi, gowaçañ görnüşi, hasylyñ ýyly.

2. Hil nusgada ýa-da sortyna (synpyna) esaslanýar. Mikroner çäkleri, Pressley bahalaryñ aralygy, deñölçegliligi, gysga süýümleriñ mukdary, özge maddalaryñ mukdary, şireligiñ rugsat edilýän çäkleri.

3. Getirilen ýerinde alynjak nusgalaryñ sany.

4. Hiliñ ýa-da kontrakt boýunça borçlaryñ berjaý edilişiniñ üstünde çykyp biljek dawalaryñ çözülmegiñ düzgünleri.

5. Hapalyk we şirelik boýunça jogapkärçilik.

6. Haýsy görnüşde we haýsy pullarda tölenýän bahasy. Getirilýän ýeri we agramy.

7. Ýüklenmegiñ wagty.

8. Ýüklenende we getirilip düşürilende agramlaryñ kesgitlenilişi.

9. Agramyñ we hil görkezjileriñ rugsat edilýän çäkleri.

10. Ýüklenýän ýeri (port) we getirilip düşürilýän ýeri, bölekleýin ýüklenme rugsat edilýär mi ýa ýok, ýük nähili görnüşde daşaljak.

11. Ýük daşaýjy serişdäniñ (gäminiñ) görnüş. Daşalmak üçin tölegler öñünden ýa-da getirilenden soñ edilmeli.

12. Import we ekspor salgytlar boýunça jogapkärçilik.

13. Ätiýäçlandyryşyñ (strahowkañ) şertleri.

14. Satyjy, satyn alyjy we broker (araçy) barada takyk maglumatlar.

15. Bank we kredit boýunça ylalaşmalar, tölegler we ýörite şertler barada kagyzlar.

Çykdajylar hasaplananda diñe satyjynyñ görkezen bahasyna seretmeli däl, çig mal fabrika gelende hakyky ediljek çykdajylary hasaplamaly. Iñ kiçi baha hökman ýokary girdejini añlatmaýar. Girdejilik şu aşkky ýagdaýlara bagly bolup durýar:

       Eger hapa köp bolsa galyndylar köpeler, netijede ýüplügiñ çykymy we oña baglylykda girdejiler azalar.

       Eger deñölçeglilik pes bolsa has köp üzülmeler ýüze çykar, netijede öndürijilik we girdejiler azalar.

       Eger sorty pes bolsa ýa-da ýetişmedik süýümler ulanylsa ýüplügiñ daşky görnüşine zyýan ýeter we ol bazarlarda has pes bahada satylar.

       Eger çig maly daşamagyñ wagty uzalsa girdejiler hem azalar sebäbi serişdeler ulanylman saklanar we prosent çykdajylary artar.

       Satyşlar boýunça salgytlaryñ möçberi dürli ýürtlarda üýtgeşikdir. Bu ýagdaýy hasaba almaly.

       Şeýlelikde bellenen baha boýunça karar etmekden öñürti ähli hasaplamalar ýerine ýetirilen bolmaly.

Egirmede ähli karar edilmekden öñ girdejileri hasaplamaly. Bazar şertlerine baglylykda dürli mümkinçilikleri öwrenmeli. Kararlar edilende şu ýagdaýlary hasaba almaly:

Bazarda ýüplügiñ haýsy nomerine bolan isleg ýokary

Islege eýe bolan nomerleriñ bahalary

Dürli nomerleri öndürmegiñ çykdajylary

Saýlanan nomerler üçin enjamlaryñ gabat gelişi

Saýlanan nomer üçin ýaraýan çig malyñ görnüşleri

Her nomer üçin dürli çig malyñ görnüşleri ulananda geljek girdeji

Saýlanan çig mal üçin dürli satyjylaryñ (agentleriñ) hödürleýän bahalary

Üpjün edijiniñ hil we wagtynda getirliliş taýdan ygtybarlylygy

 

Используются технологии uCoz