Tüýdüji-arassalaý enjamlaryň gurluşy we işleýşi.

1. Tüỳtme we arassalama boỳunça esasy düzgünler.

2. Daramak işiniñ maksatlary we daramada dişleriñ ýerleşiş ýagdaýlary.

 

1. Tüỳtme we arassalama boỳunça esasy düzgünler.

 

Tüỳtme-arassalama bölüminde edilỳän çykdaỳjylar ring egirme kärhanasynyň öndürỳän önümiň özüne düşỳän gymmatynyň diňe                     5-10 % tutỳar. Şonuň üçin gymmat tarapdan bu bölümiň uly ähmiỳeti ỳok, emma bu ỳerde çig malyň ỳitgileri uly täsir edỳär. Tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar özge maddalary aỳyrmaly, emma bu iş edilende hökman käbir peỳdaly süỳümlerem ỳitỳär. Süỳümleriň ỳitgisine uly üns bermeli, ol çykdaỳjylara belli goşandyny goşỳar. Meselem: pagta egriji kärhanasynda 20 000 oturdylan bolsa, ỳylda 3000 tonna pagta işlenilse, her tonnanyň bahasy 2000 ABŞ dollary bolsa galyndynyň düzüminde  50 % peỳdaly süỳüm bolsa, onda galyndylaryň mukdary belli sebäplere görä ỳarym göterim artsa goşmaça çykdaỳjylar şeỳle bolarlar.

 

(3 000 000 · 0,25 · 2,00)/100= 15 000 US $/ỳyl

 

          Tüỳtme-arassalama bölümiň tehnologik taỳdan ähmiỳeti has hem uly. Tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar süỳümlere agram salyp, olary zaỳalap, süỳümleriň häsiỳetlerine ỳagny berklige, çeỳelige we uzynlyga erbet täsir edip bilỳärler. Ylmy-barlaglara görä tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlaryň hatarynda gereginden artykmaç bir maşyn goỳulsa gysga süỳümleriň mukdary takmyn 10 % artar. Nah egirmede tüỳtme-arassalamadan soň, nepsleriň sany gaty artỳar. Tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar hapalaryň we kemçilikleriň diňe takmyn 50 % aỳyryp bilỳär. Tüỳdüji-arassalaỳjy enjamlar soňky 150 ỳylyň dowamynda gaty üỳtgemediler. Şu günlerde hem meňzeş maşynlar ulanylỳar. Bu dokma maşyny öndürijiler üçin geň galdyryjy ỳagdaỳdyr.

 

Tüýtmäň derejesi gowy bolmasa arassalama derejesi hem gowy bolmaz. Şonuň üçin şu düzgünleri ýatdan çykarmaly däldir:

·       Hapany diňe süýümiň daşyndan aýyryp bolýar. Şonuň üçin mydama materialyň täze  üstlerini açyp durmaly.

·       Tüýdüji enjamyň görnüşini şu pursatda ýetilen tüýtme derejisine görä saýlamaly. Tüýdýän işçi bölekler tüýtme-arassalama bölüminde  yzygiderli inçelip barýarlar.

·       Tüýtme-arassalama bölüminiñ her ýeri üçin öz belli laýyk gelýän maşyn gerek bolup dur.

·       Arassalama derejesi tüýtme derejesine göni baglydyr.

·       Täze açylan üstler mümkin boldukça derrew arassalanmaly. Ýagny her arassalama işi göni tüýtmäň yzyndan gelmeli. Eger wagtynda derrew arssalanmasa süýümleriň üstleri ýene-de  ýapylýar we olary iki-işli bolup täzeden tüýdüp açmaly.

·       Eger tüýtme we arssalama işler bir maşynda edilýän bolsa bu iň gowy ýagdaýdyr.

·       Tüýtme-arassalama bölümde material gowy tüýdülse soň ol darak bölüminde has gowy arassalanar.

·       Eger tüýtme-arassalama bölüminde süýümler gowy tüýdülse olar darak maşynda kän gysgalmazlar.

·       Materialy diňe bir maşynda doly tüýdüp gutarmak bolmaýar.

·       Beýleki tarapdan her goşmaça tüýdüji maşyn süýümlere goşmaça agram salýar, olary zaýalaýar.

·       Ykdysady we hil tarapdan zyýnlary azaltmak üçin tüýtme-arassalama bölüminde maşynlaryñ mümkin bolan iň az sanyny goýmaly.

·       Süýümler gysdyrylan görnüşde iýmitlendirilende olar güýçli tüýdülýär, emma olara agram salynýar.

·       Erkin ýagdaýda iýmitlendirilse tüýtme güýçli bolmaz ýöne emaý bilen bolup geçýär.

·       Tüýdülen bölejikleriň şekili tegelege golaý bolmaly, eger bölekler  uzyn we insiz bolsalar  olar togolanarlar, çolaşarlar, nepsleri (düwünleri) emele getirerler.

·       Eger iýmitlendiriji enjamy tüýdüji oklawa golaý aralykda goýulsa tüýtme derejesi gowlanar emma materiala has köp agram salynar.

         


 

 

Tüýtmäniñ ýollary we häsiýetlendirmeleri.

Tüýtme işi

Tüýtme guraly

Tüýtmäñ görnüşi

Güýji

Emaý bilen işlenilişi

Bellikler

ỳumşatma

parçalanma

Ýolup almak

+

++

++

+++

Iýmitlendiriji, öñ garyşdyryjy, kip tüýdüji maşynlarda bolup geçär. Bunkerde köp togolanma hereketler ýüze çyksa süýümler çolaşyp bulaşýarlar, neps emele gelýär.

Aýry-aýry düzüjilere dargatmak

++++

 

++++

+

Darak maşynlarda bolup geçýär. Aýry süýümlere çenli tüýdüp dargatmagyñ ýeke-täk ýoly.

Soguryp almak

+

+

++

+

Giñ ulanyylýar, meselem kese arassalaýjylarda. Güýji garnitura örtülen iññeleriñ (dişleriñ) syklygyna bagly

Tüýdüp almak

++

+

+++

-

Daraýjy oklawlarda bolup geçýär. Olar juda gödek işleýärler, emma olar hapañ inçe bölejiklerini aýyrmak üçin zerurdyr.

Saýmak

+

++

-

+

Iki ýa-da üç sany gyraly (plankaly) saýyjy gural bilen edilýär. Materialyñ ýüzüni az açýar.

Darap çykarmak

+++

+

+++

++

Kirşner saýyjy guraly bilen edilýär. Emaý bilen tüýdýär. Arassalamak maksatlar üçin ulanylanda süýümleriñ köp ýitgisine ýetirýär.

Ýygmak

+

++

++

+++

Trützschler kip ýygyjysynda ulanylýar. Örän uly emaý bilen tüýdýär.

 


 

 

 

 

Tüỳtme-arassalama bölüminde maşynlaryň hatarynda tüỳtme derejesiniň üỳtgemegi aşakdaky –nji suratda görkezilendir.

 

 

 

          1-nji surat. Dürli tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlardan geçenden soň, süỳümleriň tüỳdülişi.

 

          a – tüỳtme derejesi

          b – maşynlaryň tapgyry

          Suratdan görnüşi ỳaly her goşmaça tüỳtme tapgyry gitdigiçe az peỳdany getirỳär, emma süỳümlere goşmaça agram düşürỳär.

          Arassalama – tüỳtme-arassalamada özge maddalaryň hemmesi aỳrylyp bilmeỳär, diňe 40-70 % hapalar we kemçilikler aỳrylyp bilỳär. Netijelik ulanylanda çig mala, maşyna we daşky şertlere bagly. Hapalyk derejesiniň arassalanyş derejesine bolan baglylyk diagrammasy aşakdaky –nji suratda görkezilendir.

 

 

 

          2-nji surat. Arassalyk derejesiniň (a) hapalyk derejesine (b) görä funksiỳasy.

 

          Diagrammadan görnüşi ỳaly has hapa materialy arassa materialdan aňsat arassalap bolỳar. Her tüỳdüji-arassalaỳjy maşynyň arassalaỳjylyk täsirini sazlap ỳokarlandyrmak bolỳar. Emma arassalanyş näçe gowylandyrylsa şonçada köp süỳüm ỳiter, süỳümlere agram salynar. Ylmy barlaglara görä arassalaỳjy maşyndaky hapalary 40 % köp aỳrylanda süỳümleriň ỳitgileri 240 % köpeldi, jemi galyndy 0,6 %-den 1,2 % çenli galdy. Adatça süỳümler tüỳtme-arassalama galyndylaryň  40-60 % tutỳar. Her maşyndan çykỳan galyndylaryň düzümindäki süỳümleriň mukdary beỳleki maşynyňkydan tapawutlanỳar. Şonuň üçin her maşynda bolup geçỳän süỳümleriň ỳitgisini bilmeli.

Ony jemi ỳitgiden %-de aňladyp, arassalama netijeligi ỳaly görkeziji bilen kesgitleỳärler:

 

 

bu ỳerde:

Aj

- galyndynyň jemi, %;

As

- aỳrylỳan peỳdaly süỳümler, %;

 

          Meselem: eger Aj=2,1 % we As=0,65 % bolsa, onda                      C=(2,1-0,65) · 100= 69 %.

 

          Nm=9000/T=9000/3=3000;

 

2. Daramak işiniñ maksatlary we daramada dişleriñ ýerleşiş ỳagdaýlary.

Tüýtmäñ ahyrky derejesi daramak arkaly ýetilýär. Daramada bölekler aýry-aýry süýümlere çenli bölünýärler. Soňra daramada arassalama, gönelme, garyşdyrma bolup geçýär, gysga süýümleriñ we nepsleriñ sany azalýar.  Daramak işi özara garşy ýerleşen byçgy dişleriň ýa-da iňňeleriň kömegi bilen amala aşyrýarlar. Dişleriň ýerleşiş ýagdaýyna baglylykda daramañ iki görnüşi bolup biler:                                  Daraýan ýagdaýy. Dişler daraýan ýa-da parallel  ýagdaýda bolanda süýümler çekilip bölünýärler, gönelýärler. Daramak üçin dişler garşy hereket etmeli ýa-da bir tarapa hereket edenlerde  V1  tizlik V2 tizlikden ýokary bolmaly ( -nji surat).

 

 

 

 

 

-nji surat. Dişleriñ daraýan ýagdaýy.

 

Aýyryjy ýagdaýy. Aýyryjy ýa-da atanak ýagdaýda dişler bir tarapa ugrukdyrylan bolmaly. Bu ýagdaýda material bir dişden beýleki dişe geçer. V1 tizlik V2 tizlikden ýokary bolmaly ( -nji surat ).

 

 

 

-nji surat. Dişleriñ aýyryjy ýagdaýy.

 

    

Barlag soraglary:

 

1. Tüýtme we arassalama boýunça haýsy esasy düzgünler  bar?

2. Tüýtmäniñ nähili ýollary bolup biler?

3. Her tüýtme ýolyñ nähili häsiýetleri we aýratynlyklary bar?

4. Daramada dişleriñ nähili iki sany ýerleşiş ýagdaýy bolup bilýär?

5.

 

Используются технологии uCoz