Mixing Sequence

 

Tema:

Garyşdyrma işleriň yzygiderligi.

 

Işiň maksady:

Süỳümiň esasy hil görkezjilerine  baha bermek.

 

İumuş:

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

2.Çig maly saılamak.

3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

 

 

Trützschler MIKSER enjam bilen pagtany garmak  

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

 

Dokma önümleriň üstündäki çyzyklar ıa-da zolaklar dürli süıümler ulanylanda ıüze çykıar. Şonuň üçin garyşdyrmanyň tehnologiıasy egirme kärhanalarda örän möhüm bir rol oınaıar.

      Inçelik, reňk we süıümiň uzynlygy ıaly süıüm görkezijileriň arasynda tapawut näçe uly bolsa, şonçada garyşdyrmanyň ähmiıeti artıar. Eger pagta süıüm şireli bolsa, onda ony egirme fabrikada oňat işlär ıaly güıçli garyşdyrmany talap edıär.    –nji suratda dürli garyşdyrma talaplar üçin Truiçhleriň çyzgysy berlen.

      -nji surat. Garyşdyrma talaplary.

 

      Eger önümçilik tizlikler 250 kg sagatdan pes bolsa, hem-de mikroner bahasy 4-den pes bolsa, köp silindrli arassalaıjy maşynyň ıerine bir silindrli arassalaıjy maşyny ulanmak maslahat edilıär.

      Pagtany garyşdyrmak.

      Pagta bu gigroskopik materialdyr. Şonuň üçin ol howanyň atmosfera şertlerine aňsatlyk bilen uıgunlaşıar. Tüıtme-arassalama we garyşdyrma bölümiň içinde howanyň temperaturasy 250 C-dan aşak otnositel çyglylyk 45-60 % RH aralykda bolmalydyr, sebäbi süıümler näçe ıokary çyglylykly bolsa, arassalama oňaıly geçmez, artykmaç gury süıümler bolsa aňsat zaıalanıar. Bu pagtanyň egrijilik ukybyny pese düşürıär.

Pagta bu tebigy süıümdir. Aşakdaky berlen häsiıetler süıümleriň (kipleriň) arasynda gaty üıtgäp biler: mikroner, uzynlyk, berklik, reňk, ıetişiklik. Şularyň arasynda süıümiň mikroneri, reňki, ıetişikligi hem-de ösüş şertleri, boıagy siňdirmek ukybynyň üıtgemegine sebäp bolıar. Şonuň üçin kipleriň ählisini ıetişikligini, reňkini we mikronerini barlamaly hem-de şu aşakdaky talaplary berjaı edip ahyrky çykıan dokma önümiň daşyndaky reňkde bolan üıtgemelerini we çyzyklaryň öňüni almaly.

Kipleriň ıerleşdirilişi:

-         ulanylıan pagta kipleriň mikroner çäkleri ähli partiıanyň (lotynyň) harmanlary üçin birmeňzeş bolmaly;

-         pagta kipleriň ortaça mikroner bahasy lotyň ähli harmanlary üçin birmeňzeş bolmaly;

-         pagta kipleriň reňk çäkleri birmeňzeş bolmaly;

-         pagta reňkiniň ortaça bahalary birmeňzeş;

-         pagta kipleriň ıetişik koeffisiıentiniň çäkleri birmeňzeş;

-         pagta kipleriň ıetişik koeffisiıentiniň ortaça bahasy birmeňzeş;

Bellik: iş ıüzünde hünärmenler ıetişiklik koeffisiıentini kän hasaba alanoklar, çünki mikroneriň hem-de ıetişiginiň bahalary  pagtanyň belli görnüşi üçin biri-birine göni bagly bolıar.

Eger pagta dürli pagta arassalaıjy zawodlardan alynıan bolsa, onda lotyň dowamynda dürli zawodlardan gelıän pagtalaryň göterim paılaryny deň saklajak bolmaly (hat-da birmeňzeş şol bir görnüşli pagta ulanylsa-da).

Bir görnüşli pagtanyň iki sany dürli tapgyrynyň ıüplügini (dürli wagtda gelen pagtadan öndürlen ıüplügi) garyşdyryp ulanmak maslahat berilmeıär. Meselem: eger Daşoguzdan bir partiıa pagta Türkmenbaşy aıynda, beıleki partiıa Nowruzda gelen bolsa, onda şol dürli partiıalardan ıasalan ıüplükleri garyşdyrmaga maslahat berilmeıär. Emma, eger garyşdyrylan halatynda olardan alynan önüm boıamadan soň, reňk üıtgemeleri görkezmese onda garyşdyrma edilip biler.

Käbir hünärmenler el bilen garyşdyrmanyň (iımitlendiriji arkaly) awtomat kip garyşdyrma (Blendomat) garanyňda has ıokary hillidigini pikiri öňe sürıärler. Awtomatik kip tüıdüjiler birwagtda 40-70 sany kipden material alyp bilıärler (maşynyň uzynlygyna we kipleriň ululygyna bagly). Emma bu netijeler gowy bolar, diňe eger-de el bilen garyşdyrma kämil edilse. Ỳalňyş edilse, el bilen garyşdyrma ahyrky çykıan önümiň ala görünmegine ıa-da reňk üıtgemelerine getirip bilıär. Iımitlendiriji maşynda el bilen iımitlendirme gysga aralyklardaky garyşdyrmagyň hiline ıardam edıär, iki sany yzygider ıerleşdirilen garyşdyryjy maşynlar bolsa uzak aralyklardaky garyşdyrma ıardam edıärler. Onuň sebäpleri:

-         süıümleriň bölejikleriniň (çogdamlaryň) ululygy 10 gramdan uly bolmaly däl. Bu materialy tüıtmegiň iň gowy ıolydyr, ıagny onda az neps döredilıär.

-         garyşdyrmadan öň hapalary aıyryp bolıar;

-         çig mal talap edilıän temperatura hem-de çyglylyga (RH %) çenli ıetişip bilıär, sebäbi ol bölümde 24 sagatdan hem köp wagt durıar, haçanda süıüm tüıdülende ol gowy kondisiıa (ıagdaıa) gelıär;

Ỳetmezçilikler:

-         has köp zähmeti talap edıär;

-         has köp ıeri talap edıär;

-         garyşdyrma 100 % deňölçegli bolup bilmeıär. Bu meseläni iki sany goşmaça garyşdyryjy maşyny oturdyp çözmek bolıar;

Eger awtomat kip tüıdüji maşynlar ulanylanda kipleri şu tertipde ıerleşdirmeli.

Goı bäş sany dürli reňkli hem-de dürli mikronerli süıüm garyşdyrylıar. Harmany düzmek üçin 50 sany kip ulanylıar. Kipleri             5-10 sany gruppa (topara) bölüp, her gruppanyň jemi harman garyndysy bilen meňzeş ortaça reňkiniň hem-de mikroneriniň birmeňzeş bolmagyny gazanmaly. Mikroner we reňk bahalaryna görä her kipiň ıagdaıy her gruppa üçin bellenen bolmaly we ol ähli gruppalar üçin birmeňzeş tertipde gaıtalanmaly.

Harman garyndysynda mydamada örän pes mikroner çäkleri ulanmaklygyny maslahat berilıär – mümkin bolsa 6-1,0 aralykda, sebäbi:

-         tüıtme-arassalama we darak bölümlerinde önümçilik görkezijilerini sazlamak aňsat bolıar;

-         çekimiň kemçilikleri azalıar;

-         reňkli matanyň dşky görnüşi has gowylanar, çünki olar boıagy has deňölçegli alarlar;

 

Garyşdyrmada bir pagta görnüşini ulanmak maslahat berilıär (pagtanyň uzynlygynyň, berkliginiň, mikroneriniň, ıetişik koeffisiıentiniň hem-de hapalygynyň talap edilıän nomerli ıüplüge gabat gelmeli şert biler). Eger garyşdyrmada iki görnüş pagtadan köp pagta ulanylsa, onda hökman awtomatik kip tüıdüji ulanylmaly – şeılelikde ahyrky önümiň ala ıa-da üıtgeıän reňkli bolmagyň meselesini çözmek bolıar.

Şu aşakdaky görnüşli pagtany ulanmajak bolmaly:

-         aırylyp bilmeıän hapaly (örän ownuk hapaly) pagta;

-         şireli pagtany (şekerli ıa-da rosaly)

-         pes ıetişikli pagta;

Pagtanyň şireligi iki sany uly sebäpden ıüze çykıar:  ak siňegiň bölüp çykarıan şireleıji maddalary hem-de ösümlikleriň öz tebigy şekeri.

Eger tertipsiz ıaıran şire bilen hapalanan süıüm ulanylsa, ol ıitgilere getirıän önümçilik arakesmelerine getirer.  Şonuň üçin artykmaç şireli pagta göni çäre görmeli, kähalatlarda ony ulanmaga togtatmaly. Pagtanyň şireligini gözegçilik astynda saklamagyň netijeli ıoly, bu şireli hem-de şireli däl pagtany garyşdyrmak. Şireli pagtanyň paıy 25 %-den az bolmaly.

Çyzyk programlama.

Çyzykly programlamany ulanyp, önümleri garyşdyrmak.

Çyzykly programlama bu çäkli serişdeleriň dürli bäsdeş maksatlary üçin amatly paılap ulanmagyň hasaplaıyş usulydyr. Onuň iň meşhur ulanylıan ıeri, bu iş barlag tehnikasy (Operations research). Ol biznesiň, önümçiligiň, marketingiň we maliıe işleriň birnäçe meıdanlarynda ulanylyp durdy.

Serişdeleri dogry paılamagyň meselesine belli bir kesgitlenen maksat mahsusdyr. Meselem: çykdaıjylary iň pes dereje ıetirmek (minimizirlemek) ıa-da girdeıjini ıokarlandyrmak (maksimizirlemek). Şol bir wagtda maliıe, tehnologik, marketing ıa-da başga görnüşli çäklendirmeler bolıar. Çyzyk programlama islendik meseläni çyzyk görnüşinde görkezıär we çözıär, netijede serişdeleri iň amatly (optimal) ıolda ulanmagyň meıilnamasy düzülıär.

Bu usul köp edaralarda we ıolbaşçylarda girdeıjini maksimizirlemek ıa-da çykdaıjylary minimizirlemek üçin ulanylıar. Öňki zamanalar çyzykly programlamagyň meselelerini çözmek örän agyrdy. HHHhhäzirki zamanda birnäçe ıörite programma kompıuterlerde işlenilip taııarlandy. Olaryň arasynda iň giň ıaıran we örän ıönekeı programma mikrosoft excel programmasy. Ony her kim düşünip we ulanyp biler.

Çyzykly programlamany ulanyp egirme fabrikasy üçin önümi garyşdyrmak.

 Goı S1, S2, S3 we S4 bu dört sany pagtadan öndürilıän ıüplük görnüşi (nomeri). T1, T2 we T3 bu pagta bilen poliesteriň garyndysyndan öndürilıän ıüplük görnüşi bolsun.

SX1, SX2, SX3 we SX4 bu dört pagta görnüşi üçin edilıän çykdaıjylar (US$/kg) bolsun. Degişlilikde TX1, TX2 we TX3  garyşykly ıüplük görnüşi üçin edilıän çykdaıjylar bolsun.

Indi çyzykly programmalamanyň modelini guralyň.

Microsoft excel programmasynda SOLVE guraly bar. Ony islendik çyzykly we çyzykly däl deňlemelerde çözmek üçin ulanmak bolıar.

-         täze excel dokumenti açyň;

-         gerekli görkezijileri dolduryň;

-         TOOLS menıusynda Solve saılaň;

-         target öıjügi dolduryň;

-         üıtgedilmeli öıjükleri dolduryň;

-         çäklendirmeleri dolduryň;

-         indi iň soňunda Solve basyň;

Netijeler ekrana çykarlar. Bu örän ıönekeı – şeıledälmi?  

 

başlaıarlar.

 

Barlag soraglary:

1.    Çig malyñ hili haısy howa şetrlerde we enjamlarda barlanıar?

2.    Çig mal saılananda haısy ıagdaılar göz öñünde tutulmaly?

3.    Pagta süıüminiñ hil görkezjileriniñ toparlara bölünişi.

 

 

ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz