Ring maşynlaryň gurluşy we işleýşi

1. Çig malyň häsiỳetnamasy. Uzynlyk.

2. Ştapel diagrammasy.

3. Süỳümiň inçeligi barada düşünje.

4. Süỳümiň berkligi barada düşünje.

 

 

Umumy sapagyň beýany

1. Çig malyñ häsiýetnamasy. Uzynlyk.

Çig Ring egirme köp ýyldar bäri iň giň ulanylýan egirme usuly bolup durdy we ýakyn geljekde hem şeýle bolup galar. Çünki open-end ýaly täze oýlanyp tapylan egirme usullara garanyňda klassik usul hasaplanylýan ring egirme köp artykmaçlyklara eýedir. Olar şulardan ybarat:

·       ring egirme usuly ähli ýerde ulanylyp bilýär, ýagny ol uniwersal, onuñ bilen islendik materialdan islendik nomerli sapagy öndürip bolýar;

·       gurluşy we berkligi boýunça iň amatly häsiýetlere eýe bolan önümi çykarýar;

·       ýönekeý we öwrenmäge aňsat;

·       tehnologiýasy gowy ornaşdyrylan we her kim üçin elýeterli;

Ring maşynyň wezipeleri:

·       çala tow berlen ýüplügi ýagny, fitili talap edilýän inçelige çenli inçeltmek;

·       süýüme tow arkaly berklik bermek;

·       tow berlen önümi, ýagny ýüplügi saklama we daşama amatly bolan şekilde saramak;

 

Egriji maşyn.

Fitil dükjelerden (tegeklerden) 2 çöşlenip, çekim abzala 3 barýar, bu ýerde ol köp esse inçeldilýär (çekim 10-30 aralykda), ýagny fitil ýüplügiň galyňlygyna çenli inçeldilýär. Soň ol halka bilen kopçanyň 7 jübütinden towlanyp geçýär we ikde 6 oturdylan patrona saralýar. Ỳüplügi tutuş patronyň beýikligi boýunça sarar ýaly halkaly planka ýokaryk-aşak gaýtalanýan hereketi edýär. Ỳüplükleriň aşakky gatlary saraldygyça halkaly planka ädim-ädim ýokaryk süýşüp barýar. Ring egriji maşynlaryň çekim abzallary işlenilýän süýümiň uzynlygyna baglylykda gurluşy boýunça tapawutlanýarlar. Çekim abzallary esasan üç görnüşde çykarylýar:

-         40 mm çenli uzynlykly süýümler;

-         60-75 mm aralygynda uzynlykly bolan süýümler;

-         75 mm çenli we ondan ýokary uzynlykly süýümler;

Çekimiň bahasy fitiliň we öndürilýän ýüplügiň galyňlygyna bagly. Meselem: 500 teks fitilden 25 teks ýüplügi almak üçin çekimi 20 deň etmeli (500/25), 10 teks ýüplügi 250 teks fitilden almak üçin çekim 25-e deň bolmaly. Halkalaryň ini we kopçanyň şekili we agramy hem-de çykýan gutynyň, ýagny kopsuň beýikligi we ini çykarylýan ýüplügiňň galyňlygyna bagly, Ỳüplük näçe inçe bolsa, şonçada halkanyň ini kiçi bolýar, kopsuň beýikligi we ini kiçelýär. Inçe ýüplükler üçin 40-44 mm diametrli halkalar ulanylýar, orta galyňlykly üçin – 48-55 mm, has ýogyn ýüplükler üçin – 57-70mm.

 

içelýär.

 

 

Barlag soraglary:

1.    Egirme önümçiliginde süỳümler öz uzynlygyna görä haỳsy iki sany  topara bölünýär?

2.    Ştapel diagrammalar nädip düzülỳär?

3.    Ştapel diagrammalar nähili şekilli bolup bilerler?

4.    Uzynlyk nämä täsir edỳär?

5.    Inçelik nämä täsir edỳär?

Используются технологии uCoz