Tema:

Çala tow beriji maşynyň kömekçi enjamlary.

 

Işiň maksady:

Fitili öndürmek üçin gerek bolan goşmaça enjamlary öwrenmek.

 

İumuş:

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

2.Çig maly saılamak.

3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

 

1. Tegekleri saramak.    

Fitil saralıan tegek (katuşka, dükje, bobin) bu ỳokary we aşaky konus şekilli bolan, galan ỳeri silindrik şekilli bolan gutydyr. Ony emele getirmek üçin parallel sarymlary gatlak-gatlak edip galamyň (bu plastik ỳa-da agaç turba) üstünde ỳerleşdirilmeli. Gutynyň depeleri konus şekilli bolar ỳaly sarama beỳikligi her gatlak saralyp gutarlandan soň, kiçeldilip durmaly.

Tegek bu ring egriji maşyna iỳmitlendirmegiň iň amatly guty görnüşidir. Haçan dolananda tegek öz içine köp material sygdyrỳar, sebäbi ol dykyzdyr. Haçan boşanda ol az ỳer alỳar. Daşamaga we saklamaga amatly bolỳar.

Konusyň burçy 80-950C aralykda bolỳar. Ol materialyň ỳapyşmagyna bagly. Mümkin boldugyça bu burçy köpeltmeli, şonda guta has köp fitil sarap bolỳar. Emma juda uly bolsa gatlaklaryň düşmegi mümkin.

2.  Gözegçi enjamlar.

Fitilli tegekler içinden daşyna tarap emele gelỳärler, ỳagny diametr durnukly ösüp barỳar. Tegegiň her ölçegine baglylykda tegegiň aỳlanma we ỳokaryk – aşak süỳşme tizligi sazlanmaly. Eger ıekeje fitil üzüläıse we çala tow beriji maşyn duruzylmasa bir tegegiň diametri üỳtgemez, emma galan tegekleriň diametrleri ulalmaga dowam ederler. Eger üzülen fitil belli wagt geçenden soň baglanjak bolsa, uly kynçylyk ỳüze çykar. Sebäbi kiçi inli bobiniň aỳlanma tizligi saramanyň täze üỳtgän şertlerine laỳyk gelmez. Şeỳlelikde bu fitil mydama üzülip durar. Şonuň üçin üzülme ỳüze çyksa hemme tegekler duruzylmaly. Onuň üçin awtomatik saklaỳjy enjam gerek bolup durỳar. Gözegçi abzallar lenta üçin we fitil üçin aỳry goỳulỳar. Lentalaryň üzülmesine gözegçilik adatça şöhle bermegi arkaly amala aşyrylỳar. Maşynyň bir tarapynda şöhle çykaryjy, garşy tarapynda bolsa şöhle kabul ediji abzallar (fotoseller) goỳulỳar.

Bu enjam maşynyň arkasynda iỳmitlendiriji çarçuwanyň soňky çykaryjy silindriň we çekim abzalyň arasynda ỳerleşỳär. Eger lenta üzülse ỳa-da gutarsa onuň ujy silindrden gaçyp, şöhläni kesip geçỳär we maşyny saklaỳar. Fitile gözegçilik edỳän saklaỳjy enjam hem köplenç şöhle germew esasynda işleỳär. Bu ỳagdaỳda şöhle flaỳerleriň başjagazlaryň ỳokarsynda geçỳär. Fitil üzülende onuň bir ujy flaỳeriň başjagazyndan pyrlanyp şöhläni kesỳär, şeỳlelikde saklanỳar. Mundan başga sygym (elektrik meỳdan) usulynda işleỳän fitil gözegçi enjamlar bolỳar (PNEUMASTOP, LUWA).

3.  Gezer tämizleỳji.

Çala tow beriji maşynlar diňe köp mukdarda tozany we sütügi döretmän bulary daşyna ỳaỳradỳarlar. Şonuň üçin bu enjamy arassa saklamak üçin köp zähmeti harç etmeli bolỳar. Işgärleriň bu iş ỳüküni azaltmak üçin gezer tämizleỳjiler giňden ulanylỳar. Gezer tämizleỳji ỳa-da ỳöne gezer wentilỳatordan hemde ondan çykyp aşak sallanỳan turbalardan durỳar. Wentilỳator ỳa-da fan maşynyň ỳokarsyndaky relslerde ỳerleşip, yza-öňe hereket edỳär. Wentilỳatordan aşak sallanỳan turbalar ỳere çenli ỳetỳärler. Olaryň howa çykaryjy deşijekleri bar. Bu deşijekler dürli beỳikliklerde ỳerleşip, wentilỳatordan gelỳän güỳçli howa akymyny maşynyň ỳetip bilỳän işçi bölekleriň üstüne üfleỳärler. Tozanlar we sütükler üflenip aỳyrylỳar we aşak gaçỳarlar, soň olary beỳleki sorujy turba arkaly ỳa-da el bilen aỳyrmak bolỳar.   

 

Barlag soraglary:

1.    Çig malyñ hili haısy howa şetrlerde we enjamlarda barlanıar?

2.    Çig mal saılananda haısy ıagdaılar göz öñünde tutulmaly?

3.    Pagta süıüminiñ hil görkezjileriniñ toparlara bölünişi.

 

 

ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz