Tema:

Çala tow beriji maşynyň işçi zolaklary.

 

Işiň maksady:

 

 

İumuş:

1. Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

2.Çig maly saılamak.

3.Süıümleriñ esasy hil görkezjileri.

 

1. Çekim abzaly.

          Dürli çekim enjamlaryň arasynda iň köp ulanylỳanlar, bu üç-dört silindrli we iki apronly çekim abzalydyr. Diňe iki apronly abzallar 20 çenli çekim edilende süỳümleriň hereketini tertipli saklamaga mümkinçilik berỳärler. Adatça üç ỳa-da dört jübüt silindr ulanylỳar. Her jübüt silindr aşakky oỳukly silindrden hem-de ỳokarky basyjy silindrden durỳar. Ỳokarky basyjy silindrler adatça rezin bilen örtülỳär, onuň gatylygy 80-85 (shore ölçeg) aralykda bolỳar. Emma üstünden kapron aỳlanỳan silindrleriň gatylygy takmyn 60 bolmaly. Onuň bilen çekim dowamynda süỳümler has gowy saklanỳar we ugrukdyrylỳar. Iň ỳokary çekim 20-22 deň bolup biler.  Aşakky çekim çägi sintetik süỳümler üçin 6-a deň, pagta üçin 5-e deň. Eger çekim mundan kiçi bolsa, süỳümler juda uly agramly toparlar bilen hereketlenerler. Çekilmä garşylyk juda ỳokary bolar we çekim işi gözegçilik astynda saklamak agyr bolar. Öň çekim takmyn 1,1-1,3 töweregi bolmalydy.

          Apronlar.

          Apronlar ỳa-da remeşoklar bu deriden ỳa-da sintetik rezinden ỳasalan gysga gaỳyşlardyr. Ỳokarky apronlaryň galyňlygy takmyn 1 mm. Olary çekiji abzal çekdirip saklaỳar. Aşakky apronlar has uzyn, olar ugrukdyryjy tagtalaryň üstünden geçỳärler. Apronlar bile işläp süỳümleri ugrukdyrỳarlar we daşaỳarlar. Apronlar çekim işine uly täsir edỳärler. Olar süỳümleri tä çykaryjy çekim silindre çenli ỳetỳänçä tertipli we birsydyrgyn ugrukdyryp durỳarlar. Apronlary mümkin boldugyça öňki jübüt silindrleriň gysyp duran ỳerine golaỳ ỳerleşdirmeli. Süỳümleri apronlar tarapyndan ugrukdyrmagyň uzynlygy süỳümleriň ştapel uzynlygyna görä sazlamaly.

 

          Üç silindrli iki apronly çekim abzaly.

 

 

          . Çekim abzalda süỳümleriň apronlar bilen ugrukdyrylyşy.

 

 

          Ỳokarky silindrlere basyş etmek.

          Ỳokarky silindrler uly güỳç bilen aşakky silindrlere basyp durmaly. Şeỳlelikde süỳümleriň ugrukdyrylyşy üpjün edilỳär. Basyş 100-300 N deň (her silindr üçin), ol çig mala we göwrüme bagly. Basyşyň sazlanylyşy yzygider ỳa-da basgançakly bolup biler. Maşyn öndürijileriň köpüsi ỳokarky silindrlere ỳaỳ (pruin) arkaly basyş berỳärler, ỳöne soňky zamanda howa arkaly basyş hem köp ulanylỳar. Mundan başga magnit bilen agram salynyp biler.

          Kondensor.

          Iỳmitlendirmedäki kondensorlar (dykyzlandyryjylar) ỳa-da lenta turbalar keseligine yza-öňe hereket edỳän tagtada çekim abzalyň yzky silindriň arkasynda oturdylỳar. Bu lentany süỳşüriji enjamdyr. Ol lentalary çekim abzala çenli ugrukdyrmak üçin niỳetlenen. Onuň wezipesi lentalary yza-öňe süỳşürip, silindrleriň örtükleriň deň zaỳalanmagyny üpjün etmekdedir.

          Ikinji kondensor öň çekim zolagynda ỳerleşỳär. Ol hem yza-öňe hereket edỳän tagtada oturdylỳar. Üçünji kondensor esasy çekim zolakda hiç zada berkidilmek ỳagdaỳda ỳerleşỳär, ol hereket edỳän süỳümleriň üstünde ỳatỳar.

Kondensorlaryň wezipesi – bu süỳümleri bile saklamakdyr, sebäbi çekim edilende olar dargap bilıärler.

Süỳümleriň çekimiň dowamynda ỳaỳrap dargamagynyň öňüni almak has kyn, ỳöne süỳümler gözegçilik astynda saklanmasa olar düzgünsizlige sebäp bolarlar. Soň çekim abzaldan çykanda giň ỳaỳrap ỳatan önüm fitiliň tüỳliligine we süỳümleriň tozgalamagyna getirỳär. Çünki eger süỳümler fitiliň içinde gowy birleşdirilmedik halda bolsalar, olar ỳa-da ỳitıärler ỳa-da bir ujy daşyna çykyp önümiň tüỳli bolmagyna getirıärler.

Kondensorlar lentanyň göwrümine görä saılanyp alynmaly. Laỳyk gelỳän kondensor ỳörite jedwelden saỳlanmaly.

Ỳokarky we aşakky apronlaryň arasyny sazlamak.      

          Aşakky apronlar ỳaỳ bilen ỳokarky apronlara gysdyrylyp durỳarlar. Süỳümleriň gysylyş güỳji we netijede süỳümleriň tertipli ugrukdyrylyşy şol basyşa hem-de apronlaryň arasyndaky aralyga bagly bolup durỳar. Basyşyň täsiri güỳçli bolmaly, emma juda uly hem bolmaly däl. Ỳogsam süỳümleri tertipli çekmek mümkin bolmaz. Iň kiçi aralygyny süỳümiň göwrümine görä sazlamaly bolỳar. Şol aralygy iň kiçi derejede edip saklamak üçin arasyny sazlaỳan dürli inli ỳörite bölejikler ỳokarky apronyň we aşakky apronyň süỳüm çykarỳan ỳerinde goỳulỳar. Bu aralygy sazlaỳan böleklere dürli atlar berilỳär. Meselem: prokladka (Rieter) ỳa-da klips (SKF). Laỳyk gelỳän dogry bölegi öndürijileriň beren ỳörite jedwelinden saỳlamaly, emma käbir inçe sazlanyşlary tejribe arkaly kesgitleỳärler.

          Tow berme.   

Flaỳer tow berỳär. Flaỳer her bir aỳlaw edende fitilde bir tow döreỳär. Flaỳeriň aỳlanma tizligi hemişelik saklanan ỳagdaỳda fitiliň towlulygy çykyş tizlige bagly bolỳar.

Bir metrde towlaryň sany=flaỳeriň aỳlaw tizligi (aỳl/min) / çykaryş tizlik.

Fitile köp tow berilse, öndürijilik degişlilikde peseler. Ỳokary tow berlende ring egriji maşynda çekime bagly meseleler ỳüze çykyp bilỳärler. Beỳleki tarapyndan tow pes bolsa, gizlin çekim ỳa-da fitiliň saralan we çöşlenen wagtynda üzülmesi ỳüze çykyp bilıär. Adaty tow derejeler ỳörite diagrammalardan kesgitlenỳär.

Ik. Ik – bu ỳönekeỳ direg we flaỳeri aỳlaỳan işçi bölek bolup hyzmat edỳär, onuň başga hiç ỳerine ỳetirỳän işi ỳokdur. Ik munuň özi uzyn polatdan ıasaln okdyr, onuň aşagy podşipniklerde oturdylan, ortasynda bolsa ỳokaryk-aşak hereket edỳän gutynyň turbasy ỳerleşen. Aỳlanma hereket göni baş waldan gelip, karetkanyň (arabanyň) içinden maşynyň doly uzynlygyna gidỳän waldan hemme iklere geçỳär.

Flaỳer. Flaỳer – fitile tow berỳär we süỳümleri tegege çenli ugrukdyrỳar. Şol ỳagdaỳda süỳümlere diňe çala goraỳjy tow berlen üçin  önüm aňsat üzülip bilỳär. Beỳleki tarapdan flaỳer 1500 aỳl/min çenli tizlik bilen aỳlanyp dur. Şonuň üçin süỳümleri güỳçli howa akymlardan gorap durmaly. Şol maksat üçin häzirki zaman çala tow beriji maşynlarda flaỳeriň şahalaryň biri ỳapyk we içi boş bolỳar. Şonuň içinde süỳümler howa akymlardan goralỳar. Ikinji şaha doly bütewi bolup, içi boş şahany deňagramlaşdyrỳar.    

Flaỳeriň dürli görnüşleri bolỳar. Flaỳeriň şekiline we hereketlendirijisine baglylykda üç topary bar:

-         ikde berkidilen flaỳer;

-         ỳokarda berkidilen flaỳer;

-         ỳapyk flaỳer;

Ikde berkidilen flaỳer iň giň ỳaỳran görnüşidir. Onuň gurluşy we hereketlendirilişi ỳönekeỳ, emma oňa seretmek hem-de awtomatlaşdyrmak kyn. Şonuň üçin soňky zamanalar has köp maşyn ỳokarda berkidilen flaỳerli çykarylỳar. Bu görnüş bilen taỳỳar önümi çykarmak (dofing) işleri ỳeňilleşỳär. Ỳapyk flaỳer diňe Rovematic maşynda (Platt Saco Lowell) ulanylỳar. Onuň artykmaç tarapy ỳokary tizligidir. Öňki zamanalarda flaỳerler polatdan ỳasalỳardy. Häzirki zamanda olar köplenç ỳeňil splawdan ỳasalỳar. Çünki ỳokary tizlikde aỳlanỳan polat flaỳeriň şahalaryny juda gaty giňeldip egreldıärdi. Flaỳerleriň ölçegleri dürli bolỳar, olar saralỳan gutynyň ölçegleri arkaly aňladylỳar. Gutylaryň ölçegleri iki san bilen bellenilỳär: birinji san - beỳiklik we ikinji san – iň uly diametr.

          Basyjy penje.

Polatdan ỳasalan basyjy penje flaỳeriň içi boş şahasynyň aşakky ujuna berkidilen. Penje fitili şahanyň aşakky çykyşyndan guta çenli ugrukdyrıar. Fitil penjäniň daşyndan iki ỳa-da üç gezek aỳlanỳar, näçe köp aỳlansa, şonçada fitiliň çekilişi artar. Çekiliş ỳokary bolanda gaty we dykyz gutyny almak bolỳar. Eger çekiliş juda ỳokary bolsa, gizlin çekim ỳa-da fitiliň üzülmesi ỳüze çykar. Penjäniň daşynda aỳlanmagyň sany materiala we berilỳän towa bagly.

 

Barlag soraglary:

1.    Çig malyñ hili haısy howa şetrlerde we enjamlarda barlanıar?

2.    Çig mal saılananda haısy ıagdaılar göz öñünde tutulmaly?

3.    Pagta süıüminiñ hil görkezjileriniñ toparlara bölünişi.

 

 

ИÑпользуÑÑ‚ÑÑ Ñ‚ĞµÑ…Ğ½Ğ¾Ğ»Ğ¾Ğ³Ğ¸Ğ¸ uCoz