Jer maşynyň wezipeleri

 

1. Jer maşynyň wezipeleri.

2. Hili sazlamak.

3. Paralleleşdirme.

4. Garyşdyrma.

5. Tozany aỳyrmak.

 

 

Umumy sapagyň beýany

1. Jer maşynyň wezipeleri.

Egirme fabrikada edilỳän çykdaỳjylar boýunça Jer maşynyň kän bir uly ähmiỳeti ỳok ỳaly görünỳär - ol adatça ỳüplügiň özüne düşỳän gymmatynyň takmyn 5 % tutỳar. Emma Jer maşynyň hile, aỳratynda düzgünsizlige edỳän täsiri has uludyr. Mundan başga-da, eger Jer maşyn dogry sazlanmasa, ỳüplügiň berkligi we düzgünsizligi ỳaramazlaşýar. Jer maşynyň önümiň deňölçegliligine uly täsir edýändiginiň esasy iki sebäbi bar. Birinjiden, egirme kärhanadaky maşynlarynyň yzygiderliginde Jer maşyn önümde ỳüze çykan kemçiliklerini düzetmegiň soñky nokady bolup durỳar. Jer maşyndan çykỳan önümde, ýagny lentada galan kemçilikler diňe ýöne ỳüplüge geçmeýärler. Indiki gelýän fitil we ring maşynlarda bolup geçỳän çekim işleriň dowamynda bu kemçilikler has güỳçlenỳär. Ỳagny ỳüplügiň hili hiç haçan Jer maşynyň çykarýan lentasynyň hilinden gowy bolup bilmez.

Ikinjiden, Jer maşynyň özünde ỳüze çykỳan kemçilikler umumy prosesse äpet uly täsirini ỳetirỳär. Häzirki zaman ỳokary öndürijilikli Jer maşynlar sagatda 200 kg-dan gowrak lenta çykarmaga ukyplydyrlar. Haçanda kemçilik tapylandan soň, az wagtyñ içinde pes hilli lentanyň uly mukdary öndürilip ỳetişer. Şonuň üçin egirme kärhanalarda indi sazlaỳjy Jer maşynlar giňden ulanylỳar. Egirme fabrikanyň hemme bölümleriniň arasynda Jer maşynlar bölüminiň enjamlaşdyrylyşyna çykdaỳjy etmäge serişdeleri gysganmaly däl. Çekim geçişinde material bir Jer maşyndan geçmän, adatça iki ỳa-da üç yzygider ỳerleşdirilen Jer maşynlardan geçỳär. Prosess talaplary doly ỳetirmek üçin iki ỳa-da ondan köp geçiş gerek bolỳar. Inçe daraỳjy maşyndan soň, ỳene-de bir geçiş Jer maşyn goỳmak artykmaç ỳaly görünip biler, sebäbi ol bu ỳerde hiliň gowylandyrmagyna uly ỳardam etmeỳär. Muňa garamazdan inçe daramadan soň ikinji geçiş Jer maşynlar hökman goỳulỳar. Çünki onuň bilen inçe daralan önümiň seplenỳän ỳerlerini düzedip, önümiň deňölçegliligini gowylandyrmak bolỳar. Beỳleki tarapdan egirme kärhanada rotor egirme usuly boỳunça galyndylar işlenende bir geçiş Jer maşyn hem ỳeterli bolup biler.

 

 

1-nji surat. Unimax (Marzoli Vouk) Jer maşynyñ daşky görnüşi.

 

Jer maşynyň wezipeleri şulardan ybarat:

       hili sazlamak;

       paralleleşdirmek;

       garyşdyrmak;

       tozany aỳyrmak;

 

2. Hili sazlamak.

Önümiň deňölçegliligini gysga, orta we aỳratynda uzak aralyklarda gowylandyrmak, bu Jer maşynyň iň esasy wezipeleriniň biridir. Jer maşyna iỳmitlendirilỳän darak lentalaryň düzgünsizligi örän ỳokarydyr. Olar egirme üçin gowy ỳaramaỳarlar. Inçe daraỳjy maşynlardan çykỳan lentanyň sepleşỳän ỳerlerinde hem kemçilikler köp bolýar, olary düzgünleşdirip ỳapmak gerek. Şu ỳerde bir zady belläp geçmeli: Jer maşynyň işleỳşine baha berlende, diňe lentanyň gysga tolkunly düzgünsizligine seretmeli däl. Mysal üçin: çekim abzalda silindrleriň arasy kiçelende gysga aralyklardaky düzgünsizlik hem gowy kiçelýär, emma şonda ỳüplügiň başga hil görkezijileri ỳaramazlaşýar, aỳratynda berklik peselýär. Soňra lentanyň düzgünsizligi (aỳratynda gysga aralykdaky düzgünsizligi) Jer maşynlaryň birnäçe geçişinden soň düzelỳändigi barada pikir ỳalňyşdyr. Ikinji geçişde düzgünsizlik örän az gowylandyrylỳar; üçünji geçişde bolsa, ol beterleşip bilýär. Şonuň üçin geçişleriň sany we çekim abzalyň aralyklary saỳlananda iň ỳokary sana ymtylman, iň amatly sanyny tapmaly. Düzgünleşdirme işi birinji geçişde mydama goşmak usul arkaly geçirilmeli. Ikinji geçişde goşmaça awtomatlaşdyrylan usulda hil sazlama bilen geçirilip biliner. Çekim we goşma sany köplenç biri-birine deň bolỳar we 6 (gysga süỳümler) ỳa-da 8 (orta we uzyn süỳümler) aralyklarda bolỳar.

Rotor egirmede galyndylar işlenende bu sany 4-e deň edip sazlap bolỳar.

 

 

2 -nji surat. Jer maşynda 8 sany lentanyñ goşmasy we hil gözegçilikden (gyzyl töwerekde) geçmesi.

 

3. Paralleleşdirme.

Ỳüplügiň berkligi gowy bolar ỳaly süỳümler önümiň içinde parallel ỳerleşdirilmeli. Jer maşyn şol wezipäni ỳerine ỳetirỳär. Ol paralleleşdirmäni çekim arkaly ỳerine ỳetirỳär, sebäbi her çekim işinde süỳümler gönelỳär. Çekimiň san bahasy ulanylýan materiala görä sazlanmaly, ỳagny süỳümiň ştapel uzynlygyna, agramyna, tertipli (parallel) ỳerleşmegine, önümiň göwrümine görä.

Göni darakdan soň, çekim uly edilmeli däl (8-den geçmeli däl), ỳöne ondan soň geçişden geçişe ol köpeldilip biliner.

 

4. Garyşdyrma.

Düzgünleşdirmeden daşary Jer maşynda materialy garyşdyryp, onuň birsydyrgynlygyny belli derejede köpeldip bolỳar. Bu ỳol esasan tebigy süỳümler bilen sintetik süỳümleriň garyndylary işlenende peỳdalanylỳar. Jer maşynda garyndynyñ düzümine girýän her aỳry düzüjiniñ garyşdyrylyp ölçenilişi aňsatlyk bilen edilip bilỳär. Onuň üçin Jer maşyna girỳän lentalaryň sanyny sazlap saỳlamaly. Mysal üçin: 67 : 33 garyndy ỳasalanda bir düzüjiden dört sany lenta alynỳar, ikinji düzüjiden bolsa iki sany lenta alynỳar we olar bilelikde Jer maşyna iỳmitlendirilỳär. Elbetde şol lentalaryň nomerleri deň bolmaly.

 

5. Tozany aỳyrmak.

Tozan dokma senagatda önümçilik we işgärler üçin uly problema öwrülip barỳar. Şonuň üçin önümçiligiň her geçişinde mümkin boldugyça iň güýçli derejede, iň köp mukdarda tozany aỳyrjak bolmaly. Emma tozan hemme ỳerde aỳrylyp bilmeỳär, diňe süỳümler biri-birine ỳa-da demire sürtülip gazalanda tozanyň berk ỳapyşýan kiçijik bölejiklerini aỳyrmak mümkinçiligi döreỳär. Bular ỳaly sürtülme darak we Jer maşynda ỳüze çykỳar. Jer maşynda bular ỳaly sürtülme çekim işiniň dowamynda bolup geçỳär. Şonuň üçin Jer maşyn, bu gowy tozan aỳryjy maşyndyr. Häzirki zaman ỳokary öndürijilikli Jer maşynlarda tozany çykarmak üçin gerekli soruş enjamlary oturdylan, olar önüm bilen gelỳän tozanyň 80 % sorup aỳyrỳarlar.

 

 

Barlag soraglary:

 

1.      Egirme fabrikada jer maşynyň tutýan orny we wezipeleri barada aýtmaly.

2.      Jer maşynda hili sazlamak, paralleleşdirmek, garyşdyrmak, tozany aỳyrmak işleriñ häsiýetnamasyny bermeli.

 

 

Используются технологии uCoz