Arassalama barada düşünje

1. Arassalamanyň ähmiýeti we arassalanmaly hapalar we kemçilikler.

2. Arassalamada täsir ediji faktorlar:

3. Arassalamagyň derejesi we arassalama garşylyk.

4. Arassalama netijeligi.

 

 

Trutzschlerin arassalayjy stansiyasy

 

1. Arassalamanyň ähmiýeti we arassalanmaly hapalar we kemçilikler.

Arassalamada süýümlere ýapyşan hapalary bölüp aýyrmaly bolýar. Onuň üçin köp ýagdaýlarda şu işleri ýerine ýetirmeli: materialdan süýümiñ böleklerini tüýdüp almaly we olary batly urmaly ýa-da silkmeli. Köplenç süýümiñ böleklerini gözenekden silkip we sürtüp geçirmeli. Şonda hapalar, tozanlar, özge maddalar we nepsler aýyrylamaly. Arassalama egirmede mydama-da möhüm iş bolup durdy, onuň mundan beýläk hem ähmiýeti ulalar. Çüňki soňky wagtlar materialyň ilkinji işlenip bejerilişi  has gödek bolup geçýär. Mysal üçin, pagta arassalaýjy zawodlarda pagtañ jinler bilen işlenişi gaty ýokary tizlikde we güýçli geçýär. Netijede hapalar-tozgalar köpelýär, süýümiň kemçilikleriniň sany artýar. Beýleki tarapdan täze egirme usullar has gowy arassalanan materialy talap edýärler (Open-end egirme usuly).

 

2. Arassalamada täsir ediji faktorlar:

·       Hapalaýjy bölejikler näçe uly bolsa şonça - da olary aýyrmak aňsat.

·       Her tüýdüji-arassalaýjy maşyn bu bölejikleri mynjyradýar, ownadýar. Şonuň üçin hapalary başyndan köpräk aýyrmaga ymtylmaly.

·       Arassalama işler göni tüýtmeden soň geçirilmeli (mümkin bolsa şol bir maşynda tüýtme we arassalama işler bilelikde edilmeli).

·       Tüýtme derejesi näçe ýokary bolsa şonça-da arassalama derejesi ýokary bolar.

·       Arassalamagyň täsiri (güýji) näçe ýokary bolsa, şonça-da süýümleriň ýitgileri ýokary bolar.

·       Kä-bir ýagdaýlarda tüýtme-arassalama bölüminiñ enjamlarynda arassalamany azaldyp darak maşynlarda arassalama derejesini köpeltmek amatly bolýar.

·       Nirede galyndylary arassalaýan enjamlar oturdylan bolsa şol kärhanalaryň tüýtme-arassalama bölümlerinde galyndylaryň has köp mukdarda çykmagyna rugsat edilýär.

·       Silindrleriñ tizlikleri näçe ýokary bolsa şonça-da arassalama güýçli bolýar, emma süýümler hem has güýçli işlenilende zaýalanyp bilýärler.

·       Material belli bir amatly tizlikden ýokary tizliklerde işlenende hapa kän bir artykmaç aýyrylmaýar, emma süýümler has gaty zaýlanýar, galyndylar köpelýär.

·       Arassalama has kynlaşýar haçan-da hapa süýüm arassa süýüm bilen garyşdyrylanda.

·       Çyg ýagdaýda bolan material gury materialdan tapawutly halynda arassalanýar.

·       Materialyň çykaryş tizligi näçe ýokary bolsa we iýmitlendirilýän watkanyň (pişgäniň) galyňlygy näçe uly bolsa, şonça-da arassalamagyň täsiri gowşaýar.

 

Trutzschlerin arassalayjy enjamynda arassalamany sazlamak

 

 

3. Arassalamagyň derejesi we arassalama garşylyk.

Öňler arassalaýjylyk täsirini diňe takmyn hasaplap bolýardy, häzirki zamanda ol takyk kesgitlenip bilýär we deňeşdirmeler üçin ulanylyp bilýär. Şol maksatlar üçin arassalama indeksi şeýle kesgitlenip biliner:

 

Aindex = (Hiýmit - Hçykyş100% / Hiýmit

 

Bu ýerde          Hiýmit - iýmitlendirilýän materialyň hapalygy %

                      Hçykyş  -  çykýan materialyň hapalygy %

 

Hapalyk ýa-da hapañ düzümi Shirley Analyser, HVI ýa-da AFIS ýaly enjamlaryň kömegi bilen kesgitlenýär.

 

          Arassalama indeksi diňe hapalyga bagly däldir. Hapalaýjy bölejikleriň ululygy we hapanyň süýümlere ýapyşmagyň güýji bu başga bir uly täsir ediji faktorlardyr. Şonuñ üçin arassalama indeksi birmeñzeş hapalanan emma dürli görnüşli süýümler üçin tapawutly bolar. Kä-bir görnüşleri aňsatlyk bilen, kä-birleri bolsa uly kynçylyk bilen arassalanýar. Şeýlelikde materialyñ arassalanmaklyga aňsatlygyny aňlatmak üçin bir täze görkeziji girizildi - arassalama garşylygy.

 

  -nji surat. Maşynlaryñ dürli geçişlerinde arssalama derejesiniñ artyşy. A, tüýtme – arassalama bölümiñ maşynlaryñ [ M1 – M3] arassalama derejesi.  C, Darak maşynlaryñ [ K ] arassalama derejesi. V – çig mal.

 

4. Arassalama netijeligi.

Ylmy barlaglara görä arassalaỳjy maşyndaky hapalary 40 % köp aỳrylanda süỳümleriň ỳitgileri 240 % köpeldi, jemi galyndy 0,6 %-den 1,2 % çenli galdy. Adatça süỳümler tüỳtme-arassalama galyndylaryň  40-60 % tutỳar. Her maşyndan çykỳan galyndylaryň düzümindäki süỳümleriň mukdary beỳleki maşynyňkydan tapawutlanỳar. Şonuň üçin her maşynda bolup geçỳän süỳümleriň ỳitgisini bilmeli.

Ony jemi ỳitgiden %-de aňladyp, arassalama netijeligi ỳaly görkeziji bilen kesgitleỳärler:

 

 

bu ỳerde:

Aj

- galyndynyň jemi, %;

As

- aỳrylỳan peỳdaly süỳümler, %;

 

          Meselem: eger Aj=2,1 % we As=0,65 % bolsa, onda                      C=(2,1-0,65) · 100= 69 %.

Hapalyk derejesiniň arassalanyş derejesine bolan baglylyk diagrammasy aşakdaky   –nji suratda görkezilendir.

 

 

          -nji surat. Arassalyk derejesiniň (a) hapalyk derejesine (b) görä funksiỳasy.

          Diagrammadan görnüşi ỳaly has hapa materialy arassa materialdan aňsat arassalap bolỳar.

 

 

Barlag soraglary:

1. Näme üçin arassalamanyň ähmiýeti ösýär?

2. Arassalamada esasy täsir ediji faktorlary aýdyp geçmeli.

3. Arassalamagyň derejesi nädip kesgitlenýär?

4. Arassalama netijeligi nädip kesgitleỳärler?

 

Используются технологии uCoz