Tüýdüji-arassalaý enjamlar.

1. Tüỳtme-arassalama bölüminde edilỳän esasy işler.

2. Tüỳtme-arassalama bölümiň düzümine girỳän maşynlar.  

 

 

1. Tüỳtme-arassalama bölüminde edilỳän esasy işler.

          Tüỳtmebu birinji edilmeli işdir. Tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar çig maly has kiçi böleklere (çogdamlara) çenli tüỳdỳärler. Olaryň agramy takmyn 0,5 mg çenli kiçelỳär. Darak maşynlarda bolsa material aỳry süỳümlere çenli tüỳdülỳär.

          Tüỳtme-arassalama bölüminde maşynlaryň hatarynda tüỳtme derejesiniň üỳtgemegi aşakdaky    –nji suratda görkezilendir.

 

          1-nji surat. Dürli tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlardan geçenden soň, süỳümleriň tüỳdülişi.

          a – tüỳtme derejesi

          b – maşynlaryň tapgyry

          Suratdan görnüşi ỳaly her goşmaça tüỳtme tapgyry gitdigiçe az peỳdany getirỳär, emma süỳümlere goşmaça agram düşürỳär.

          Arassalama tüỳtme-arassalamada özge maddalaryň hemmesi aỳrylyp bilmeỳär, diňe 40-70 % hapalar we kemçilikler aỳrylyp bilỳär. Netijeler çig mala, maşyna we daşky şertlere bagly. Her tüỳdüji-arassalaỳjy maşynyň arassalaỳjylyk täsirini sazlap ỳokarlandyrmak bolỳar. Emma arassalanyş näçe gowylandyrylsa şonçada köp süỳüm ỳiter, süỳümlere agram salynar.

          Tozan aỳyrmak. Köp dokma maşyn öndürijiler ỳörite tozan aỳryjy enjamlary hödürleỳärler. Emma tozan aỳyrmak aňsat däldir, sebäbi tozan bölejikler çogdamlara doly siňỳärler we sorulanda ỳapyşyp saklanỳarlar. Tozanyň uly bölegi sorujy enjamlarda aỳrylỳar (64 %). Çogdamlar näçe kiçijik bolsa şonçada tozan güỳçli aỳrylar, ỳöne tozan aỳyrma işi belli derejede egirme önümçiliginiň ähli geçişlerinde bolup geçỳär.

          2-nji surat. Dürli işleniliş tapgyrlarda pagtada tozanlaryň galỳan mukdary (%).           A - materialda tozanyň mukdary. B – geçiş. 1 – 5 - tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar. 6 - darak. 7 - jer maşynlar. (a) – filter, (b) – kabul ediji işçi bölek. I - galyndydaky tozan. II - ỳitgi sorulỳan howadaky tozan.

 

          Suratdan görnüşi ýaly tozanyñ ep-esli mukdary darak we jer maşynlarda aýyrylýar.

 

          Garyşdyrma. Ỳüplügiň öndürmekden öň, süỳümleri garyşdyrmak zerurdyr. Garyşdyrma önümçiligiň dürli geçişlerinde bolup geçỳär. Garyşdyrma bolan mümkinçilikleri mydama doly ulanmaga ymtylýarlar. Önümçiligiň başyndaky tapgyrlar garyşdyrma üçin möhümdir, sebäbi  şonda garyndynyñ düzüjileri entek aỳry bolan ýagdaýda, şonuň üçin olary takyk we tertipli ölçäp garyşdyrmak mümkin bolýar.   

          Çig mal kip görnüşinde iỳmitlendirilende süỳümleri her kipden deňölçegli we birwagtda almaga ymtylmaly, kipleri ölçäp ỳerleşdirmeli. Süỳümleri hemme kiplerden birwagtda almak diňe öñden bäri ulanylyp gelýän adaty garyşdyrma hatarynda mümkin bolỳar. Emma häzirki zaman awtomatlaşdyrylan usulda işleýäñ kip tüỳdüjilerde ony etmek bolanok. Şonuň üçin olar ulanylanda harmandaky ỳerleşdirilýän kipdleriñ hersinden alynan süýümiñ bölejikleri ỳörite garyşdyryjy maşynlarda güỳçli garyşdyrmaly bolỳar. Şol ỳerde her aỳry kipden topar-topar yzygiderli gelỳän süỳümler ỳygnalỳar we bilelikde garyşdyrylỳar.

          Darak maşyna materalyň deňölçegli iỳmitlendirilişi.      Tüỳtme-arassalama bölümiň soňky wezipesi çig maly darak maşynlara deňölçegli iỳmitlendirmek bolup durỳar. Öňki zamanlarda bu saỳyjy maşynlardan gelỳän pişgeleri takyk terezide ölçemek arkaly edilỳärdi. Şol zamanyñ darak maşynlaryna material pişge görnüşinde iỳmitlendirilỳärdi.  Häzirki wagtda awtomatlaşdyrylan süỳüm iỳmitlendiriji ýagny bunkerli iỳmitlendiriji enjamlar has giñ ulanylỳar. Başynda bunkerli enjamlary ulanmakda uly meseleler ỳüze çykỳardy, sebäbi olar materialy pişgeli iỳmitlendirmä garañda has deñöçegsiz iỳmitlendirilỳär. Şu gün olar has kämilleşdirildi we oñat işläp bilỳärler.

          Materialy kiplerden iỳmitlendirmek.    Gyradeň bolmadyk süỳümden ỳeterli gyradeň bolan önümi öndürmek üçin köp kiplerden süỳümleri garyşdyryp almagyny talap edỳär. Adatça 20-50 kipden süỳüm alynỳar (pagta egirmede). Sintetik süỳümler üçin  6-12 kip ỳeterlik. 50 kipden kän birwagtda ulanmak kyndyr, sebäbi olar üçin goşmaça ỳer tapmak kyn. Beỳleki tarapdan eger kipler harmanda tertipli we deňölçegli ỳerleşdirilse garyndynyň durnuklylygy gowylanyar. Tutuş harman boỳunça uzynlyk, inçelik we berklik ỳaly hil görkezijileriň ortaça bahalary deňräk bolar ỳaly kipler hasaplanylyp, belli tertipde saỳlanylỳar we harmanda ỳerleşdirilỳär. Bu işi takyk geçirmek üçin her kipiň hilini bilmek gerek. Spinlab hususy kärhanasy şolar ỳaly deňölçegli garyndylary düzmek üçin ỳörite kompỳuter programmasyny hödürleỳär.

          Çig maly howa şertlere uỳgunlaşdyrmak (aklimatizasiỳa).

          Tüỳtme-arassalama bölüminde howa 220C-dan ỳokary bolmaly, howanyň çyglylygy bolsa 50 % töweregi bolmaly. Howa çygly bolanda arassalama gowy geçmeỳär. Howa juda gurak bolanda süỳümler zaỳalanỳar. Emma şu ỳerde esasy täsir edỳän zat, bu howanyň şertleri däl-de, süỳümiň ỳagdaỳydyr. Süỳüm öz häsiỳetlerini howa şertlere görä üỳtgedỳär. Süỳüm howanyň şertlerine görä uỳgunlaşar ỳaly belli wagt gerek. Eger tebigy süỳüm ỳa-da has beter sintetik süỳüm daşarda saklanỳan sowuk ỳerinden (ammardan) göni önümçilige girizilse uly meseleler ỳüze çykyp bilýär. Şonuň üçin işlenmekden öň, material (kipler) ilki açyk ỳagdaỳda tüỳtme-arassalama bölümiň içinde azyndan 24 sagatlap, has gowusy 48 sagatlap saklanmaly. Sintetik süỳümlerden durỳan kipleri açylman 24 sagat artyk saklanmaly (pagta görä).

          2. Tüỳtme-arassalama bölümiň düzümine girỳän maşynlar.  

          Tüỳdüji-arassalaỳjy maşynlar dürli işleri ỳerine ỳetirỳärler. Şonuň üçin olaryň gurluşy we işleỳşi dürli bolỳar. Umumy bäş toparlara bölüp bolar:

·       tüỳdüji maşynlar (meselem: awtomatik kip tüỳdüji);

·       garyşdyryjy maşynlar;

·       arassalaỳjy maşynlar;

·       tozan aỳryjy enjamlar;

·       galyndylary gaỳtadan işleỳän maşynlar;

Öz wezipelerini talaba laỳyk ỳerine ỳetirmek üçin bu maşynlar tüỳdüji-arassalaỳjy hatarda takyk öz laỳyk gelỳän ỳerlerde ỳerleşdirilmeli. Häzirki zaman doly tüỳdüji-arassalaỳjy hatarda (agregatda) 6 sany aỳry işçi zolak bolỳar:

·       tüỳtme,

·       öňki arassalama (gödek arassalama),

·       garyşdyrma,

·       inçe arassalama,

·       güỳçli arassalama we tüỳtme,

·       darak maşynlara iỳmitlendirme. 

  Ulanylýan çig mala, ahyrhky önüme, kuwwatlyga we başga görkezjilere baglylykda tüýtme-arassalama bölümde dürli görnüşli we sanly enjamlar hem-de işçi zolaklar ulanylyp bilýär.

 

Barlag soraglary:

1. Tüỳtme-arassalama bölüminde haýsy işler we näme üçin edilỳär?

2. Tüỳtme-arassalama bölümiň düzümine haýsy maşynlar we işçi zolaklar girip bilýär?.  

 

Используются технологии uCoz